Hanhajykka – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Ýatlananda geljek günler,
Ýada düsdi geçen günler.
(Hanhajykka!
Hanhajykka!
Salgy berer tejenliler…)

…Südügärden gidip barýan.
Önümden bir oba çykýa.
– Nirde, mama, pylan oba?
– Hanhajykka!
Hanhajykka!

Büdresem-de gidip barýan.
Çykýar derýa, çykýar guýy.
Ajy, süýji salkymlardan
Dolup otyr derýan boýy.

Gol uzadýar gawun, garpyz.
Yza dartýar gyzgan, syrkyn.
(Biri göýä borjun üzýär,
Biri alýar köne hakyn!)

Gidip barýan jennellikden.
Önümden bir baba çykýa.
– Uzakmydyr pylan menzil?
– Uzak nire! Hanhajykka!

Ne sähere düsýär gözüm,
Ne-de oba, ne-de köprä.
Käte dilim bala degýär,
Käte degýär ajy kekrä.

Ýa garrylan gözlerine
Çöp atdymy ümür, salgym?
Belki, ýaslyk berip biler
Alys ýolun, dogry salgyn.

Sürin ýanda çopan gyzy
Tirt berip dur arryk tokla.
– Pylan menzil dasmy, uýam?
– Hanhajykka! Hanhajykka!

Bir ýanynda gara telpek,
Bir ýanynda jotda çakgy,
Gök torannyn saýasynda
Uklap ýatyr goja sakçy.

Bir tarapda topar çaga
Garpyz ýolýar (sakçy ýokka!).
Önki sorag. Önki jogap:
–Wiçjik, wiçjik,
Hanhajykka!

…Henizlerem gidip barýan
Ogar-ogar, togar-togar.
Kä önümden bürgüt çykýar,
Käte çykýar tilki, sagal.

Gözlerime gonup ary,
Aýagymdan çybyn çakýa.
Emma öne gitmek hezil
Wyždanyn päk, kalbyn akka.

Ýollar uzak, menzil agyr.
Agyr…
Ýöne
Hanhajykka!

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *