Nädip deňizde diri galmaly - The Mugallym
Nädip deňizde diri galmaly

Nädip deňizde diri galmaly

Salam posty okap bolan soňuz esasy sahypa girmegi ýatdan çykarmaň. Esasy sahypa girmek üçin ýokarjykda The Mugallym diýip ýazga bas iň gowy maglumatlar çykar!

Nädip suw almaly, näme iýmeli, eger-de balyk tutup bilmedik ýagdaýyňda, nirä ýüzmeli we nädip özüňe erk etmegi başarmaly kyn ýagdaýlarda – bu postda deňizde ýeke ýa-da okeanda ýeke galan ýagdaýyňyzda size kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder.

Deňizde näçe wagt saklanyp bolýar?

Hakykatda – uzak wagt saklanyp bolýar. Bir gezek XVIII asyrda geň galyjy waka kapitan Wiliam Blaýem bilen onuň komandasyny 7 metrlik gämä taşlap olary taşlap gidýärler, olara bir azajyk iýmit we agyz suwuny goýup gidipdirler.

Şonda deňizçiler şol gämijikde 47 gün saklanyp ýewropa koloniýalaryna ýetipdirler, olaryň geçen ýoly 6 700 kilometr bolup kompossyz we kartasyz çykypdyrlar.

47 gün

Hökmany zat näme diri galmak üçin?

Siz häzir geň galarsyňyz diri galmak üçin esasy zady bilseňiz. Diri galmak üçin esasy zat iýmit ýa suw däl esasy zat özüňe erk edip bilmeklikdir. Lukman Alen Bombar şeý diýýär adamlar deňizde erbet howadan, kynçylyklardan ölenok, olar diňe stress, depressiýa, gorky ýagdaýlarynda panika döredip ýalňyşyp ölýärler diýip belläp geçýär.

Nädip energiýaňyzy gorap saklamaly?

Biz açyk deňizde energiýamyzy gorap saklamak üçin biz az hereket etmelidirs. Sebäbi näçe köp hereket etdigimizçe biziň energiýamyz köp gidýändir. Biz öz energiýamyzy diňe gerekli zatlara ulanmalydyrys. Deňizde birem günden hem goranyň yssy gün biziň energiýamyzy we biziň hamymyza hem zyýan ýetirip biler.

Nirden agyz suwuny almaly?

Esasy, biziň agyz suwuny alyp biljek zadymyz – ygal, ýagyş. Agyz suwyny okeanlarda we deňizlerde almak üçin ygallar, ýagyş köp ýagýar şonuň üçin biz islendik suwy saklap biljek zadymyzy baklaşka, aýakgaplar, konserwa gapyrjaklara, paketlara hem suwy ýygnap bilers.

Ýene-de bir maslahat agyz suwuny almak üçin – distilýator etmeli. Onuň üçin 2 sany gapyrjak gerek ( uly we kiçi ) we suw geçirmeýän material (bir bölek paket). Uly gapyrjaga duzly suw alyň bir azajyk. Beýleki kiçi gapyrjagy bolsa onuň içine boş hiç zady salman goýuň. Pakedy suratdaky ýaly çekdirip ortarasynada kiçiräjik daş goýuň. Daş bu siziň bugaran suwuňyzy ortara getirip kiçiräk damjalary kiçi gapyrjaga damyp durar ýaly eder.

arassa agyz suwuny almak

Nädip iýmit tapmaly?

Okeanda iýmit tapmak nämedem bolsa mümkin zat. Hytaýdaky deňizçi 133 gün deňizde ýaşapdyr ol mundan başga-da iýmitiň zapasyny hem çöpläpdir. Ol öz elinde bar bolon zatlaryndan çeňňekjik ýasapdyr.

Eger-de siziň eliňizde islendik bir zat bolsa balyk tutmak üçin. Onda siz çeňňegi ýasap bilersiňiz siziň eliňizde inçejigem bolsa sapajyk ýa egin eşigiňizden sapaklaryny sypyryp. Olaryň ujyna inçejik iňňe ýaly zat tapyp we ujyna bolsa islendik bir suwuň ýüzünde gaýmalap ýören zady goýup balyklary özüňe çekip bolýar.

Siz deňizde diri galmak üçin islendik bir ýüzüp, uçup barýan zady iýmeli öz energiýaňyzy saklamak üçin. Goý ol pyşdyl, krewetklar, guşlar hem bolsa siz diri galmak üçin iýmelisiňiz.

Nädip howpdan goranmaly?

Deňizde birnäçe howply wakalar bolup geçýär şolardan goranmagyň görnüşlerini aşakda okap bilersiňiz:

  • Eger-de güýçli ýel, çunami gelende siz bar goşuňyzy gämiňiziň ortarasyna geçirip we özüňiz hem ortarada oturyň sebäbi gämi gapdala öwrülmez ýaly.
  • Kelläňizi we endamyňyzy gorajak boluň. Sebäbi günüň şöhlesi siziň endamyňyzy ýakyp siz ožoglary alyp bilersiňiz we suwa köp seretmejek boluň günüň düşýän suwa şöhlesi siziň zreniýaňyza gaty uly zyýan ýetirip biler.
  • Haçanda balyk tutaňyzda leskany, ýa-da ýüpi eliňize daňmaň sebäbi uly balyk siziň eliňize trawma getirip biler.
  • Uly balyklary çykarjak bolmaň olar siziň kiçiräk gämiňizi agdaryp biler.
  • Eliňize iňňeli balyklary almaň olar siziň teniňize zyýan ýetirip biler olaryň arasynda awylysy hem bolýandyr.

Nädip ýeri tapmaly?

Eger-de siz gämide barýakaňyz siziň gämiňiz gark bolan ýagdaýynda. Siz şol gäminiň gark bolan ýerinde hiç ýerik gidmäň näçe saklanyp bildigiňizçe saklanyň, sebäbi gäminiň GPS datçigi işläp size şol ýere kömege gelerler.

Eger-de siz gelen ýoluňyzy azaşman tapyp bilýän bolsaňyz onda özüňizi diňläňde şol tarapa ýüzüň.

Eger-de siz hiç zady bilmeýän bolsaňyz, siziň eliňizde hiç zat ýok bolan ýagdaýynda. Siz nirde bulutlaryň köp bolan ýerini tapyň, ýagyş ýaganda bolsa şol ýere ýyldyrym köp çakýandyr sebäbi şol ýerde gury ýeriň bardygyny aýtýar. Ol ýere ýakynlaşdygyňyzça guşlar hem görünip başlasalar siz ýere tarap barýandygyňyzy aýdýar.

Deňizde nädip özüňe erk edmeli?

Deňizde diri galmak üçin iň wajyp zat erkdir bu aşakdaky maslahatlar size kömek eder:

  • Eger-de siz ýeke däl bolsaňyz onda nobatçylyk edip işläň. Görüşdiriň elmydama daş töwerege ýere golaýlaşýandygyňyzy. Her gün öz işiňizi dowam ediň.
  • Gündelik ýada žurnal ýörediň hemme zady ýazyp galar ýaly. Pikiriňizi jemlemäge kömek eder.
  • Işläň, balyk tutuň, agyz suwuny aljak boluň hemme zat etjek boluň.
  • Gymyldajak boluň. Deňizde howa gowy bolsa ýüzüň, suwa düşüň eger-de siz gämä dolanyp biljegiňizi bilseňiz.

 

Ýatda saklaň iň kyn ýagdaýda hem diri galyp bolýar. 9 adam “Мятеж” diýip şou programma deňizde diri galýarlar YouTube da görüp bilersiňiz. Ine şunluk bilen biz postymyzy tamamlaýarys paýlaşmagy ýatdan çykarmaň bu posty, siziň dostyňyz awaza gidip barýan bolmagy mümkin siz oňa belki kömek edersiňiz. The Mugallym

 

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика