Lew Nikolaýewiç Tolstoý – Türkmen dilinde

Lew Nikolaýewiç Tolstoý

(1828-1910)

  • Lew Nikolaýewiç Tolstoý çeper sözü.ň ajaýyp ussady, rus topragynyň| beýik ýazyjysydyr. 01 kuwwatly döredijilik talanty, zehini bilen ölmez-ýitmez eserler döredip, dünýä edebiýatynyň taryhynda şöhratly yz galdyrdy. Onuň eserleri bütin adamzadyň çeperçilik ösüşinde öňe tarap ädilen aýgytly ädim boldy.
  • L. N. Tolstoýyň döredijiligi rus taryhynyň iki öwrülişik punktunyň arasyndaky ýyllary, ýagny 1861-nji hem 1905-nji ýyllaryň arasyndaky döwri öz içine alýar.
  • L. N. Tolstoýyň eserlerinde btitin birinji rus rewolýusiýasynyň özboluşly tary-hy sypatlary, daýhanlaryň köpçülikleýin hereketleri, gapma-garşylyklary ökdelik bilen suratlandyrylýar. Lew Nikolaýewiçiň durmuşy realistik görkezmek, ynsan keşbini obrazly hem täsirli bermek ýaly ussatlyklary indi tutuş bir asyrdan bäri ähli dünýäniň progressiw ýazyjylaryna görelde bolup gelýär.
  • L. N. Tolstoý bize baý miras, XIX asyr rus durmuşynyň köptomluk ensik-lopediýasyny galdyryp gitdi. Tolstoý edebiýat meýdanynda deňi-taýy bolmadyk iň beýik söz ussady, çeper sözüň tanymal suratkeşidir.

L. N. Tolstoýyň ömri we döredijilik ýoly Çagalyk ýyllary

L. N. Tolstoý Tula şäheriniň golaýyndaky uly bolmadyk dworýan mülkünde-Ýasnaýa Polýanada 1828-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda (28-nji awgustynda) dogulýar. Onüň ömrüniň köp bölegi Ýasnaýa Polýanada geçýär. Onuň kakasy Nikolaý Iliç Tolstoý graf, 1812-nji ýylyň urşuna gatanaşyjy, otstawka çykan pod-polkownik eken. Lew graf Nikolaý Iliçiň kiçi ogly bolupdyr. Lew Tolstoýyň ejesi şol döwrüň baý maşgalasyndan bolan knýažna Mariýa Nikolaýewna Wolkonskaýadyr. Lew entek iki ýaşyna ýetmänkä, onuň ejesi dört ogul bilen bir gyzyny galdyryp aradan çykýar. Ejesi ölenden soň, ýetim çagaiar daşrak garyndaşlary bolan Tatýana Aleksandrowna Ýergolskaýanyň elmde terbiýelenýär.

Ýaşajyk Lew köp wagtyny doganlary bilen Ýasnaýa Polýanadaky baglaryň, tokaýlaryň-gözel tebigatyň içinde geçiripdir. Tebigatyň gözellikleri ýaş Lewde ömür ýatdan çykmajak täsir galdyrypdyp. Ýasnaýa Polýanada ýaşan ýyllary Tol-stoý krepostnoý daýhanlaryň durmuşy bilen örän ýakyndan tanşypdyr. Krepostnoý hyzmatkärleriň ýaşaýyşlaryny, hal-ahwallaryny gözi bilen görüpdir. Lew Tolstoýyň ýaş kalbynda olara duýgudaşlyk, oba durmuşyna, onuň däp-dessuryna, diline, aýdymlaryna söýgi döräp ugraýar. Çagalykdaky durmuş täsirlerini Tolstoý soň-soň-lar hem ýatlap durupdyr.

1837-nji ýylda Tolstoýlaryň maşgalasy Moskwa göçüp gelýär. Bimäçe aý geçenden soň, graf Nikolaý’Iliç Tolstoý tarpa-taýyn aradan çykýar. Bu uly ýitgi ze-rarly Lew Nikolaýewiç we onuň doganlary ýetim galýarlar. Ýetim çagalary grafyň aýal dogany P.I. Ýuşkowa öz garamagyna alýar. Ýuşkowanyň äri şol wagtlar Kazan şäheriniň gubematory ekeni. Ýetim çagalar Moskwadaky garyndaşlarynyňkyda we obada ýaşaýarlar. Lew Nikolaýewiç 1841-nji ýylda Kazana gelýär hem kakasynyň doganlarynyňkyda ýaşaýar.

Jahyllyk ýyllary

Lew Nikolaýewiç Tolstoý 1844-nji ýylda Kazan uniwersitetine giriş ekzamen berýär hem onuň Gündogar dilleri fakultetine okuwa girýär. Şol döwürde Kazan uniwersiteti Russiýanyň iň köne ýokary okuw jaýlarynyň biridi. Onda iň gömükli alymlar okadýardylar. Bir ýyl okandan soň, Lew Tolstoý bu fakulteti taşlap, ýuridik fakultete geçýär. Bu ýerde hem okuwyň ýagdaýy ony kanagatlandyrmaýar, gaýtam onuň özbaşdak pikirlenmegine päsgel berýär. Uniwersitetdäki dürli ýagdşýlar Lew Tolstoýyň degnasyna degýär. 0l 1847-nji ýylda uniwersiteti taşlap, Ýasnaýa Polýa-na dolanyp gelýär.

Kazan uniwersitetinden gaýdanda, Tolstoý özbaşdak okamak üçin özüne ýö-rite programma düzýär. Onda matematikany, tebigat ylmyny, medisinany, oba ho-jalygyny, taryhy, geografiýany, ýuridik ylmy, bäş sany çet ýurt dilini öwrenmek, saz hem suratçylyk bilen meşgullanmak göz öňünde tutulýardy. Bu programma Tolstoýyň ýaşlykdan başlap, öz döwrüniň hertaraplaýyn düşünjeli, ylymly adamy bolmaga ymtylýandygyna şaýatlyk edýär. Lew Nikolaýewiç Tolstoý mundan başga–da durmuşda goldanmak üçin özüne “Düzgünnama” ýazýar. Şol Düzgünnamada bellenen talaplaryň käbiri şeýle:

1. Bir işi etmegi ýüregiňe düwen bolsaň, hiç zada garamazdan, ony hökmany I ýerine ýetir.

2. Bir işi edeniňde, ony oňat berjaý et.

3. Eger bir zady ýadyňdan çykarsaň, ony özüň ýadyňa salmaga çalyş, hiç wagt kitap bilen düzetme.

4. Mümkin bolan ähli güýji bilen hereket etmäge öz aňyňy hemişe mejbur et.

Lew Nikolaýewiç dört ýyllap Ýasnaýa Polýanada ýaşaýar. Şol ýyllar ol Mos-

kwa hem Peterburga gidip, birnäçe aýlap şol şäherlerde bolup geler ekeni. Tolstoý ýaşlykda düzen Programmasyny doly berjaý edip bilmeýär. Şeýle-de bolsa, ol öz ylmyny eijellik, yhlaslylyk bilen ösdürýär. Aýratyn hem çeper eserleri: rus hem daşary ýurtly ýazyjylarynyň eserlerini irginsizlik bilen okaýar, olara özüçe baha berýär. Ýaş Tolstoýa rus ýazyjysy Turgenewiň “Awçy hatlaryndan” diýen eseri güýçli täsir edýär. 01 zähmetkeş halk bilen ýakyrüaşmaga synanyşýar. Özüniň kre-postnoý daýhanlarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga çalyşýar.

Harby gullugy hem döredijilik işine başlaýşy

Lew Nikolaýewiç Tolstoý belli bir kär bilen meşgullanmagy ýüregine yk-jam düwýär hem 1851-nji ýylda uly dogany Nikolaýyň maslahaty bilen harby gulluga gidýär. Artilleriýa brigadasynyň ýunkeri Lew Tolstoý meýletinlik bilen Kawkaza-daglylar bilen uruş bolýan ýere gidýär. Kawkazda Lew Nikolaýewiç üÇ ýyla golaý bolýar. Daglylara garşy söweşlerde özüniň batyrlygyny, mertligini görkezýär. Kawkazyň özboluşly tebigaty Tolstoýda uly täsir galdyrýar. Demirgazyk Kawkazyň halkynyň – kazaklaryň durmuşy, häsiýetleri bilen Lew Nikolaýewiç ykjam tanyşýar.

L. N. Tolstoýyň döredijilik işi Kawkazda başlanýar. 01 1852-nji ýylda özüniň “Çagalyk” diýen powestini ýazýar. Onda Nikolenka Irtenýew diýen oglanjygyň ça-galygy, terbiýelenişi gürrüň berilýär. Emma bu powesti Tolstoýyň awtobiografik häsiýetli eserdi. Tolstoý bu powestini Nekrasowyň “Sowremennik” žumalyna iberýär. Nekrasow Tolstoýyň ilkinji eserine ýokary baha berýär we şol ýylyň sentýabrynda ony çap edýär.

1853-nji ýylda Krym urşy başlanýar. Praporşik çinini (derejesini) alan Lew Nikolaýewiç hem ilki Dunaý armiýasyna, soňra bolsa Kryma, Sewastopola geçirilýär Türk, fransuz hem iňlis goşunlary Sewastopoly gabanlarynda, Tolstoý dördünji bastionda-goranyşyň iň gorkuly ýerinde duşmana garşy batyrgaý söweşýär. Bu ýerde Tolstoý rus soldatynyň gahrymançylygyny gözi bilen görýär. Sewastopoly goraýjylaryň duşmana garşy batyrgaý, mert söweşleri, olaryň taryhy gahrymançy-lyklary Tolstoýa üç sany täze hekaýa (“Sewastopol 1854-nji ýylyň dekabrynda”, “Sewastopol 1855-nji ýylyň maýynda”, “Sewastopol 1855-nji ýylyň awgustynda”) ýazmaga material bolýar. Ýaş ofiseriň bu hekaýalary birtopar ýazyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

1856-njy ýylyň ahyrynda poruçik çinli Lew Nikolaýewiç Tolstoý harby gul-lukdan otstawka çykýar.

L. N. Tolstoý Peterburgagelende, onuň öňünde ähli žumallaryň redaksiýalarynyň gapylary açykdy. Ony gömükli rus ýazyjylary gyzgyn garşylaýarlar. Bu ýerde Tolstoý rewolýusion-demokratlar, söz ussatlary Turgenew hem Nekrasow bilen tanyşýar, duşuşýar. L. N. Tolstoý bimäçe ýyl Peterburgda ýaşaýar. Emma onuň aristokratik tradisiýalary hem garaýyşlary “Sowremennik” žumalynyň töweregine ýygnanyşan rewolýusion-demokratlaryň pozisiýalaryna bap gelmeýär. Şonda Nekrasow: “Kim bilýär, onuň kellesinde näme bar… äpet talant haýp bolar” diýip howsalalanýardy. Ýyllar geçýär, L.N. Tolstoý hem durmuşyň aýdyň ýoluna düşýär.

L. N. Tolstoý 1857-nji ýylda ilkinji gezek daşary ýurda syýahata gidýär. 01 Fran-siýada, Şweýsariýada, Italiýada hem Germaniýada bolup, şol ýurtlaryň durmuşlary, medeniýetleri bilen tanyşýar. Günbatar Ýewropanyň medeniýeti Tolstoýda otrisatel täsir galdyrýar. Daşary ýurtlarda görüp-eşiden wakalary, günbatar ýewropalylaryň pes ahlaklary barada L. N. Tolstoý “Lýusem” diýen gumanistik powestini ýazýar. Powestde beýan edilýän wakany Tolstoý Şweýsariýanyň Lýuseme atly kurort şäherjiginde gözi bilen görýär. Baý syýahatçylaryň myhmanhanasynyň ýanynda garyp-muzykant saz çalýar, aýdym aýdýar. Onuň aýdym-sazyny hezil edip diňläp, doňýürek baýlar oňa ölmez-ödi owkat üçin ýekeje köpük hem bermeýärler. Gaýtam onuň üstünden gülýärler. Tolstoý bu wakanyň üsti bilen buržuaz siwilizasiýasynyň bolgusyz, azgyn, ahlaksyz taraplaryna gahar-gazap bildirýär.

Tolstoý- pedagog

L. M. Tolstoý daşary ýurtlarda syýahat edip gelenden soň, Ýasnaýa Polýanada uzak wagtlap ýaşaýar. öz halkyna ýürek bilen hyzmat etmek aladasy Tolstoýy öz erkine goýmaýar. 01 daýhany krepostnoýçylyk düzgüninden azat etmegiň, krepost-noý bilen pomeşigiň aragatnaşygyny gowulandyrmagyň ýollaryny oýlanýar. 01 pomeşik bilen daýhanyň arasyny ýakynlaşdyrmagyň esasy usullarynyň biri garyp daýhana sowat öwretmek, olary okuwly-bilimli etmek diýip hasaplaýar. Tolstoý halky okuwly-bilimli etmegi öz ýaşaýşynyň esasy meselesi, özüniň mukaddes bor-jy hasap edýär. Şu maksat bilen L. N. Tolstoý 1859-njy ýylda Ýasnaýa Polýanada açan mekdebiniň şöhraty töwerek-daşa ýaýrap ugraýar. Goňşy obalarda hem şeýle mekdepler açylýar. Olaryň hemmesine Tolstoý ýolbaşçylyk edýär.

Pedagogik düşünjesini has kämilleşdirmek maksady bilen Tolstoý daşary ýur- * da hem gidip gelýär. Günbatar Ýewropadaky pedagogik işleriň guralyşy ony ka-nagatlandyrmaýar. Şonuň üçin Tolstoý Ýasnaýa Polýanada pedagogik işleri özüçe guraýar we bu işe yhlas bilen girişýar. Tolstoý öz pedagogik sistemasýnda “azat-i -erkin terbiýe” prinsipini esas edip goýýar. 01 okuwçylar bilen erkin gürrüň etmek { usulyny bolsa okatmagyň esasy metody hasaplaýar. L.N.Tolstoý özüniň pedagogik I ideýalaryny ýaýratmak üçin ýörite “Ýasnaýa Polýana” diýen žumal çykarýar hem I şonuň üsti bilen özüniň pedagogik garaýyşlaryny okyja ýetirýär.

1861- nji ýylda, krepostnoýçylyk düzgüniniň ýatyrylmagynyň öňüsyrasynda, Russiýadaky jemgyýetçilik tolgunmalar Tolstoýy hem gurşap alýar. 01 daýhanlary krepostnoýçylykdan azat etmek baradaky Tula dworýanlarynyň 105-siniň ýazmaça dokladyna gol çekýär. Şol ýyl hem Tolstoý pomeşik bilen daýhanyň arasyndaky jedelli meseleleri çözýän dünýä araçysy wezipesine bellenýär. Dünýä araçysy wezipesini ýerine ýetiren ýyllarynda, ol elmydama daýhanyň tarapyny tutmaga

|çalyşýar.

L. N. Tolstoýyň jemgyýetçilik işini alyp barşy, onuň oba daýhanlarynyň ça-galaryny sowatly etmäge ymtylyşy patyşa hökümetine ýaramaýar. Ony yzarlap ugraýarlar. Bir gezek Tolstoý öýünde ýok wagty polisiýa Ýasnaýa Polýanany ag-tarypdyr. Bu waka Lew Nikolaýewiçiň erbet gaharyny getirýär, ähli işinden onuň elini sowadýar.

1862-nji ýylda L. N. Tolstoý moskwaly wraçyň gyzy Sofya Andreýewna Berse öýlenýär. Agzybir maşgala durmuşy ony biraz köşeşdirýär. 01 täze güýç, hyjuw bilen döredijilik işine girişip, “Uruş we parahatçylyk” diýen roman-epopeýasyny ýazmaga başlaýar.

Ömrüniň ikinji ýarymynda

1880-nji hem 1890-njy ýyllarda L. N. Tolstoý öz çagalaryna bilim bermek mak-sady bilen gyşyna Moskwada, tomsuna-da Ýasnaýa Polýanada ýaşamaly bolýar. Tolstoý hemişe özüni ýönekeý alyp barýar. Suw getirmek, odun döwmek, köwüş tikmek, ýer sürmek… ýaly işleri hemişe özi edýärdi. Şonuft üçin ol garry wagtynda–da özüni örän sagdyn (ýetmiş ýaşynda konkada ýeftil taýmak, ýetmiş bäş ýaşynda welosiped sporty bilen gyzyklanmak, segsen ýaşynda at çapdyryp gezmek…) duý-ýardy.

Edebi döredijiliginift daşyndan L. N. Tolstoý jemgyýetçilik işine-de gatnaş-magyny dowam etdirýär. 011882-nji ýylda geçirilen Moskwa ilat ýazgysyna aktiw gatnaşýar. 1891-1894-nji gurakçylyk ýyllarynda aç daýhanlara kömek bermegi gu-raýar. Olar üçin mugtuna naharhana hem keselhana açýar.

1901-nji ýylda Tolstoý agyr keselleýär. 01 Krymda hem Gasproda özüni be-jerdýär. Şol ýerde Tolstoý M. Gorkiý hem A. P. Çehow bilen ýygy aragatftaşykda bolýar. Keselini bejerdip gelenden soň, Tölstoý ömrüniň ahyryna çenli Ýasnaýa Polýanada ýaşaýar.

80-90-njy ýyllarda L. N. Tolstoýyň dünýägaraýşynda, düştinjesinde ideýa özgerişligi bolýar. Bu ýagdaý ony öňki edebi döredijiligine täzeden garamaklyga getirýär.. Tolstoý öňki ähli döredijilik işini inkär edip, özüniň esasy, maksadyny halka ahlak terbiýesini bermeklige gönükdirýär. Şu maksat bilen ol “Iwan Iliçiň ölümi” (1886), “Tumuk häkimi” (1886), “Hojaýyn hem işgär” (1895) diýen ýaly birtopar eser ýazýar. .

L. N. Tolstoý 80-nji ýyllarda halka arzan hem peýdaly edebiýat bermek mak-sady bilen “Posrednik” diýen kitap neşirýatyny guraýar. 01 neşir eden kitaplaryny arzanja bahadan satyp, köpçülik arasyna ýaýradypdyr. Tolstoý elmydama zähmetkeş halk barada aladalanypdyr. Onuň döredijilik merkezinde halk bolupdyr.

1882-nji ýylda Tolstoý “Sungat näme” diýen traktat (ylmy eser) ýazmaga gi-rişýär. Bu ylmy eseriniň üstünde ol on bäş ýyl işleýär. Onda Tolstoý özüniň este-tiki garaýyşlaryny beýan edýär. Höküm sürüji gatlagyň edebiýatyny, sungatyny, sazyny… berk ýazgarýar. Tolstoýyň pikiriçe, sungat halka ýakyn bolmalydyr hem onuň bähbidini goramalydyr.

Tolstoýyň ölümi

1910-njy ýylyft güýz aýlarynyň bir gijesi 82 ýaşly L. N. Tolstoý öz dosty hem wraçy D. P. Makowskiý bilen Ýasnaýa Polýanadan hemişelik gidýär. Onuň mak-sady zähmetkeş halka has ýakynlaşmakdy. Emma ýolda Tolstoýyň saglyk ýagdaýy erbetleşip, oňa uzak ýola gitmäge mümkinçilik bermeýär. Olar Astapowo stan-siýasynda (häzir “Lew Tolstoý”) otludan düşýärler. Öýken çişme keseline ýolugan Tolstoýy stansiýanyň naçalnigi I.I. Ozoliniň öýünde ýerleşdirýärler.

Beýik ýazyjynyň öz mülküni taşlap gidendigi hem ägyr kesele sezewar bolan-dygy baradaky habar bütin dünýä jar bolýar. Bütin dünýäniň gazetleri Tolstoýyft saglyk ýagdaýy barada habar berýärler. Bu waka millionlarça adamlaryň üsnüni özüne çekýär.

1910-njy ýylyň 20-nji (7-nji) noýabrynda Lew Nikolaýewiç Tolstoý aradan çykýar. Bu beýik ýazyjynyň ölümi medeni dünýäni tolgundyrýar, adamzady iň uly ýitgi hökmünde gynandyrýar. Lew Nikolaýewiç Tolstoýy öz wesýeti boýunça Yasnaýa Polýanada jaýlaýar-lar.

“Uruş we parahatçylyk” romany

L. N. Tolstoý bu romanyň üstünde (1864-1869) alty ýyla golaý işleýär. “Uruş we parahatçylyk” romany dört tomluk taryhy epopeýadyr. Onda 1812-nji ýyldaky Watançylyk urşunyň öňüsyrasyndaky Russiýanyň durmuşy, uruş döwründäki waka-lar suratlandyrylýar.

“Uruş we parahatçylyk” diýen eser diňe bir rus edebiýatynyň däl, eýsem ol dünýä edebiýatynyň-da altyn hazynasyna giren ajaýyp romandyr. Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” diýen romanyndaky ýaly adamyň bütin durmuşy, onuň begenji we gynanjy, durmuşdaky omy we taryhy wakalar bilen gös-göni baglanyşygy hiç bir eserde henize çenli doly, dogruçyl hem-de gyzykly edilip şekillendirilenok. “Uruş we parahatçylyk” adaty romanlardan özüniň köp gahrymanlylygy, personažlylygy [ bilen-de tapawutlanýar. Bu romanda hereket edýän adamlaryň sany 559-a ýetýär. Ine, şu-da ýazyjynyň aýry-aýry baş gahrymanlaryň hususy ykbaly bilen gyzyklan-man, ilkinji nobatda, jemgyýetiň, halkyň, döwletiň ykbaly bilen gyzyklanandygyny äşgär edýär.

L. N. Tolstoý “Uruş we parahatçylyk” diýen romanynda adam ýaşaýşynyň nä-meden ybaratdygyna, nämäniň esasynda taryhyň döreýşine degişli ençeme möhüm meseleleri çözýär. Şu meseleleri dogry we ynandyryjy edip görkezmek üçin L. N. Tolstoý okyja ýüzlerçe janly hem durmuşy wakalary-kartinalary hödürleýär. Ine, olardan bimäçesi: gyzgyn söweşler hem-de diplomatik gepleşikler,çekeleşikli jedeller hem-de köşk adamlarynyň barlyşyksyzlyklary, söýgi hem-de tersleşmek, ýeňiş hem-de lapykeçlik, göwün açmaklyk hem-de gaýduwsyzlyk,asylly zähmet hem-de gahrymanlarça wepat bolmak.. .Tolstoý jemgyýetiň ähli synplarynyň, ähli toparlarynyň dürli häsiýetdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň obrazlaryny döretmegi başarypdyr. Yazyjy öz okyjysyny diňe suratlandyrylan wakalar barada oýlandyr-mak bilen çäklenmän, ony taryhy wakalar, ahlak barada-da pikir ýöreder ýaly me-seleler bilen gyzyklandyrýar.

Örän uly we çylşyrymly wakalary doly, hertaraplaýyn şöhlelendirýändigi üçin L. Tolstoýyň “Umş we parahatçylyk” romany ýöne bir roman däl-de, roman-epo-peýadyr.

Romanyň döredilişi

L. N. Tolstoý “Uruş we parahatçylyk” romanyny 1864-1869-njy ýyllarda ýaz-ýar. Edil şol ýyllarda-da Russiýada daýhan meselesi barada synpy göreşiň hem-de

jemgyýetçilik ýokary göterilişiň güýçlenen döwrüdi. Mälim bolşy ýaly, Krym urşy bütin Russiýany galkyndyrypdy, soňra bolsa krepostnoýçylyk, düzgüni ýatyrylypdy. Emma 1861-nji ýylyň reformasy daýhan meselesini adalally çözmändi. Daýhanlar reforma närazylyk bildirip, köpsanly gozgalaňlar turuzýardylar. Gazet we žurnal makalalarynda hem-de çeper edebiýatda daýhan meselesi-de, ýurduň geljegi-de çintgelip görkezilýärdi. Edil şol döwürde-de özünde syýasy, filosofiki, taryhy. me-seleleri ýiti we batyigaý beýan edýän eserler ilatyň ünsüni çekýärdi.

• Ine, şu jemgyýetçilik-syýasy, edebi, taryhy ýagdaýlar esasynda-da Tolstoýda taiyhy roman döretmek pikiri emele gelýär. Tolstoý ilki “Uruş we parahatçylyk” ro-manyny sürgünde ölmän galan dekabristleriň öz mekanlaryna dolanyp gelişleri bilen başlamagy niýet edinýär. 01 romany dekabrist, graf Pýotr Kirillowiçiň aýaly Nataşa hem-de çagalaiy bilen Sibirden gelip, altmyşynjy ýyllaryň jemgyýetçilik göreşine bada-bat goşulyşyndan başlaýar. Emma Tolstoý öz gahrymanlarynyň häsiýetleri-ni çuň we doly görkezmek üçin dekabristleriň 1825-nji ýyldaky gozgalaňyndan başlamak isleýär. Emma bu gezegem romanyň hereketlerini yza süýşürmeli bolýar. Çünki ol 1812-nji ýyldaky Watançylyk urşunda geljekki dekabristleriň ýaşlygyny hem-de dünýägaraýyşlarynyň neneňsi emele gelşini beýan etmäge çalşypdyr. Iň ahyrda bolsa Tolstoý romany 1805-nji ýyldan, ýagny Russiýanyň öz çäklerinden daşarda Napoleon bilen şowsuz uruş alyp baran wagtyndan başlamak kararyna gelýär.

Tolstoý roman baradaky oý-pikirlerini kem-kemden çuňlaşdyrýar. Ol 1812–nji ýylyň Watançylyk urşy baradaky taryhy işleri, urşa gatnaşanlaryň hatlaryny, gündeliklerini, ýatlamalaryny eijellik bilen öwrenýär. Tolstoý anyklaşdyrylan köne materialyň üsti bilen döwrüniň talabyna laýyk eser döredip biljekdigine berk ynanypdyr. Onuň bu ynamy hasy 1 beripdir.

“Uruş we parahatçylygyň” hereketleri 1805-nji ýyldaky Russiýa durmuşyny, Watançylyk urşunyň öň ýanyndaky Peterburgyň aristokrat jemgyýetini suratlan-dyrmakdan başlanýar. Tolstoý patyşa köşgüne ýakyn emeldar adamlaryň-dworýan jemgyýetiniň ähli pyssy-pyjurlygyny kinaýaly beýan edýär. Tolstoý şol jemgyýet-den iki adamy (Andreý Bolkonskiý we Pýer Bezuhow) saýlap alýar, bular özleriniň daşky keşbi, häsiýeti jähetden-de biri beýlekisinden tapawutlanýar. Olaryň ikisi-de dworýan gatlagyndan ýetişen öňdebaryjy adamlardyr.

Tolstoýyň edebiýat meýdanyndaky orny

L. N. Tolstoý döredijilik işi bilen tas altmyş ýyla golaý meşgullanypdyr. Şu ýyllaryň içinde Russiýanyň ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşynda ep-esli Özgerişler bolýar. Tolstoýyň döwründe Russiýa feodal-krepostnoýçylyk gurluşyny we çylşyrymly hem-de gapma-garşylykly kapitalistik gurluşyň ösüş ýo-luny geçýär.

Tolstoýyň döredijiliginde Russiýanyň bütin keşbi we jemgyýetçilik pikiri real beýan edilýär.

L. N. Tolstoýdan bize ummasyz baý edebi miras galýar. Bu ajaýýp miras, öňi bilen, bize XIX asyryň başlaryndaky Russiýanyň geçen taryhynyň ep-esli bölegini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Ikinjiden bolsa, Tolstoýyň ajaýyp talanty bilen döredilen dünýä ady belli eserleri “Uruş we parahatçylyk”, “Anna Karenina”, “ölüp direlmek” we başga romanlary onuň döwürdeşlerine we özünden soňkulara edebi döredijilik taýdan uly täsir edipdir. Rus ýazyjylary, şonuň ýaly-da bütin dünýä ýazyjylary Tolstoýy özleriniň parasatly mugallymy hasaplaýarlar.

Tolstoýyň örän baý döredijiligi diňe bir edebi döredijilik taýdan hem däl, eýsem rus edebi diliniň ösmeginde we kämilleşmeginde uly rol oýnaýar. Çünki onuň eser-‘leri rus halk diliniň baýlygy we gözelligi bilen bezelipdir.

Tolstoý düňýä edebiýatynyň altyn hazynasyna ummasyz goşant goşan iň beýik ýazyjydyr. Şu mahala çenli.haýsy-da bolsa bir ýurduň ýazyjysy beýleki ýurtlaryň ýazyjylaryna edebi-döredijilik taýdan Tolstoý ýaly uly täsir eden däldir. Onuň eser-ieri dünýäniň ähli halklarynyň diline terjime edilýär. Bütin’dünýäniň adamlary Tolstoýy özleriniň söýgüli awtory hasap edýärler. Dünýäde ady belli daşary ýurtly ýazyjylar hem Tolstoýdan tälim alypdyrlar.

Tolstoý we türkmen edebiýaty

L. N. Tolstoý türkmen halkynyň hem söýgüli ýazyjysydyr. Onuň döredijiligini I öwrenmek we onuň eserlerini türkmen halkynyň arasynda ýaýratmak barada köp [ iş edilýär. Bu asylly işe 1928-nji ýyldan ymykly başlanylýar. Şol ýyl Tolstoýyň eneden doglan gününiň 100 ýyllygy Türkmenistanda-da şöhratly sene hökmünde bellenilýär. Bu şanly senä bagyşlap, B.Kerbabaýew onuň “Kawkaz ýesiri” diýen eserini teijime edýär. Şundan soň Tolstoýyň eserleri türkmen dilinde öwran-örwan neşir edilýär: “Hajymyrat” (1935), “Kazaklar”, “Haýwanlar hakynda hekaýalar” (1936), “Bulka”, (Filipjik) (1937), “Akula” (1939), “Çagalyk we ýetginjeklik” (1940), “Borodino söweşi” (1942).

Genial ýazyjy L. N. Tolstoýyň dünýä belli “Uruş we parahatçylyk”, “Anna Karenina” diýen eserleriniň türkmen diline terjime edilmegi türkmen medeniýe-tinde ägirt uly waka boldy. Türkmen okyjysy XIX asyr rus durmuşy, has hakykaty, rus adamlary we olaryň taryhy omy barada Tolstoýyň ýazan eserlerini öz ene dil-lerinde okap öwrenýärler. Tolstoýyň ajaýyp edebi mirasy türkmen terjimeçilerine we ýazyjylaryna döredijilik mekdebi bolup hyzmat edýär. Türkmen okyjylary L. N. Tolstoý barada birtopar eserler (A. Kekilow, “Ýasnaýa Polýana” poemasy) hem döretdiler.

Türkmen halky dünýä edebiýatynyň guwanjy bolan L. N. Tolstoýyň edebi mirasyna mähirlilik bilen garaýar, ony söýgi bilen okaýar. Romanyň ilkinji pla-ny maşgala täzelikleriniň çäklerinden daşary çykmaýardy. Emma Tolstoý işe has çynlakaý ýapyşmagy netijesinde bu roman halk urşunyň beýik dessanlarynyň birine öwrülýär. “Uruş we parahatçylyk” romanyndaky çeper obrazlar ýazyjynyň adamlarynyň durmuşdaky gylyk-häsiýetlerine, olaryň ýaşaýyşlaryna, olaryň has näzik we gizlin ruhy azaplaryna deňiç çuň öwrenenleriniň nusgalarydyr. Andreý Bolkonskiniň obrazy ýeke olara mahsus bolan gylyk we häsiýet aýratynlyklarynyň, usullarynyň, tertipleriniň, ruhy azaplanmalarynyň, bir söz bilen aýdanyňda janly adamlaryň obrazlarydyr. 1812-nji ýylyň urşunyň halk-azat edijilik häsiýetine Tol-stoý çuň dtişünipdir. Romanyň hakyky watany fransuzlaryň çozuşlaryndan goran rus halkydyr. Öň ýeňlişe sezewar bolmadyk Napoleonyň goşuny, ähli halkyň daşary ýurt basybalyjylaryna garşy aýaga galmaklary netijesinde ýeňlişe sezewar bolýar.

“Uruş we parahatçylyk” diýen romanda halk ýönekeý soldat we ofiser-ler: Tuşiniň, Timohiniň, Wasiliý Denisowyň, Nikolaý Rostowyň we başgalaryň obrazlary arkaly romanyň esasy gahrymanlarynyň biri bolan kinýaz Andreý Bolkonskiniň paýhaslylygy arkaly häsiýetlendirilýär. Halk urşunyň obrazy ýene-de partizan otrýadlarynyň rus adamlarynyň öz emläklerimizi duşmana galdyryp giden-den ýok edenimiz gowy diýip edýän hereketleri arkaly örän oňat görkezilipdir. Rus adamlary Watanyň goragynda janlaryny hem gaýgyrmadylar. Romanda beýik rus serkerdesi Mihail Kutuzowyň ajaýyp obrazy berlipdir. Tolstoý Kutuzowy halkyň ruhuny özüne siňdiren adam hökmünde görýär. Tolstoy Kutuzow hakynda:

“Bolup geçýän hadysalar babatynda görüp bilijiligiň adatdan daşary güýçlüliginiň çeşmesi hem, onuň halk duýgularyny özünde bar arassalygy we güýçlüligi bilen saklandygyndadyr. Onda şeýle duýgynyň bardygjmy patyşanyň islemeýändigine garamazdan, ony şeýle geň ýollar bilen halk urşunyň wekili edip saýlamaklygy mejbur etdi” diýip aýdýar. Tolstoýyň garaýşy boýunça Kutuzow daşdangörüji, fransuzlar bilen bolan çaknyşmalarda generallara berk talapyny et-diriji adamdy.

“Uruş we parahatçylyk” diýen romanda Tolstoy uruşda ruhubelentligiň zerur ähmiýetiniň bardygyny we goşunyň ruhy taýdan berkliginiň duşmany ýeňmeklikde uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň görkezip, ýalana çykmajak hakykatlary gürrüň berýär. Ol ýönekeý rus adamlarynyň watana wepalydyklaryny, watany goramak üçin janlaryny hem aýamaýandyklaryny daşary ýurt basybalyjylaryndan üstün çykmak üçin halkyň eden arzuw-isleglerini görkezipdir. Emma şol bir wagtyň özünde “Diňe akylsyzlyk bilen edilen işler miwe getirer” diýip, öz aýdanlaryna özi garşy çykýar. Özünde patriarhal daýhançylygyň bimäçe yzagalak häsiýetlerini saklan karataýewçileri ideallaşdyrmak hem şu ýerden gelip çykandyr. Romanda Napoleonyň obrazy (onuň tanymal serkerdelik roly bimeme kemeldileahem bolsa) açyk we psihologik taýdan dogry görkezilipdir. Dünýä edebiýatynda Napoleona şeýle aýdyň harakteristika beren başga bir eser hem ýok. “Umş we parahatçylyk” romany ýeke bir rus edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynda-da iň beýik eserdir.

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *