Gyrgyz ýüregi – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Gyrgyz ýüregi – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Gyrgyz sahyry Guwançbek Mälikowa

Aladagyn basy bolsa-da ala,
Gyrgyz ýüreginde görmedim ala.
Gyrgyz ýüreginin päkizeligi
Ak gardan-da päkdir ýüzlerçe ýola.

Ýa-da ak garlar hem päkizeligi
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?

Derelen gujagy gözeldir-gözel,
Her otun ýapragy tutus bir gazal.
Eger bilen bolsam, in gözel ýeri
Gyrgyz deresine denärdim ozal.

Ýa-da dereler hem gözelligini
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?

Gök otlukda gezip ýörmek ne hezil,
Köwsün çyga ezip ýörmek ne hezil,
Çar ýanynda garlar donup ýatyrka,
Yssyk kölde ýüzüp ýörmek ne hezil.

Ýa-da Yssyk köl hem yssylygyny
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?

*Gosgy gysgaldylyp alyndy.

Oýun bilen çyn – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика