Bu 10 önümleriň “kalçiýsy” tworogyňkydan köp

Bu 10 önümleriň “kalçiýsy” tworogyňkydan köp

Salam posty okap bolan soňuz esasy sahypa girmegi ýatdan çykarmaň. Esasy sahypa girmek üçin ýokarjykda The Mugallym diýip ýazga bas iň gowy maglumatlar çykar!

Ähli supermarketlerde tapdyrar we gaty gymmat bahadan däl!

Köp adam iň köp kalsiýly önüm tworokdadyr öýtýäler emma bu beýle däl. Bu aşakdaky görkeziljek 10 önümler kalsiýsy tworogyňkydan köpdir.

1. Ýumurtganyň gabygy

ýumurtga gabygy

Hawa ýumurganyň gabygynyň kalsiýsy köp. 1 ýumurtganyň gabygynda 2 gr kalçiý bar.

1-2 çaýnyý loşka maýda edip pytradylan ýumurtga gabygy 1 günüň kalsiýsynyň ýerini doldurýar. Eger-de tworokdan 2 gr kalsiý çykarmak üçin siz 1.2 kg tworok iýmeli bolýaňyz.

Mundan başga-da ýumurtganyň gabygy siziň organizmiňde örän çalt özleşdirýär.

Ýumurtganyň gabygyny nädip taýýarlamaly? Gowy edip ýuwuň gabygyny. Soňra 5 minutlap gaýnadyň, bakterýalary öldürmek üçin. Guradyň we kofedöwülýände un ýaly edip döwüň. Boldy. 1 günde 1/2 çemçe iýjek okaraňyza atyp bilersiňiz.

2. Parmezan we başga syrlar

parmezan syry

Süýt önümleriniň içinde iň köp kalsiýlysy – parmezan syry. 100 gr parmezanda 1184 mg kalsiý bar – 1 günüň normasyndan köp. Mundan başga-da bu syrda belok hem köp 100 gr parmezanda 36 gr belok we 0.95 mkr witamin D.

Beýleki syrlarda-da kalsiý köp. Mysal üçin 100 gr gollandskiý, poşehonskiý, şweçarskiý syrda 1 000 mg kalsiý, 24-26 gr belok we 0.8-1 mkg witamin D.

Şeýdip siz 1 günde 100 gr syr iýip, uzakly gün kalsiýly önümleri iýmän hem bilýäňiz we witamin D hem ýeterlikli derejede hem bolýar.

Şonuň üçin marketa gideňizde syrlaryň gapdalyndan geçip gitmäň, siziň organizmiziň üçin gaty gowy mineralny önümdir.

3. Künji

künji

Künjide hem kalsiý gaty köpdür 100 gram künjüde 975 mg kalsiý bar we 17.7 gr belok bar.

4. Ýagdaky sardina

sardina

Konserwnyý sardinlary süňkleri bilen bile iýilýär, şonuň üçin hem olar-da kalsiý köp 100 gram önümde 382 mg kalsiý bar. Başga-da 24.6 gr belok we 6,8 mkg witamin D bardyr. Sardinyň kalsiýsy künjüňkiden az hem bolsa, ýöne sardinada 6,8 mkg witamin D köplügi sebäpli kalsiý çalt özleşdirer.

Mundan başga-da 100 gr konserwada 208 kaloriýa  we 11,5 gr ýag bar.

5. Badam (mindal)

mindal badam

100 gr badamda 216 mg kalsiý bar we 21,9 gr belok bar.

6. Sarymsak (çesnok)

sarymsak

100 gr sarymsakda 181 mg kalsiý we 6,4 gr belok bar. Eger-de siz sarymsagy gowy görýän bolsaňyz, nahara we zakuska edip bilersiňiz. Sarymsak örän adam organizmi üçin peýdalydyr ol ýürek-damar kesellerini azaldýar. Glýukozanyň derejesini normallaşdyrýar.

7. Petruşka

petruşka

100 gram petruşkada 138 mg kalsiý we 3 gr belok bar. Hawa hiç kim 1 topbak petruşkany iýmeýär ýöne möne, ýöne siz nahara atyp bilersiňiz.

Başga-da 100 gr petruşkada 133 mg witamin C bar.

8. Süýt

süýt

100 gram süýtde 120 mg kalsiý 3,3 gr belok bar. Süýtde kalsiý gowy özleşýär “laktozaň” kömegi bilen.

9. Funduk

funduk

100 gr fundukda 114 mg kalsiý, 15 gr belok we 628 kkal.

10. Mäş (Soýa)

mäş

100 gr gaýnadylan mäşde 102 mg kalsiý we 16.6 gr belok bar.

 

heeeeý şunluk bilen biz postumyzy tamamlaýarys. Bu post kim kalsiýsy ýetmeýän bolsa şonuň üçin döredilen. Bu Posty dostuňyz bilen hem paýlaşyň belki siziň dostuňyza kalsiý gerekdir belki siziň dostuňyz kalsiny köpeltmek üçin günde tworok baryny iýýändir. The Mugallym – y dostuňyz bilen paýlaşyň biz siz üçin edýäris. Bu ýerde hiç hili 18+ materiallar bolmaýar. Soragyňyz bolsa kommentariýa ýazyp sorap bilersiňiz biz size kömek ederis. The Mugallym.

У этой записи 7 комментариев

  1. her postyn goyulan wagtynam gorkezseniz gowy bolardy. obychno edilyan zat.

  2. We yene bir zat. Nache adam okanynanm hasapladymp, onam gorkezseniz. Beyleki adamlara gyzykly bolan zat manada yaramak ahtimallygy kop bolyar. Shon uchin menem girip okap bilerin.

  3. We yene bir zat. No eto uje urovini yokary Blog’larda dushyan no oran gowy we gerekli zat. Her posty okanda gidiryan wagtyn. Mysal uchin shu posty okamak uchin 5-6 minut gidyar. Vot sheydip yokarsynda yazylan bolsa HAAAAS gowy bolardy. Goraymage kichi zatlardyr welin, sheyle zatlarda uly peyda bar.

    1. Serdar dos hemme zatlary intäk etjek. ol zatlaram bolar ýöne maňa wagt gerek. hawa postyň haçan goýulandygyny görkezmek gaty gowy sag boluň aýdanyňyz üçin häzir eders.

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика