Aleksandr Sergeýewiç Puşkin – türkmen dilinde

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin

(1799-1837)

A. S. Puşkin diňe bir öz zamanynyň beýik şahyry bolman,

eýsem ol ähli halklaryň we hemme döwürleriň beýik şahyrydyr.

W. G. Belinskiý

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin – beýik söz ussady, azatlyk aýdymçysy, rus we dünýä edebiýatynyň tanymal wekili, rus realistik edebiýatynyň kerwenbaşysy, genial rus şahyry.

A. S. Puşkiniň ömri we döredijiligi.

Şahyryň ýaşlygy

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin 1799-njy ýylyň 6-njy iýunynda Moskwa şä-herinde dworýan maşgalasynda dogulýar. Onuň kakasy Sergeý Lwowiç Puşkin baý dworýan eken. A. S. Puşkiniň ata-enesi aristokratik ýaşaýyş bilen meşgul bolan-dyklary üçin, ýaş çaganyň terbiýelenmegine üns bermändirler. Ony terbiýelemekde krepostnoý aýal Arina Rodionownanyň hyzmaty örän uludyr. Puşkin öz enekesini örän gowy görüpdir. Arina Rodionowna oňa ruslaryň her hili ertekilerini, aýdym-laiyny aýdyp berýän eken. Şeýlelikde, Puşkin ýaşlygyndan halk poeziýasyny söýýär, ol fransuz dilini örän gowy öwrenýär. Kakasynyň kitaphanasyndaky kitaplar bilen gyzygyp, olary irginsizlik bilen okaýar.

Liseýde

A. S. Puşkin 1811-nji ýylyň tomsunda Sarskoýe Seloda (häzirki Puşkin şäheri) dworýanlaiyň çagalary üçin açylan liseýe okuwa girýär. Liseý mugallymlary Puşkiniň zehinliligini we onuň poeziýa aýratyn höweslenýändigini aňlaýarlar. Ýaş Puşkin tiz wagtda liseýde okaýanlaryň arasynda özüni tanadýar. Kružoklara işeňňir gatnaşýar, şygyrlar düzmek bilen meşgullanýar. Liseýde onuň ýakyn dostlary, soň dekabrist bo-lan Puşşin we şahyrlar: Delwig, Kýuhelbeker dagy hem okaýar ekenler.

A. S. Puşkiniň ilki şygyrlary liseýiň diwar gazet-žumallarynda çykýar. 1814–nji ýylda “Westnik Ýewropy” atly žumalda Puşkiniň “Şahyr dostum” diýen ilkinji goşgusy çap edilýär.

1815-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda liseýde kursdan kursa geçiriş ekzameni bolýar. Şol ekzamende beýik ms şahyry Deržawiniň ýanynda Puşkin özüniň “Sars-koe Seloda geçenleri ýatlama” diýen şygryny okaýar. Gartaşan Deržawin şonda “Ine, Deržawiniň ýerini tutjak adam” diýip aýdýar.

1817-nji ýylda Puşkin liseýi gutarýar. Puşkiniň liseýde okan döwründäki po-eziýasy onuň ýaşlyk poeziýasydyr. Olarda söýgi, dostluk, rewolýusion duýgular çeper ýaňlanýar.

Peterburgda

A. S. Puşkin liseýi gutaryp, daşary işler kollegiýasyna işe girýär. Şol edara-da şahyr Griboýedow hem işleýär. Puşkin döredijilik işine aýratyn üns berýär. 01 liseýde okaýan wagty başlan “Ruslan we Lýudmila” poemasynyň üstünde tutanýer-lilik bilen işläp, 1820-nji ýylyň martynda ony çapa berýär.

“Ruslan we Lýudmila” poemasynyň çap bolup çykmagy mynasybetli ms şahyry Žukowskiý öz suratyny Puşkine ýadygärlik berýär we onuň aşagyna “Ý eňlen halypa özüniň ýeňen şägirdine bagyşlaýar” diýip ýazýar.

Puşkin Peterburgda bolan wagtlarynda onuň “Erkinlik” (1817), “Çaadaýewe” (1818), “Oba” (1819) ýaly syýasy şygyrlary has güýçli ýaňlanypdyr. Puşkiniň

döredijiligi halk durmuşyna has ýakynlaşýar we onuň perosy göreş ýarägyna öwrül-ýär. Aleksandr I Puşkiniň rewolýusion hereketlerini duýýar we polisiýa gözegçilig-ine tabşyrýar.

Günortada

A. S. Puşkin 1820-nji ýylyň 6-njy maýynda Peterburgdan günorta tarapa -Ýekaterinoslawa, soňra Kişinýowa sürgün edilýär. Puşkin günortada sürgünlikde dört ýyl ýaşaýar. Puşkin bu ýerde tanyş adamlaryna duşýar we onuň rewolýusion pikirleri ýene-de güýçlenip başlaýar. Kişinýowda bolan wagtynda Puşkin filoso-fiýa, taryh, syýasat boýunça köp kitaplar okaýar. Puşkin şol wagtyň öňdebaiyjy adamlary-dekabristler P. I. Pestel, M. F. Orlow, W. L. Dawydow we ofiser W. F. Ra-ýewskiý bilen ýakyndan tanyşýar.

1821-nji ýylda Puşkin häkimiýeti güýç bilen agdarmak hakynda “Hanjar” diýen syýasy şygryny düzýär.

Puşkiniň günortada bolan döwründe döredijiligi, esasan, söýgi, dostluk, filo-sofik temada bolýar. 1821-nji ýylda ol “Kawkaz ýesiri”, 1823-nji ýylda “Bakjasaraý fontany”, 1824-nji ýylda bolsa “Syganlar” poemasyny ýazýar.

Puşkin 1823-nji ýylyň maýynda XIX asyr Russiýa durmuşyny görkezýän dünýä edebiýatynda ilkinji realistik eser bolan “Ýewgeniý Onegin” romanyny ýazmaga girişýar.

A. S. Puşkin dostlarynyň kömegi bilen 1823-nji ýylyň iýulynda Odessa geçýär. 01 ýerde Noworossiýsk ülkesiniň general-gubematory graf M. S. Woronsowyň kanselýariýasynda işleýär. Puşkiniň ýaşamagy kynlaşýar. Aleksandr I Puşkini gul-lukdan boşadyp, 1824-nji ýylda Pskow gubemiýasynyň Mihaýlowskoýe diýen obasyna sürgün edipdir.

Mihaýlowskoe obasynda

A. S. Puşkin 1824-nji ýylyň 30-njy iýulynda Odessadan gaýdyp, şol ýylyň 9-njy awgustynda Mihaýlowskoýe obasyna gelýär. Şol ýerde iki ýyl ýaşaýar. Şu döwürde onuň döredijiligi hasam ösýär, ol zähmetkeş halka has ýakynlaşýar, olaryň ýagdaýyny, durmuşyny örän gowy öwrenýär.

1825-nji ýylyň ýanwarynda Mihaýlowskoýe obasyna dekabrist Puşşin gelýär. 01 öz ýany bilen syýasy, edebi kitaplary we Griboýedowyň “Akyl zerarly hasrat” eseriniň golýazmasyny getirýär. Puşkin bu eseri okap, oňa ýokary baha berýär.

A. S. Puşkin Russiýanyň taryhyny öwrenmäge başlaýar. 01 daýhan gozgalaňlary, olaryň serdarlary Pugaçýow we Stepan Razin hakyndaky materiallary toplaýar. 1825-nji ýylda özüniň “Boris Godunow” atly tragediýasyny ýazýar.

Puşkin Mihaýlowskoýe obasynda bolan wagty “Ýewgeniý Onegin” romanynyň hem bimäçe baplaryny ýazýar.

Puşkin özüniň sürgünlikden boşadylmagyna garaşýar. Täze patyşa Nikolaý I Puşkin hakynda belli netijä gelip bilmeýär. Nikolaý I Puşkiniň yzyndan Boşnýak atly tejribeli içalysyny iberip, onuň gürrüňlerini, özüni alyp barşyny barladýar. 1826-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Nikolaý I buýrugy boýunça Puşkin Moskwa çagyrylýar. 01 patyşanyň öňünde özüni örän batyrgaý tutýar. Patyşanyň: “Eger sen 14-nji dekabrda Peterburgda bolan bolsaň, nirede bolardyň?” diýen soragyna: “Gozgalaňçylaryň hatarynda bolardym” diýip jogap berýär. Nikolaý I Puşkiniň beýik talantyndan peýdalanmak maksady bilen ikiýüzlülik edip, ony sürgünden ha-las edýär.

A. S. Puşkin 1827—1828-nji ýyllarda “Ýewgeniý Onegin” romanynyň VII babyny, Pýotr I we onuň ýurduň medeniýetini ýokary götermekdäki hyzmatlary hakynda “Beýik Pýotruň araby” diýen powestini, 1828-nji ýylda “Poltawa” po-emasyny, 1833-nji ýylda “Mis atly” poemasyny we bimäçe şygyrlaryny ýazýar. Puşkiniň “Mis atly” poemasyna beýik tankytçy Belinskiý ýokary baha bermek bilen şeýle ýazypdyr: “Ägirt uly eser… bu ýerde nämä artyk haýran galjagyňy bilip bol-maýar: beýanynyň ägirt ululygynamy ýa onuň prozaik diýen ýaly ýönekeýliginemi, ikisi bilelikde örän beýik poema ýetýär”.

Puşkin jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň şol bulaşyk wagtynda “Şahyr” (1827), “Şahyra” (1827), “Güýz” (1833), “Ýadygärlik” (1836) diýen şygyrlaryny ýazýar. Täze patyşa hem şahyra döredijilik erkinligini bermeýär. Puşkiniň ähli eserlerini ilki Nikolaý I gözden geçirýär, olar diňe şondan soň neşir edilýär. Puşkin 1829-njy ýylda Kawkaza gidýär we rewolýusion dostlary, sürgün edilen dekabristler bilen duşuşýar. Şol wagtlar Russiýa bilen Türkiýe arasynda umş gidýärdi. 01 uruşýan goşun bilen Arzruma çenli gidýär we syýahaty hakynda “Arzruma syýahat” diýen eserini ýazýar.

Puşkin Peterburga gaýdyp gelenden soň, Nikolaý I oňa Kawkaza rugsatsyz kgidendigi üçin berk käýinç berýär.

Boldino güýzi

A. S. Puşkin 1830-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Boldinodaky mülklerine gelenden soň, köp wagt geçmänkä, Moskwa bilen aralykdaky ýolda mergi keseli döräp, aragatnaşyk kesilýär. Şol ýylyň güýzüni Puşkin Boldinoda geçirmeli bolýar. Boldinony Puşkin örän gowy görýär. 01 öz dosty Pletnýowa: “Gadyrly gardaş, bu ýeriň obasy biçak gözel ýer ekeni. Göz öňüne getirip bir gör, haýsy ýaňa seretseň, tükeniksiz sähralyk, goňşy diýeniň ýekejesi-de ýok, at münüp gezmek keýpinden çykýarsyň, öýde oturyp, göwnüň isledigiçe ýazybermeli… Şoňa görä men saňa kyssadan-da, şygyrdan-da her dürli zatlar häzirläp bersem gerek” diýip ýazýar. Bu obada bolan güýzünde Puşkin döredijilik işini has güýçlendirýär. Bu ýerde bolan döwrüne hem ol “Boldino güýzi” diýip at berýär. Şol güýz Puşkiniň döredijilik güýjüniň has ösen wagty bolupdyr. Boldinoda bolan güýzünde ol iň uly eseri bolan “Ýewgeniý Onegin” romanyny ýazyp gutarýar.

Peterburg döwri

Puşkin N. N. Gonçarowa öýienenden soft, tiz wagtdan Moskwadan Peterburga göçýär. 01 daşary işler kollegiýasynda gulluga girýär. Şahyr ömrüniň soňky ýyl-laryny “Peterburg döwri” diýip hasaplaýar.

Puşkinift döredijilik işinift ösmegine onuň maşgala durmuşy mümkinçilik ber-meýär. Onuft patyşa bilen aragatnaşygy erbetleşýär. Durmuşyň has kän çykdajysy sebäpli Puşkiniň maddy ýagdaýy hem ýaramazlaşýar. Onuň maşgalasy: iki ogly (Aleksandr, Grigoriý) we iki gyzy (Mariýa, Natalýa) bar ekeni.

1833-nji ýylda Puşkin Pugaçýowyft döwri hakynda material toplamak mak-sady bilen dört aýlyk otpuska alýar. Ol Kazana, Simbirskä, Orenburga, Uralskä we Berdi stansiýasyna syýahat etmek bilen özüne gerekli materiallary toplaýar. Softra Boldino gelip ýekelikde bir ýarym aý içinde “Balykçy we balyjak hakynda erteki”, “Patyşanyft öli gyzy hakynda erteki”, “Gara hal gyz”, “Pugaçýowyň taryhy” diýen eserlerini ýazyp gutarýar.

Puşkin Pugaçýowyň gozgalaňy, umuman, krepostnoý daýhanlaryň hereketleri barasynda “Dubrowskiý” (1833) “Kapitan gyzy” (1836) diýen powestlerini ýaz-ýar.

1836-njy ýylda A. S. Puşkin “Sowremennik” diýen edebi žumal çykarmaklyga girişýär we rugsat alýar. Žumalyft işine Gogoly, Wýazemskini we M. F. Odoýews-kini çekýär. Ol beýik tankytçy Belinskini hem žumalyft işine çekmek isläpdir.

Puşkiniň maşgala durmuşy has erbetleşýär. Onuň aýalyna atylan töhmetler, myjabatlar köpelýär. Nikolaý I fransuz emirgranty Dantesi Puşkiniift üstüne küş-gürýär.

Duel we ölümi

A. S. Puşkin bilen Dantesiň arasyndaky duel 1837-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Peterburgyň etegindäki Çýomaýa Reçkada bolýar. Puşkiniň sekundanty onuň liseý ýoldaşy Danzas bolup, Dantesiň sekundanty bolsa fransuz ilçihanasynyň çinownigi d’Arşiak ekeni. Dueliň şerti agyr bolupdyr. 10 metr aralykdan atyşmaly, eger-de ilki atyşyk netijesiz bolsa, duel dowam etdirilmeli ekeni.

Iki tarap hem bellenilen ýerde durýar. Ilki Dantes atýar. Puşkin gamyndan agyr ýaralanyp, garyň üstüne ýykylýar we bar güýjüni toplap, garyň üstünde ýatan ýe-rinden çep tirseginiň üstüne galyp, Dantesi atýar. Emma Dantes ýeňil ýaralanýar. Köp gany akyp, ysgyndan gaçan Puşkini öýüne getirýärler. Puşkiniň hal-ýagdaýy gitdigiçe agyrlaşýar we 1837-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda (täze ýyl hasabyndan 10-njy fewralynda) gündiz 2 sagat 45 minutda onuň ýüregi urmasyny hemişelik goýýar.

Halk erkinliginift arkadaýanjy bolan Puşkiniň ölümi bütin halky gaýga batyrýar. Puşkiniň meýdi salnan tabyt’ Mihaýlowskoýe obasyna äkidilip, Swýatogorsk monastyrynyft gonamçylygyndä, ejesiniň mazarynyň golaýynda jaýlanýar.

Talantiy şahyr Puşkiniň ölümine, bütin zähmetkeş halkyň ajy aýralygyna bagyşlap, M. Ý. Lermontow “Şahyryň ölümi” (1837) diýen şygryny döredýär.

“Ýewgeniý Onegin” romany

A. S. Puşkin “Ýewgeniý Onegin” romanyny 1823—1831-nji ýyllarda ýazyp-dyr. Bu eser rus edebiýatynyň taryhynda ilkinji gezek goşgy bilen ýazylan iň uly hem realistik romandyr. Beýik rus tankytçysy Belinskiý bu roman barada ilkinji seslenip, şeýle ýazypdyr: “Ýewgeniý Onegin” romany özüniň şygyr bilen ýazylan-dygyna garamazdan, häzirki zaman hakyky ýaşaýşyň diňe bütin poeziýasyny däl, hatda bütin prozasyny-da öz içine alýan poemadyr”. —

Puşkin “Ýewgeniý Onegin” romanynda akýürekli adamlaryň talantlaryna, çuňňur duýgularyna zyýan ýetirýän dworýan jemgyýetiniň bihepbe adamlaryny berk tankytlapdyr.

A. S. Puşkiniň “rus ýaşaýşynyň ensiklopediýasy” bolan “Ýewgeniý Onegin” romany, hakykatdan hem, şol jemgyýetiň dürli gatlak wekilleriniň ýagdaýlaryny, ahlaklaryny, filosofiýasyny, krepostnoý daýhanlar bilen pomeşikleriň arasyndaky garşylyklary aýdyň görkezip bilipdir.

“Ýewgeniý Onegin” romanynda rus edebiýatynyň janly kartinasy çekilipdir. Watançy Puşkin bu eseriň üsti bilen özüniň rus tebigatyny gowy bilýändigini ýene bir gezek görkezip bilipdir. Puşkiniň “Ýewgeniý Onegin” romany hakyky taryhy realistik romandyr.

“Ýewgeniý Onegin” romanyndaky esasy wakalara gatnaşýan baş gahryman-lar: Ýewgeniý Onegin, Tatýana we Wladimir Lenskidir.

A. S. Puşkiniň döredijiliginiň ähmiýeti

A. S. Puşkin beýik rus milli şahyry bolupdyr. Bu barada belli rus ýazyjysy N. W. Gogol şeýle ýazypdyr: “Puşkiniň ady tutulan bada, rus milli şahyry diýen pikir peýda bolýar. Hakykatdan-da, biziň şahyrlarymyzyň hiç biri şondan ýokary durmaýar we milli şahyr diýen ada hiç kim şondan artyk dahylly däldir, bu ada diňe Puşkiniň hukugy bardyr. Biziň dilimiziň bütin baýlygy, güýji we çeperçiligi onda edil sözlükde jemlenen ýaly jemlenipdir… Puşkin adatdan daşary hadysadyr, belki–de, rus ruhunyň ýalňyz hadysasydyr, onuň özi rus adamynyň, belki, ýene iki ýüz ýyldan ýetjek derejesindäki adamdyr. Puşkinde rus tebigaty, rus ýüregi, rus dili, rus häsiýeti şeýle arassa, şeýle tämiz gözellikde.. .şekillendirildi. Onuň ýaşaýşynyň özi bütinleý rus ýaşaýşydyr” (M.E.Gogol, “Edebiýat hakynda”, -M., 1952, s.40).

Puşkiniň döredijiliginde diňe öz zamanasyndaky rus hakykaty görkezilmek bilen çäklenilmän, eýsem beýleki halklaryň, ýurtlaryň durmuşlary hem ynançly berilýär.

A. S. Puşkin rus edebiýatyna köp täzelik girizýär. 0l rus edebiýatynyň taryhynda ilkinji gezek şygyr bilen realistik roman ýazmaklygyň nusgasyny görkezýär. 0l halk

durmuşyny, häsiýetini realistik görkezýän drama, poema, powest döredýär. Puşkiniň Iirikasy öziiniň ýokary çeperçiligi bilen bütin adamzady haýran galdyrýar.

Beýik söz ussady A. S. Puşkin çuňňur ideýaly döredijiligi bilen köp şahyr-. ýazyjylara halypa boldy. Onuň ajayyp mirasyndan müňlerçe şahyrlar ylham aldy-lar. Gogol we Lermontow ýaly gömükli şahyrlar özlerini Puşkiniň şägirdi hasap-ladylar. Gogol ýoldaşlaryna: “Men özümiň gowy zatlarymyň hemmesi üçin şoňa (Puşkine) minnetdardyryn” diýýär ekeni. Beýleki rus klassyk ýazyjylaryndan Turgenew, Nekrasow, Gonçarow, A. N. Ostrowskiý, L. Tolstoý, Çehow, türkmen şahyrlary Rehmet Seýidow, Gara Seýitliýew, Aman Kekilow we başgalar Puşkiniň ylhamynyň oňaýly täsirini aldylar.

Puşkin dünýä edebiýatynda hem tanalýan şahyrdyr. Onuň eserleri özi bar döw-ründe daşary ýurt dillerine terjime edilipdir. Adamzadyň beýik genileri A. S. Puş-kiniň eserlerini okap, oňa ýokary baha beripdirler.

Özi ölse-de, ömürboýy ýaşajakdygyny A. S. Puşkin ölmeziniň öňüsyrasynda düzen “Yadygärlik” diýen şygrynda aýdypdyr:

“Yok, men ölmen, büs-bütin janym şygrymda ýaşar,

Uçar ýörer, heň bilen, göwräm ýere siňse-de.

Bu giň, ýagty jahanda ýaşasa täk bir şahyr,

Artar meniň şöhratym, owazym meň diňse-de”.

Häzir A. S. Puşkiniň ady öz hakyky mertebesine göterildi. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzda uludan-kiçä Puşkiniň adyny bilmeýän, eserlerini söýmeýän adam ýokdur. Beýik halk şahyrynyň eserleri ýüz-müňlerçe tiraž bilen yz-ly-yzyna çap edilýär. A. S. Puşkiniň çeper eserleri dünýä halklarynyň ýüzlerçesiniň diline teijime edilýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň köp şäherlerinde we obalarynda kino-teatrlaryň, köçeleriň, baglaryň, kitaphanalaryň ençemesine onuň ady dakyldy. Türk-men halylarynyň ýüzüne şahyryň suraty çitildi. Onuň eserleri oba meýdanlarynda-da, gojaman Kaspiniň gujagynda-da, institutlaryň auditoriýa-larynda-da, Garagum çölünde-de, teatrlaryň sahnalarynda-da türkmen dilinde.ýaňlanýar.

Ähli halk, bütin dünýäniň parahatçylyk söýüji progressiw adamzady A. S. Puş-kiniň doglan gününi her ýyl dabara bilen belläp geçýär.

 

Lew Tolstoý

 

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *