Omar Haýýam – (1048-1131) DÜNÝÄ EDEBIÝATYNDAN NUSGALAR

Содержание

DÜNÝÄ EDEBIÝATYNDAN NUSGALAR


Omar Haýýam

(1048-1131)

      Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň, alymlarynyň arasynda Omar Haýýamyň ady hormat bilen tutulýar. Omar Haýýam 1048-nji ýylda eneden doglup, 1131-nji ýylda hem wepat bolupdyr. Onuň doly ady Kyýaseddin Abulfath Omar ibn lbraýym Haýýam Nişapurydyr. Omar – şahyryň ady, ibn Ibraýym-Ibraýymyň ogly, Nişapury-nişapurly. Haýýam (çadyrçy) – şahyryň lakamy. Ol Nişapuryň (şäher ady) golaýyndaky bir obada çadyr dokaýan maşgalada önüp-ösüpdir. Omar ýaşlykda durmuşyň agyr günlerini başdan geçirýär.

Omar Haýýam Nişapur, Balh, Buhara, Samarkant ýaly şäherlerde okapdyr. Omar ömrüniň iň hasylly ýyllarynda Merwde ýaşapdyr. Şol ýerde Omar Seljuk soltany Mälik şanyň hemaýatynda köp ýyllar gulluk edipdir. Omar Haýýam şol ýyllar matematika, pelsepe, astronomiýa bilen meşgullanýar, obserwatoriýa açýar, alymlyk derejesine ýetýär.

Gündogar edebiýatynyň ajaýyp wekili Omar Haýýam öz zamanasynyň gömükli alymy hem-de parasatly şahyry bolup, ol:

  • «Adamzatdyr ähli mahlugyft başy,
  • Zyýadadyr onuft akyly-huşy.
  • Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,
  • Ynsandyr bezegi-zynaty, gaşy»

diýen ideýany öfte sürüp, adamy iň ýokary, belent derejä ýetirýär. Ol adam mertebesine, onuft durmuşda tutýan omuna ýokary baha berýär. Ofta mähir we söýgi bilen garaýar.

Omar Haýýam edebiýat meýdanynda özüniň ajaýyp rubagylary bilen meşhurdyr. Onuft rubagylary türkmen dilinde bimäçe gezek neşir edildi. Omar Haýýam adamzada şu dünýänift eşretlerini hödürleýär. Öz döwründe Omar Haýýamyň mbagylary häkim gatlagy, mhanylary howatyrlandyrypdyr, ynjalyksyzlandyrypdyr. Ekspluatatorlar, din adamlary Omar Haýýamy ýigrenipdirler, emma zähmetkeş halk ony öz hemaýatçysy hasap edipdir.

Omar Haýýamyft şahyr hökmünde gozgan meseleleri, onuň dünýä baradaky pikirleri türkmen klassyky edebiýatynda hem gömükli yz galdyrypdyr. Magtymguly, Zelili we beýleki türkmen klassyklary onuft şu dünýä baradaky pikirlerine hor-mat goýupdyrlar.

Ägirt uly Seljuk-türkmen döwletiniň patyşalaryna hyzmat eden, Gündogaryň beýik akyldary Omar Haýýamyň pähim-paýhasy, eden ylmy açyşlary, döreden çeper mbagylaiy diňe bir öz döwrünift adamlaryny däl, şu günki gün hem akylyňy haýrana goýýar. Yöne Omar Haýýamyft adyna şeýle bir köp goşgular berlipdir welin, häzirki döwürde onuň adyna berilýän rubagylaryň sany bäş müňdenem geçýär. Ol goşgularyft esasy bölegi şeraby wasp edýär. Bu mbagylar dünýä dilleriniň köpüsine terjime edilensoň, Omar Haýýam şerap hakynda goşgy düzmegiň ussady hökmünde tanalyp, hatda Yewropada ýörite içgini gowy görýänleriň “Haýýamçylar kluby” hem döredilipdir. Hakykatda bolsa, Omar Haýýam öz döwründen has öňe giden beýik filosof hem ähli ylymlardan diýen ýaly baş çykaryp bilýän gaty zehinli, ýatkeş adam bolupdyr. Rus alymlary Omar Haýýamyň döwtirdeşi Beýhakynyft be-ren maglumatyna salgylanyp, bu beýik ynsany islendik uly göwrümli eseri ýat tut-magy üçin alty-ýedi gezek okamagy ýeterlik eken diýip ýazypdyrlar.

Omar Haýýamyň döredijiligini öwrenen alymlaryft bimäçesi, onuň döwür-deşleri hem ganym duşmanlary bolan aşa dindarlaryň ony hudaýsyz hökmünde aýyplamagyna esaslanyp, akyldary hamana Allany inkär eden adam hasaplaýarlar. Tutaryk hökmünde bolsa onuň ylmyň ähli ugurlary boýunça eden ylmy açyşlaryny öfte tutýarlar. Hakykatda, Omar Haýýam Allany inkär etmän, ol yslamyft kada–kanunlaryny öz döwrüne görä döredijilikli ösdüripdir. Akyldar Abu Tahyr Gazy, Seljuk-türkmen döwletinift baş weziri Nyzamylmülk hem onuft ýokary wezipeli ogullarynyft ýardam bermeginde hemişe ylmy gözleglerini dowam etdiripdir. Seljuklar köşgüniň baş weziri Nyzamylmülküň Omar Haýýama penakärlik eden döwründe ylma-bilime uly hormat goýýan bu parasatly wezir akyldar bilen Mälik patyşany dostlaşdyrmagy başarypdyr. Nyzamylmülküň ýardam bermeginde Omar Haýýam Mälik patyşanyň döwründe (1072-1092 ý.) hut patyşanyň özüniň nedimi (saçakdaş dosty) bolup, ol Hoja ymam Omar diýen hormatly ada mynasyp bolup-dyr. Omar Haýýam ylma uly hormat goýan Mälik patyşanyň döwründe on sekiz (1074-1072 ý.) ýyllap, şol döwrüň iň bir zehinli alymlarynyň jemlenen ýeri bolan ylmy obserwatoriýa hem ýolbaşçylyk edip, ylmyň pajarlap ösmegi üçin ähli güýç-gaýratyny sarp edipdir.

Akyldar ýaşlykda oňat bilim alyp, soňra medresäni hem tamamlapdyr. Ol he-mişe Muhammet pygamberimiziň «Ylym almaklyk sallançakdan tä gabra çenli parzdyn diýen hadysyna wepaly bolup, ylmyň ähli ugurlaryna degişli açyşlar edipdir.

Omar Haýýam «Arifmetikanyň meseleleri», «Algebranyň hem almukallybyň çylşyrymly deňlemelerini çözmek» diýen ýaly matematika degişli bimäçe işlerinde kub, kwadrat deňlemeler, gaýry bir topar çylşyrymly meselelerde uly açyş edip, Muhammet Horezminiň döwründe aýratyn ylym hökmünde ýüze çykyp ugran algebranyň matematikadan bölünip aýrylmagyna, onuň özbaşdak, kämil ylym hök-münde kemala gelmegine goşant goşupdyr. 01 algebra ýörite kesgitleme beripdir. «Algebra durmuşa san hem ölçeg taýdan näbellilikleri tapyp, takyk hasaby, ölçegi ýota goýmakdyr». Akyldar: «Algebranyň çylşyrymly meselelerini deňlemeleriň kömegi bilen çözüp bolar. 01 çözgüt bir derejäni beýleki bir dereje bilen deňeşdirmek arkaly subut edilýär» diýipdir.

Akyldar «Ýewklidiň matematikasyna düşündiriş» diýen işine onuň: «Pred-metiň mazmuny sandyr» diýip, algebranyň kömegi bilen çözen deňlemesini geo-metriýanyň burç hem ölçeg ululygy diýen teoremasynyň üsti bilen işläp, algebra bilen geometriýanyň «Hytaý» diwaryny aýrypdyr. Şeýlelikde, Omar Haýýamyň geometriýanyň ylym hökmünde kemala gelmeginde hiç bir alymdan pes bolmadyk paýy bar.

Omar Haýýam öz döwründe astronomiýa ylmynyň pajarlap ösmegine uly goşant goşupdyr. Seljuk-türkmen döwletiniň soltany Mälik patyşanyň görkezmesi boýunça akyldar bäş ýylyň dowamynda «Mäligiň ýyl hasaby» diýen at bilen (1074-1079 ý.) kalendar reformasyny amala aşyrypdyr. Seljuklar imperiýasynda 1074-nji ýylyň mart aýynyň 15-nden başlap Omar Haýýamyň düzen takyk gün hasabyna esaslanýan milady ýyl hasaby ýöredilip ugrapdyr. Onuň düzen kalendarynda ýylyň ortaça dowamlylygy 365,2424 gije-gündize deň bolup, Omar Haýýamyň milady ýyl hasabynyň hakyky Gün ýylyndan gyşarmasy 0,00002 gije-gündize barabar bo-lup, bäş müň ýylda bir gün ýalňyşlyk gidýär. Häzirki dünýä ýüzünde ulanylýan milady ýyl hasabymyzda ýylyň dowamlylygy 365,2425 /365 gün 5s. 48 min. 12 sek./ gije-gündize deň bolup, ol hakyky Gün ýylyndan 0,00003 gije-gündize ba-rabar gyşarýar. Şeýlelikde, üç müň üç ýüz otuz üç ýyldan bir gün ýalňyşylýar. Has dogrusy, Omar Haýýamyň Gün ýyl hasaby häzirki Ýer togalagynyň milady ýyl hasabynda bir ýylda ýedi sekunt takykdyr.

Omar Haýýam Aýyň öz okundan hem Ýeriň daşyndan aýlanmagyna esas-lanýan kamary-hijri hasabynyň bir ýyly 354 gije-gündize 8 sagat 48 minut 36 se-kunda barabar, bir aýy bolsa 29 gije-gündiz 12 sagat 44 minut 4 sekunda barabar diýip, örän takyk hasap çykarypdyr. 01 kamary-hijri ýylyny hasaplamagy gaty ýönekeýleşdirmek üçin her ýylyň aýratyn koeffisiýentini çykarypdyr. Mysal üçin, Omar Haýýamyň hasaby boýunça şu ýylyň koeffisiýenti 22. Onuň hasaby boýunça Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni bolan oktýabr aýynyň 27-si Rejep aýynyň 29-y bolýar.

Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Soltan Sanjary ýaşlykda ölüm howp-ly garahassalyk keselinden sagaldanam Omar Haýýam bolupdyr.

Omar Haýýam astrologiýany ylym hökmünde ykrar edipdir. Ýöne ol ýyldyzla-ryň adam ykbalyna edýän täsirini bütinleý inkär edipdir:

  • Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary,
  • Haýrana galdyrýar akly düzleri.
  • Täleýiňi ýyldyzlardan gözleme,
  • Çünki sergezdandyr olaň özleri.

Ýazan işleri:

1. «Abul Fatyh Omar ibn Haýýamyň traktaty»

2. «Matematikanyň kynçylyklary»

3. «Tebigat bilimleri hakynda»

4. «Paýhas terezileri»

5. «Barlyk hakda traktat»

6. «Barlyk hem borçlulyk hakda traktat»

7. Ibn Sinanyň « Hutba» («Yüzlenme» eserini) arapçadan parsça geçirýär.

8. «Nowruznama» eseri (çeper eser)

9. «Astronomik tablisa»

«Nowruznama» eseri

Eser 1095— 1098-nji ýyllar aralygynda ýazylypdyr. Munda Gündogar halk-larynyň taryhy, däp-dessurlary teswirlenipdir. Muaýyda Mülk (Nyzamyl Mülküň ogly) Mälik şanyň ogly Berkýaryga eseriň üsti bilen köp zady düşündirmek isleýär we Omara şol eseri ýazmagy ýörite tabşyrýar. Berkýaryk ylma, sunga-ta örän ýüzleý düşünipdir, düşünjesi çäkli bolupdur. Şonuň üçin-de eseri has-da gyzyklanyp okar ýaly, rowaýatlary, anekdotlary hem ulanmaly bolupdyr. Eser iki bölümden ybarat. Birinji bölüminde Nowruzyň nämedigi, Eýran şalarynyň hem ony belländigi, köşkdäki däp-dessurlar, şalaryň nähili bolandygy beýan edilipdir. Hökümdarlaryň ylym bilen gyzyklanmalydygy aýlawly dilde berlipdir. Yspyhan obserwatoriýasyny (Türkan Hatyn-Mäligiň aýaly) işletmek, astronomik gözleg-leri dowam etdirmek Berkýaryga düşündirilýär. Kalendar hakda gürrüň edilýär. Aý atlary sanalýar. Her bir aý hojalyk, durmuş ýagdaýy bilen baglanyşykiy ber-lipdir. Tahmuras şanyň döwründe köçeler, bazarlar gurlup başlapdyr, ýüňden, ýü-pekden mata dokaiyp ugrapdyr, adamlara hat-sowat öwredilipdir. Nowruzda kim şatlansa, aýdym aýtsa, tans etse, şol täze ýylky nowruza-da aman barýar diýýär. Jemşidift nowruz baýramynyň başyny başlandygyny, ony her ýyl bellemegi ad-amlara wesýet edendigini, täze ýylyň iikinji gününi bellän adamyft bagtly hasap edilýändigini nygtaýar. Alymlara daýanmagy, ynanmagy, olara giň ýol açmagy Berkýaryga düşündirýär. Oftat däp-dessurlary saklap, olary ösdürmegiň zerurlygy ündelýär. öft ýaşan şalaryň, alymlaryft durmuşyndan mysal getirýär. Berkýaryga-da şolaryft asylly ýoluny dowam etdirmegi öwüt beripdir. Alyma, ýetime howandarlyk etmek, ýaş şalaryň öz atasynyň oňat tradisiýasyny dowam etdirip, ahyrky dere-jä ýetirmäge çalyşmalydygy baradaky pikiri öwran-öwran gaýtalapdyr. Nowruz baýramynda saçagy giňden açyp, sahylyk bilen örän şadyýan, şüweleftli geçirmegi maslahat berýär. Eserde Gün kalendarynyň, dürli kalendar reformalarynyň taryhyn-dan, yslamdan öftki Eýran nowruzynyň baýram edilişinden gürrüň berýär. Akyldar «Nowruznama» eseriniň bir bölüminde Aý hem Gün hasabyna esaslanýan ýyllary bilelikde ulanmagyň ähmiýeti hakynda sadadan düşnükli dilde beýan edip: «Aý hasaby dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin zerur, Gün hasaby bolsa oba hojalyg-i yny ýöretmek üçin zerurdyr» diýip, her bir milady ýyl)myň aýlarynyft näme many aftladýandygyny ylmy esasda düşündiripdir.

Omar Haýýam «Nowruznama» eserinde medisina ylmyna degişli gymmatly maglumatlar beripdir. 01 Aý dolan güni (14—15) gije ekilen arpanyň ýetişen hasy-lyndan iýdirilse, kakynla, soň psihikasy bozulyp, dälirän adama uly nepiniň bar-lygyny ýazypdyr. Dili peltek, giç dil çykaran çagalar altyn ýa-da kümüş gaplarda iýmitlendirilse, peýda etjekdigini belläpdir. Akyldar: «Altyn islendik haramy närsä-ni ýok edýär. Şonuft üçiri bu gymmat bahaly metal halallygyň gönezligidir» diýip ýazypdyr. Omar Haýýarayň pikiriçe, hapalanan şu-wy mejbury ýagdaýda içmeli bolsa, bir gaba şol suwdan alyp, içine altyn oklap bir salym saklamaly. Şondan soň şol suwy içmek bolýar. Häzirki zaman ylmy hem altynyň adama zyýanly mikrob-lary öldürýändigini doly tassyklady. Bu bolsa Omar Haýýamyň 960 ýyl mundan öft aýdan pikiriniň tassyklamasydyr. Traktatda altyn, arpa, naýza, ok we ýaý, at, çakyr we ş.m. hakda, zenanlaryň, ýigitlerift gözelligi barada gyzykly zatlar berlip-dir. Eserde patyşalar taryplanypdyr. Olaryň oňat taraplary barada aýdýar. «Eýran şalarynyň däpleri hakda» diýen bölümde şeýle mysallar getirilýär. Patyşalarda üç jenaýatdan başga günäleri geçýän däp bolupdyr.

Üçjenaýat:

1. Patyşalaryft syryny paş etmek.

2. Eýranlylaryň hudaýy Ýazdany masgaralamak.

3. Buýrugy ýerine ýetirmezlik.

Eýran şalarynyň salgyt ýygnamak meselesinde-de, günä eden hyzmatkärlerine jeza bermekde-de oňat taraplarynyň bolandygy bellenilýär.

Salgyt ýygnaýjy göz öňüne tutulandan artyk salgyt alaýsa, soň ol adama salgyt ýygnadylmandyr, olary jezalandyrypdyr. Günäli adama şobada jeza berilmändir, türmä salnypdyr. Soňra ony aklajak, günäkär däldigini subut etjek adam peýda bolmagy mümkin diýen umyt bilen köp wagt garaşypdyrlar. Şeýlelikde, şalaryň eden işleri bilen bilelikde geljekde etmeli işleri şalary öwmek arkaly görkezilipdir. Başga-da bimäçe rowaýatlar, anekdotlar mysal getirilipdir.

Rubagylar:

  • Aň-bilim ugrunda söý akyl-huşy,
  • Söýme bet kişini, ger tapsaň ýagşy.
  • Il-halka özüňi söýdürjek bolsaň,
  • Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.
    • At-abraý gazanmagy oslasaň,
    • Söýülmegi ýüregiňde besleseň.
    • Jöhit, tersa, müminleriň yzyndan,
    • Gybat etme, bir ýagşy at isleseň.
  • Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni!
  • Görküň utandyrdy aý şöhlesini.
  • Gözeüer baýram diýip ýüzün bezese,
  • Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony.
    • Gaýgy-gamy hergiz başa getirme,
    • Hasrat çekip, laýa batyp oturma. Kitapdan,
    • gözelden, gülzardan geçme,
    • Şat geçir ömrüňi, gapyl ötürme.
  • Dost tutun sen aňly hem dogry kesden,
  • Müň agaç daşda dur gylygy pesden.
  • Iç, eger bilimli zäher berse-de,
  • Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.
    • Jahanda hakyky mahluk adamzat,
    • Her kimiň pähmine girmez bu aňsat.
    • Aňlaýyş meýinden bir ýuwdum içseň,
    • Saýgarsyň mahlugyň haýsy kem, zyýat.
  • Çyn adamdyr diýme, köp diýip hünäri,
  • Seret ykraryna barmydyr ary.
  • Sözüniň üstünde tapylýan adam,
  • Mertleriň merdidir, ärleriň äri.
    • Başarsaň ynjytma hiç bir kimsäni,
    • Gazap odun ýakyp, berme nogsany.
    • Eger sen hemişe dynçlyk isleseň,
    • Ynjasaň-da, ynjytmagyn ynsany.
  • Ajal okun atsa, galkanlar hiçdir,
  • Ähli baýlyklara bakmaýan güýçdür.
  • Hemäçe syn etsem dünýäň işine,
  • Yagşylyk ýagşydyr, özgesi puçdur.
    • Çyn aşyklar bakmaz gömüşe, ýüze,
    • Dowzahy-behişdi hiç ilmez göze.
    • Ýassansa per ýassykýa gara daşy,
    • Ýüň, ýüpek geýse hem parhsyz diýr bize.
  • Jahanda saýlantgy, eý zülpi tarym,
  • Göz guwanjym, tende janym, sen barym.
  • Eý söýgülim, jandan eziz bir zat ýok,
  • Jandan-da ýüz esse ezizsiň, ýarym.
    • Saz bolsa, meý bolsa, gözel ýar bolsa,
    • Akar suw kenary hem gülzar bolsa.
    • Ölçerme ojagyn sönen dowzahyň,
    • Şudur jennet, eger jennet bar bolsa.
  • Bilýärmiň, söýgülim, haçandan bäri,
  • Bir güzer etmediň sen biziň sary.
  • Ne habar gönderdiň, ne özüň geldiň,
  • Biler ýaly sensiz çekilen zary.

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *