Ogul – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

(Ogul toýundan son dörän gosgy –
poema)

I

Ogul boldy. Çapyp gitdi çagalar.
«Busluk!» sözi gapy-gapy aýlandy.
Üç çagany uçrum eden sallançak
Bu gün ýene bir çagalyk agraldy.

Gözjagazyn ýumup ýatyr çagajyk –
Bu dünýänin ahwalyndan bihabar,
Asmanyndan, ýaragyndan, ursundan,
Haramyndan, halalyndan bihabar.

Ol dine enänin ak süýdün bilýär.
Sondan basga zada ýetenok akly.
Ýöne onun eýýäm adam ady bar –
Ýasamaga hakly, iýmäge hakly.

Aglamaga hakly, gülmäge hakly.
Aglaýar çagajyk (bolsa-da erkek!),
Erkeklerin aglamaly däldigin
Bilenok kösejik, bilenok entek.

Häzirlikçe goý, aglasa aglasyn,
Çagalara agy üçin temmi ýok.
Olar onat düsünýärler bir zada –
Aglamasan – wah, emme ýok, memme ýok.

II

Bilemok, adyna näme dakdynyz –
Ajap atlar köpdür, ýene-de köp bor:
Ýöne at dakynmak ansat-da bolsa,
Olara eýelik etmekde gep bar.

Arslan, Ýolbars diýip at dakdyk bir gün
(Sona mynasypdy ekizje oglan).
Ýöne on sekizden ötüp-ötmänkä
Biri tilki boldy, birisi sagal.

Ýene iki çaga at dakdyk bir gün.
Önkä sükür etdik. Bu onça-da ýok:
Geçi bolup çykdy Serdar dakanmyz,
Batyr dakanymyz towsança-da ýok,

Ikisi-de gaçdy enesin taslap:

Biri isden gorkdy, biri okuwdan
Birisi mäläp ýör Sibirde gagsap,
Beýlekisem agaç çapýar tokaýdan.

Onson iki gyza at dakdyk bir gün.
Ikisi-de çykdy adyndan arzan:
Misden arzan çykdy Merjen dakanmyz,
Altyn hem – bir gujak odundan arzan.

Dakyn çaganyza in ajap ady,
Seçin-saýlan täzesinden täzesin.
Ýöne çagamyzy at bezäp bilmez,
Goý, çagamyz öz adyny bezesin…

III

Ogul boldy. Çapyp gitdi çagalar,
«Busluk!» sözi gapy-gapy aýlandy.
Üç çagany uçrum eden sallançak
Bu gün ýene üç mün gram agraldy.

Gramlar toplanyp, ulassyn puta.
Dag dek eginlerne ýetmesin ýorgan.
Ýöne weli, näçe ulaldygyça,
Watanyn gersine düsmesin agram.

Il-günün boýnuna hopba bolmasyn,
Il-gününi etsin boýnuna hopba.
Özi hakda iki sagat oýlansa,
On sagat oýlansyn il-güni hakda.

Gözünin üstünde baýdak edinsin
Enänin, atanyn mukaddesligin.
(Olar ölüm bilen den görermisin
Gyz haýasyzlygyn,

Ogul pesligin).
Säher turup, ilki atasyn görüp,
Onson garaždaky atyny görsün.
Eneden, atadan ak pata alyp,

Atynyn suwuny, otuny bersin.
Ine onson uçsun kanala tarap,
Saçlary ykjasyn iýul ýeline.
(Atanyn pendini alan goç ogul

Asla düsmezmisin GAI-in eline).
Gözjagazyn ýumup ýatyr çagajyk.
WAI-sinden, GAI-syndan bihabar.

69-yndan, 24-inden,
Waziginden, gaýrysyndan bihabar.

Ýylgyrypjyk, dymyp ýatyr oglanjyk,
Gürrüne, gybata gosulanok ol.
Özüni huwwalap, emdirip ýatan
Enän diline-de düsünenok ol.

Zyýany ýok, bu gün düsünmese-de,
Ulalar, ýetiser, düsüner ertir.
Ýöne ol ertirem düsünmän dursa,
Ine, sol gen zatlan üstünden getir.

Özüni döreden enesi bilen
Geplesäýse terjimeçi arkaly –
(Men seýle zatlaryn birine dusdum!
Ine gorkjak bolsak sondan gorkaly!)

4

…Meýmiräpjik myrlap ýatyr bäbejik,
Habary ýok süýsüp gelen obadan.
Bihabar ol reýhstaga gol çekip,
Segsen ýasda çowluk gören babadan.

Sallançakda uklap ýatyr çagajyk,
Bady gaçan sallançakdan bihabar.
Içki jaýa ylgap giden eneden,
Ýasalmaly mün saçakdan bihabar.

Birdenkä-de «jäk-jäk» edip oýandy,
Gujakdan-gujaga geçdi aglajyk.
Dine ene ysyn agtarýan ýaly,
Mälemesin bes etmedi owlajyk.

Onýança-da ýüpek gabak gaýtarma
Sozlup çykyp ýüz sonanyn içinden,
Gujagyna göterdi-de bäbegi,
Birje gezek sypalady saçyndan.

So bada-da tapba sesi kesildi.
Del gujakda rahat tapdy çagajyk.
(Gujaklan gowsuny tanýan ekenin,
Aý bäbejik – eý jögüjik, jögüjik!)

Barha göterilýär toýun sowhuny.
Açylýar sampanlar. Bugarýar saçak.
Tarypçylar – bir-birinden göçgünli,
Gybatçylar – bir-birinden owunjak.

Her haýsy özünin agramna görä
Guwanýa, ýanraýa, öwünýä, gülýä.
Gersin tutup, hemmesini dinläp dur
Hem gazaply
hemem arkaly Dünýä!

Ol Dünýä her kime bir ömür berýär,
Sol ömri synagdan geçirýär onson.
(Käte diri wagtyn ölä menzedýär,
Kä dirä öwürýär merhumam bolsan).
…Sallançakda gülüp ýatyr çagajyk,

Ýaman zatdan, ýagsy zatdan bihabar.
Gapdalynda gülüp duran göripden,
Ýalan tostdan, galp söhratdan bihabar.

Ýumrujagyn düwdi birden bäbejik,
Beýläk itdi agzyndaky emmesin.
Arkaýynja emiber sen emmäni,
Düzederis ýaman zatlan hemmesin.

O zatlaryn günäkäri özümiz,
Entek senin çigit ýaly çirkin ýok.
Hakyn bardyr ýumrujagyn düwmäge,
Ýöne entek göresmäge hakyn ýok.

Ýürejigin polat ýaly berkesin,
Döslerin-de pes bolmasyn gapakdan.
Gürlän wagtyn – il ank bolsun agzyna,
Ýörän wagtyn – uçgun çyksyn toprakdan.

Ine onson Ýalan bilen Ýamanyn
Aýagyna bile gurarys gapan.
Gaplan dakjakmyslar senin adyna…
Bu – olan öz isi, Ýolbarsmy, Gaplan.

Haýsy bolanda-da tapawudy ýok.
Sony isleýändir at dakan adam.
Ýöne Senin adyn Aýy hem bolsa,
Adyndan önürti adam bol,
Adam!

Rubagy – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *