Oýun bilen çyn – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Oýun bilen çyn – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Gyrgyz bloknotyndan

«Bäs ýüz sany derýamyz bar»
Diýdi bize gyrgyzlar.
«In bolmanda bir derýany
Bize berin!» diýdik biz.
«Birini däl, onusyny
Alyn!» diýdi gyrgyzlar.
Aljak bolduk, aljak bolduk.
Çetindigin duýduk biz.

«Berdi aga golun çyzga,
Äkideli birini,
Aman aga ýapys senem
Bir kenardan!» diýdik biz.
Kän synandyk, hiç tapmadyk
Götermegin tärini.
Ýene seýdip derýalary
Öz ýerinde goýduk biz.

«Bäs mün sany jülgämiz bar
Diýdi bize gyrgyzlar.
«In bolmanda bir julgäni
Bize berin!» diýdik biz.
«Bir jülge däl, ýüz jülgäni
Berýäs!» diýdi gyrgyzlar.
Aljak bolduk,
kän dyrjasdyk,
Kyndygyny duýduk biz.

«Anna Kowus beýdip durma,
Pälwan bolsan – ber eli
Säher Borjak, senem ýapys.
Bir çetinden – diýdik biz.
Emma ýene tapylmady.
Götermegin emeli.
Ýene seýdip jülgeleri
Öz ýerinde goýduk biz.

Çingiz diýdi: «Berildimi –
Almalydyr sowgady,
Gyrgyzlaryn däbi seýle.
Sypmarsynyz beýdip siz!»
Berdi aga murtun sypap,
Diýdi: «Her bir myhmana
Munça sowgat paýlasanyz,
Galaýman siz ädiksiz!»

Çingiz gülüp hezil etdi.
Hemmelerem gülüsdi.
On derýany, ýüz jülgäni
Goýup gaýtdyk seýdip biz.
Almaly zat ynsan üçin
Yssy bora çemeli,
Anna diýdi: «Öýlermize
Bos bararys nädip biz?»

Bu zatlaryn bary oýun…
Çyny onson baslandy.
Sol derýalan kenarynyn
Adamlaryn söýdük biz.
Ýüz kenarda dynç alyndy,
Ýüz kenarda düslendi.
Gözellige tagzym edip,
Telpegmizi goýduk biz.

Telpegmizi goýduk weli,
Ýene telpek berdiler.
Sekiz türkmen sekiz ýerden
«Ak galpagy» geýdik biz.
Nirä barsak «tuyskan» diýip,
Gujaklaryn gerdiler.
Ýüz saçakdan gymyz içip,
«Bäsbarmagyn» iýdik biz.

Saçaklaryn degresinde
Poeziýa geplesdi.
Her tost üçin gosgy okap,
Käsä serap guýduk biz.
Emma käte, gosgy bilen
Proza-da seplesdi:
«Hemme halklan, dostlugyna
Göterelin!» diýdik biz.

Emma hiç kim ol sözlere
Prozadyr öýtmedi.
Bütin dünýän geljeginin
Sondadygyn duýduk biz.
Derýan, jülgän deregine
Dostluk bilen ýüklenip
Öýe geldik… Nirä gitsek
Gaýdyp gelýäs seýdip biz.

Respublikam meniň – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика