Ömrüme pent – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Ömrüme pent – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Sahyr! Sahyrlygyn çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyn çun bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.

Hem akyl ber, hem ilinden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyn demin bilen ýakyp al,
Son ýene-de ýerin süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkes-tirkes bulut bol.
Tesne görsen, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: mün ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.

Ýel ygyna saglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garsy ynyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Son tapylar, galan zady zynyp git.

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alandan son – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –
gözlerni hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen onup git.

Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýsen bolar erkek deý.
Ýöne weli sypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly donup git.

Sorasan aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat sodur.
Her basy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäs telpegi
bir gynaja danyp git.

Gözelligi
sor bagryna, öýkenne.
Söýülsen söý, söýulmesen süýkenme.
Söýgi hem gosgudyr! Kisä öýkünme,
Öz möhrüni, öz közüni goýup git.

Ýenip ýasa: ahyrda ýen, basda ýen,
Tomusda ýen, ýazda, güýzde, gysda ýen.
Söýginde ýen, gaýgynda ýen, isde ýen –
Bir
oguldan
ýenilip hem ýenip git.
Ýensin ogul
dil bilen däl, is bilen,

Senkä görä has ýitiräk hus bilen.
Aýak däl-de, parasatly bas bilen
Ýense ogul –
gözün rahat ýumup git.

Gözün sürtüp merhum enän alnyna,
Bir aglapdyn. Indi beri aglama:
Öz balany elin bilen jaýlama,
Nobatynda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegin-de
nobaty ýagsy,
Ýene ölmegin-de
nobaty ýagsy.
Men dine bir zatda nobata garsy:
Dost öýünde islän çagyn gonup git.

Basarsan – köplügin içine garys,
Tanysdan dost tutun, ýatlardan – tanys.
«Žigulin» içinden gözleme durmus,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýünde ýürekdes myhman –
Ýary isçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, sahyram hökman.
Üýsüp, çasyp,
çar tarapa enip git.

Seýle dostlar bilen gezsen birsellem –
Ýetersin in uly matlaba çenlem.
Gadamyn ginden ur!
Entekler ellem
Hol önde-le… Ýas hakynda dymyp git.

Haly wagtyn menzemegin kilime,
Diri wagtyn gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyn öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma das oturtmak sargyt däl.
Mele ýerin astynda-da das gyt däl,
Bakylyk sol:
Sol daslara sinip git.

Täze ýyl arzuwlary – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика