Nädip jübi ogrularyndan halas bolmaly - The Mugallym
Nädip jübi ogrularyndan halas bolmaly

Nädip jübi ogrularyndan halas bolmaly

Salam posty okap bolan soňuz esasy sahypa girmegi ýatdan çykarmaň. Esasy sahypa girmek üçin ýokarjykda The Mugallym diýip ýazga bas iň gowy maglumatlar çykar!

Bu ýönekeý maslahatlar siziň pullaryňyzy we gymmat bahaly zatlaryňyzy gorar.

Nädip jübi ogrularyny tanamaly

Olary tanamak gaty kyn. Bu polisiýalarada we başga-da işgärlere tanamak kyn bolup durýar. Olar ýaly ogrylar birnäçe adamlaryň içinden hem saýgaranoklar. Olaryň ýüzüniň keşbi, egin-eşikleri beýleki adamlaryňky ýalakdyr. Şonda-da olaryň käbir kiçijigem bolsa aýratynlyklary bar ogrylaryň bize tanamaga kömek eder ýaly.

  • Ylgap barýan gözleri. Ogrynyň gözi elmydama hereketde ol pidalary gözleýär, onsoň ol pidany tapansoň yzyndan hiç kimiň yzarlamaýandygyny seretýär.
  • Elinde bolsa “Şirma ” – sumka ýa-da paket saklaýar – elini gizlär ýaly.

Jübi ogrysy size kömek etmegi mümkin, sebäbi size golaýlaşmak üçin. Mysal üçin: ol awtobusdan çykaňyzda size elini berip kömek eden bolup ýa-da Magazina gireniňizde gapynyň işigini saklap beren bolup, gyzlara ýol berip.

Ogurlajak zadyny ogry gaty akkuratna çykarýar 2 barmagy bilen ýa-da pinçep bilen. Eger-de ogrylar sumkany bildirmän açyp biljegini bilseler, olar ýany bilen ýiti lezwilary göterýär. Käwagt ogrylar 2 bolup işleýärler. Biri pida boljak adam bilen gürleşen bolup beýlekisi bolsa onuň jübüsini, sumkasyny boşatýar.

Nädip jübi ogrular pidany saýlaýarlar

Jübi ogrylar – aýallara, pensionerlara we ýaşlary saýlaýarlar. Köplenç jübi ogrylar şolary saýlaýarlar sebäbi olar üns siz bolýalar. Eger-de ogry ogrylap durka bilinen ýagdaýynda olar uly erkek oglanlara hiç zat edip bilmeýär olar gaçmak bilen bolýar.

Eger-de ogry awtobusda ogurlaýan bolsa ol awtobusa münmezden öň ogurlanjak adamy awtobus duralgada egin-eşigini synlap yzy bilen awtobusa bile girip gidýär. Opytny ogrular adamyň gözünden bilip bilýäler onuň jübüsinde näçe pul bardygyny.

Jübi ogrular nirelerde aýlanýarlar

Olaryň işleýän ýerleri – bazarlarda, marketlerde, köpçülik transportlarynda (awtobus, tralleýbus, metrolar), awtostançiýalarda, wokzallarda. Köpçülik ýerinde olara zat ogurlamak gaty aňsat bolýar.

Eger-de adamlar işe gidip barýan wagtlary ýa-da gelýän wagtlary awtobusa üýşip girenlerinde ogry şol bada zadyňyzy ogurlap eýleki adamlar bilen garyşyp oturyp bilýär.

Nädip olardan goranmaly

  1. Öýden çykaňyzda pullaryňyzy sanaň, ýanyňyz bilen köp pul almaň.
  2. Eger-de ýanyňyz bilen uly sumka alanyňyzda onuň içine gapjygyňyzy salaýmaň, gapjygyňyzy gizlin jübiňize salyň ýa-da çykarmak kyn boljak ýerinde goýuň.
  3. Öýden çykaňyzda gapjygyňyz göze ilginç ýerde durmasyn.
  4. Subkaňyzyň ähli syrmalaryny ýapyk goýuň, köp adamly ýerde bolsa gapjygyňyzy özüňize gysyp saklaň.
  5. Hiç haçan pully sumkaňyzy teleşkede goýaýmaň supermarketlerdäki. Birem size hiç kimiň golaýlap direjek bolýanyna üns beriň.
  6. Köpçülik ýerinde gapjygyňyzdaky pullary sanamaň, barlamaňam ähli pullar barmyka diýip, olar ýaly hereket bilen siz ogra kömek edýärsiňiz.
  7. Awtobusa gireňizde üns beriň gapyň agzynda durýan adama olar 1 lesniça aşakda duran bolsalar olar üçin gapjygy çykarmak aňsat bolýar.
  8. Awtobusa berilýän pullaryňyzy öňünden taýýarlaň, duralga ýa-da öýe ýetip gelýän ýerinde dälde.
  9. Eger-de awtobusda sizi itekläp ýa gysyp başlasalar bu bir sizi gümäp, siziň gymmat bahaly zadyňyzy almak üçin edýändir.
  10. Sumkaňyzy goltuňyzda gysyp ýa-da öňüňizde saklaň gözüňiziň görýän ýerinde. Telefonlary jübiňiziň ýokarky böleginde saklamaň.
  11. Eger-de siz şonda-da jübi ogrularyndan bir zadyňyzy ogurladan bolsaňyz siz derrew tizlik bilen polisiýa jaň ediň, olara näçe çalt aýladygyňyzda polisiýa ony tutmagy mümkin.

ine şunluk bilen biz postymyzy tamamlaýarys size bu post indi geljekde kömek eder. Belki siziň dostuňyza kömek eder. Şonuň üçin dostlaryň bilen bu posty paýlaş belki dostyň şu wagt öýünde ýatandyr gijiräk daşaryk çykyp ol gapjygyny ogurlatmagy mümkin ol aljyrap näme etjegini hem bilýän däldir. The Mugallym

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика