Daglar we adamlar goşgy – Kerim Gurbannepesow (goshgy)

Endam-janyn asyr dişän daglara –
Iň azyndan milliard ýaşan daglara
Garry diýmän, ýaş diýmegmiz nämeden?
Emma welin ellä ýeten adama –
Ýaňy aýny pellä ýeten adama
«Garry» diýip at goýmagmyz nämeden?

Ömürlik ýaş dünýä döredýän adam,
Asyrlaň düýbüne seredýän adam
Milliard ýyl geçse-de ýigit dälmişmi?
Şeýle adamlaryň öňünde bu gün,
Şeýle ýigitleriň deňinde bu gün
Ojagaz ýaş daglar çigit dälmişmi?

 

Toprak diýen goşgusy okamak

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *