Alyşir Nowaýy – (1441- 1501)

Alyşir Nowaýy – (1441- 1501)

Alyşir Nowaýy

(1441-1501)

Türkmen edebiýatynyň hem taiyhy, hem edebi geçmişi Orta Aziýa, aýratyn-da, Nowaýy bilen baglany-şyklydyr.

M. Kösäýew

Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylyň fewral aýynyň 9-na Geratda eneden doguldy. Onuň hossarlary Gerat şäheriniň geljekki häkimi Soltan Hüseýiniň ata-enesi bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Şonuň üçin hem ol oglanjyklar «Alyşir hem Hüseýin» ýygy-ýygydan duşuşypdyrlar, şol bir mugallymlarda hem okapdyrlar. Soltan Hüseýiniň maşgalasy özüniň aristokratik gelip çykyşyna garamazdan, Ge-ratda ýekebara adamlaryň ýagdaýynda ýaşapdyr. Şeýle bolansoň, olar bilen hemişe aragatnaşyk saklap durmak has aňsatlaşypdyr.

Alyşir mekdebe gatnap başlamanka Geratyň häkimi Şahruh ölüpdir we şondan soň, teýmuridleriň arasynda häkimlik ugrunda göreş başlanypdyr. Şonuň üçin hem Geratyň ilatynyň birentegi mähriban şäherini wagtlaýyn terk etmek barada karara gelipdir. Olaryň arasynda Alyşiriň kakasy Gyýaseddin hem maşgalasy bilen bar eken. Olar günbatara tarap ýola düşüpdirler, şol wagt Timuryň meşhur taryhçysy Şarafaddin Ali Ýazdiniň ýaşan Taft şäheriniň üsti bilen geçip gidipdirler.

Alyşiriň maşgalasynyň sergezdançylygy üç ýyl dowam edipdir. 1452-nji ýylyň awgust aýynda Abul-Kasym Babur Geraty eline alypdyr, düzgün-tertip dikeldilip-dir. Şondan soň dolanyp gelmek barada oýlanar ýaly ýagdaý döräpdir. Gyýaseddin Babura gulluga durupdyr we Sebzewar şäheriniň häkimligine bellenipdir. Megerem, Alyşir kakasy bilen Sebzewara gitmän, Geratda galyp, okuwyny dowam eden bol-maly. 1456-njy ýyla çenli, ýagny heniz on bäş ýaşy hem dolmanka, onuň iki dilde – pars we gadymy özbek dilinde goşgy ýazýan şahyr hökmünde özüni tanadanlygy bel-lidir.

Alyşiriň ýaşlygy

Картинки по запросу алишер навои molodost

Soltan Hüseýin Abu-Saidiň tussaglygyndan gaýdyp gelip, ýene-de Abul-Ka-sym Baburyň gullugyna duranda, Alyşir hem onda gulluk etmäge başlapdyr. Alyşir şol wagt on bäş ýaş töwereklerindäki ýetginjekdi. 1456-njy ýylyň oktýabr aýynda Babur Geratdan Meşhede ugraýar. Soltan Hüseýin we Alyşir hem onuň bilen bile gidýär. Abul-Kasym Babur 1457-nji ýylyň täze ýyl güni Meşhetde aradan çykýar.

Şondan soň Soltan Hüseýin şol bada Merwe ugraýar. Alyşir bolsa Meşhetde galyp, medreseleriň birinde bilim almaga çynlakaý girişýär.

1469-njy ýylda Geratda Soltan Hüseýiniň tagta çykandygy barada Samarkan-da habar ýetipdir. Nowaýy şol wagt Samarkantdaky Şerdar medresesinde okaýan eken. Soltan Hüseýiniň Geratyň häkimi bolandygyny eşidip, Alyşir howlukmaçlyk bilen Gerata ýola düşüpdir.

Alyşiriň ozalky mekdep dostunyň özüni mähirli kabul etjekdigine arkaýyn bo-landygy düşnükli zatdyr. 1469-njy ýylyň baharynda Soltan Hüseýin köşgünde uly kabul edişlik guraýar. Nowaýy şonda goşgy okaýar we ol möhürdar diýen köşk wezipesini alýar.

Nowaýynyň şygryýetine sarpa goýýanlar goşgularyň köpüsiniň Samarkantda ýazylanlygyny belläp geçýärler. 1469-njy ýyldan 1482-nji ýyllar aralygynda Alyşir özüniň ilkinji goşgular ýygyndysyny düzüpdir.

Nowaýynyň köşkdäkileriň arasyndaky ýagdaýy, esasan hem, öz eýelän gulluk wezipesine däl-de, eýsem onuň Soltana ýakynlygyna bagly bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Nowaýy ömründe hiç haçan ýokary döwlet wezipesine ymtylman, gaýtam wezipeden boýun gaçyryp başlapdyr. Emma Soltan Hüseýin döwlet wezipesiniň Nowaýa nähili ähmiýetiniň boljakdygyna oňat düşünipdir we şonuň üçin hem ony ýekebara adam ýaly edip goýmajak bolupdyr. 1472-nji ýylda Nowaýa «Emir» diýen hormatly at berilýär we ol döwlet resminamalaryna beýleki begleriň hem-de emirleriň ählisinden ýokarda gol çekmäge hukuk berlen wezir bolýar.

«Hamsanyň» döredilişi

Nowaýy 1482-nji ýyldan başlap özüniň döwlet işini bimeme gowşadypdyr, sebäbi onuň uly şahyrana eserlerini, bäş poemany öz içine alýan «Hamsany» döre-den döwri şol ýyllara gabat gelýär. Oňa elli iki müň setirden gowrak goşgy girizi-lipdir. Munuň özi onuň talantynyň tüýs kämilleşen döwrüdi. Şeýlelik bilen hem «Hamsa», «Leýli we Mežnun», «Perhat we Şirin», «Isgenderleriň seňňeri» ýaly başga-da birentek meşhur poemalar girizilipdir.

«Perhat we Şirin» poemasy

«Perhat we Şirin» poemasy Perhadyň dünýä inen gününden tä iň soňky demine çenli ömri barada gürrüň bermek bilen, ony doly häsiýetlendirýär. Perhadyň ykbaly onuň häsiýetine we terbiýelenilişine bagly bolýar. Nowaýy gahrymanyň ähli oňyn häsiýetlerini Perhatda jemläp görkezipdir, onuň ýaramaz taraplary ýok. Perhat ça-galygyndan ukyplylygy bilen tapawutlanýar, ýöne ol ýaradylyşyna görä göwnüçöH-günlige ýykgyn edýär, onuň ýiti duýgurlygy bar. Oglunyň pikirini başga tarapa sowup gyzyklandyrjak bolup, Wezir Mülkaryň maslahaty boýunça kakasy oňa dört sany, ýagny ýylyft her bir pasly üçin bir köşk gurmagy karar edýär. Bu gurluşyga Perhadyft özi hem gatnaşýar. Işläp duran wagty ol Mani we Bani diýen hudožnikler bilen tanyş bolýar hem-de olaryft sungatynyft ähli syrlaryny öwrenýär.

Bir gezek ol Karan diýen daş ýonýan ussanyft işleýşine syn edýär. Bu ussanyft artykmaç güýç görkezýän daşy edil ýag kesen ýaly edip aňsatlyk bilen ýonuşyna haýran galýar. Karan oňa öz syrlaryny açýar. Ofta demir taplamagy, daşy nähili ýonmalydygyny öwredýär. Şeýdip hem Perhat şu ugurdan uly ussa bolup ýetişýär.

Iş tamamlanylandan son, kakasy tagtyny eziz ogluna bermek isleýär. Emma özüni bütin ýurduft garamatyny üstüne alardan heniz ir hasap edýär we şonuft üçin hem tagta geçmekden boýun gaçyrýar.

Kakasy ogluna sahylyk bilen peşgeş eçilmek isleýär, ol ogluny hazynasyna alyp barýar we ähli baýlygyny oňa açyp görkezýär. Perhat şol hazynalaryft arasyn-dan Isgenderiň syrly aýnasyny görýär. Şol aýna seredip, adam öz maňlaýyna ýazy-lanlary görüp bilýär. Aýna kaşaň ýasalan sandyjakda saklanylýar, ýöne ony nähili açmaly, muny diňe Sokrat aýdyp bilýär. Perhat oňa tarap ýola düşýär. Kakasy Ha-kan Gresiýa tutuş bir ekspedisiýa guraýar. Olar şol ýere baryp, Suhaýla atly bir dana adamdan Sokratyft gowagyna barýan ýoly nähili tapmalydygyny, ýoldaky howply ýerlerden nähili geçmelidigini sorap anyklaýarlar.

Ilkinji howp-elhenç aždarha çykýar. Perhat ony öldürýär, onuň gowagyndan hazyna, Süleýman patyşanyň gylyjyny we galkanyny tapýar. Ikinji howp- örän takyk suratlandyrylyp gürrüft berlen jadyly tokaý we gazaply Ahriman arwahy.

, Süleýmanyň gylyjy we galkany bilen Perhat Ahrimanyň hazynasyna hem-de Süleýmanyň ýüzügine eye bolýar.

Perhadyň üçünji edermenligi bolsa, ol şol syrly aýnada agyr jepa çekýän adam-lary hem-de owadan gyzy görýär. Ony görüp, Perhat huşuny ýitirýär. Söýgi keseli onuň saglygyna zyýan ýetirýär. Lukmanlaryň maslahat bermekleri bilen Perhady howasy derde derman bolup biljek bir ada alyp gidýärler. Yolda elhenç apy-tupan turýar we ol Perhady deňze taşlaýar. Ony täjiriň gämisi deňizden çykaryp halas edýär. Gäminiň üstüne galtamanlar çozanda, Perhat edermenligi hem-de gaýduw-syzlygy bilen duşmany yzyna serpikdirýär we gämini halas edýär. Olar Yemene baryp düşýärler. Perhat ol ýerde Şapur bilen tanyş bolýar, oňa öz ýagdaýyny gürrüň berýär. Şapur aýnada Ermenistany görendigini gürrüft berýär we Perhat şol bada hem sol tarapa ýola düşýär.

Perhat şol ýerde ýap gazyp halys tapdan düşen adamlaryň üstünden barýar. Şol ýerde hem ol gudratyny görkezmek üçin elinde baryny edip işleýär we iki ýüz ussanyň üç ýylda edip bilmejek işini bir günde bitirýär. Bu habar patyşanyň aýa-ly Mehinbanuwa baryp ýetýär. Şirin onuň işleýşini göijek bolup, haýdan-haý şol ýere ugraýar. Perhat onuň aýnada gören şol gözel gyzydygyny tanaýar we huşuny ýitiiýär. Ony Mehinbanuwyň köşgüne eltýärler we şol ýerde hem Şirin bu görmegeý ýigide aşyk bolýar.

Şeýlelik bilen, görşümiz ýaly, Nowaýy Perhadyň taryhyny folklor elementini giňden peýdalanmak arkaly döredipdir. Şirin diňe Perhady söýýär, bu onuň ilkinji hem-de ýeke-täk söýgüsi.

Soňra Nowaýy Perhadyň kanal gurluşygyny tamamlandygyny gürrüň berýär. Kanalyň işläp başiamagy mynasybetli halkyň guran baýramçylygy poemada has çeper beýan edilýär. Şu ýerde Perhadyň Şirini gyr aty bilen omzuna alyp barýan-dygyny gürrüň berýän epizod hem girizilipdir.

Ine, birden hem Şirin diýen owadan gyzyň bardygyny Eýran şasy Hysrow eşidýär we Mehinbanuwyň üstüne adamlaryny gudaçylyga ýollaýar. Ýöne Şirin şeýle gudaçylyk hakdaky gürrüňi eşitmek hem islänok. Ol diňe Perhady söýýär…

Hysrow gahar-gazaba münüp, goşunlaryny Ermenistana salýar. Mehinbanuwyň galasynyň daşy gabalýar. Perhat ermenileriň ýurduny gorap göreşýär. Hysrow me-kirlik bilen Perhady ýesir alýar.

Dosty Şapuryň kömegi arkaly Perhat Şirin bilen hat alşyp başlaýar. Ýöne Şiriniň hatlarynyň biri Hysrowyň eline düşýär we ol Perhatdan dynmaly diýen ka-rara gelýär. Elhenç kempir Şiriniň öz janyna özi kast edenligi baradaky galp häbary Perhada ýetirýär. Bu habary eşidip, Perhadyň ýürek agyrysy tutýar we daşlyk ýerde ýykylyp heläk bolýar.

Daşy gabalan galadaky halk bolsa azyk ýetmezçiliginden heläkçilik çekip^B ()aşlaýar. Urşuň bes edilmegi üçin Hysrow bilen nikalaşmaga Şirin ýalandan razylyl^B berýär. Hysrowyň ogly Şiruýyň bu owadan gyza gözi gidip kakasyny öldürýär waH ol Şirinden nikalaşmagy talap edýär. 01 muňa hem razylyk berýär, emma Perhadyi^B mazaryna aýlanyp gaýtmaga rugsat alyp, şol ýere gidýär we onuň mazaryny^H üstünde hem ölýär.

Gömüşi ýaly, Nowaýynyň poemasy päk söýginiň, adamyň zähmetsöýüjiligi^B niň senasy bolup, ol progressiw adamzadyň söýgüli eserleriniň birine öwrüld^H Halklaryň arasynda dostluk ldeýasy bütin poemanyň içinden eriş-argaç bolup geç-H ýär. Nowaýy hakyky söýgini, halkyň bagty üçin zähmeti söýmegi wasp edipdir.

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика