Goşgularyma – Kerim Gurbannepesow

Dünýäde Türkmenistan,
Diýilýän ilim barka,
Ilerde Köpetdagym,
Gaýrada çölüm barka,
(Her haýsynda birje düýp Arça ýa selin barka),
Bir çümmük söýgi barka,
Bir zerre bilim barka,
Dag ysly, sähra ysly,
Gül ysly dilim barka
Siz biarzy bolmarsyňyz.

Kerim Gurbannepesowyň – Zähmet goşgusy.

Kerim Gurbannepesowyň – Ýatlama goşgusy.

  • “Oýlanma baýry” goşgylar ýygyndysy
  • Ýürek poýemasy
  • Enäniň ýaşy

Günämizi bagyşlaýar eneler. Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär. Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy…

Ene balasyna buýurdy ýumuş, Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!» Ýandy ene. Emma ötdi günäsin. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..» Ogly bolsa enä çenedi daşy. «Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul. Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi. «Indi ata bolduň, adam bol, oglum!» Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.

Ene dişin gysdy otuzki gezek, Her gezek gysanda gaçdy bir dişi. Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp, Gaçdy bir ýaşy…

 

 

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *