Şol gün gyz bolsaňda gelinsiň erte

Şol gün gyz bolsaňda gelinsiň erte

Gözleň oýnamasyn sakla erkiňi,
Din-imana bagla ýürek örküňi,
Elwan bägüllerden ajap görküňi,
Ýaman gözlilerden gizläp ýaşagyn.

Dost diýp duşmana baglaýma bili,
Musulman gyzysyň ýitirme dini,
Öljegňi bilseňde aldama ili,
Diňe hakykaty sözläp ýashagyn. 

Bir gün gyz başyňa atarlar kürte,
Şol gün gyz bolsaňda gelinsiň erte,
Süýjülik suwuny ýüzüňe sürtde,
Bagty bir nikadan gözläp ýaşagyn.

Indiki söýgi hakynda goşgy

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика