Özüme – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Özüme – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

On üçmi
Ýa on dört ýasap,
Çepek geýip, ile çykdyn.
Galamyny dula taslap,
Çep gulakly pile çykdyn.

Atan öldi. Towlanmadyn.
Mönnürmedin. Togalanmadyn.
(Ýa-da juda oglanmydyn?
Ne sebäpden beýle çykdyn?

Aga ýitdi, ata öldi,
(Gezermikän hülli-hülli!)
Ýöne Senin bagtyn geldi –
Enen bilen ýola çykdyn.

Kabul etdi agras Tejen,
Bugdaýlary gonras Tejen.
Burugsa, burugsat, Tejen.
Bir ot gözläp, seýle çykdym.

Alym Tejen oda derek
Berdi ot dek bugdaýorak…
Dabanlaryn darak-darak,
Sagdan ordun, sola çykdyn.

Ýer ýüzüni bugdaý edip,
Her dessesin bogdak edip,
Bogdagyny baýdak edip,
Ýenis üçin ýola çykdyn.

Gazdyn gazy, çyzdyn gosgy.
Ýesir etdi gyzlan ysgy.
Haýsyn görsen –
sol hem ýagsy.
Bir täsinje
Owlajykdyn.

Mäledin sen, mäledin sen
Birin hasam haladyn sen.
Barmy pulun, haladyn sen?
Ýokdy. Derrew nola çykdyn.

Basky Söýgin ýykdy aldap.
Böküp turdun… Boldun soldat.
Gaýdyp geldin.
Dostlan goldap,
Bir gözeli dula çekdin.

…Sapak berdi alym, hatdat.
Öýün kitap, ýükün kitap,
Gündiz ýanyp, gije tütäp,
Sahyr boldun,
«molla» çykdyn.

Iller sana diýdi sahyr.
Azda-kände adyn zahyr…
Diri wagtyn bolma pahyr,
Çyksan
lowlap
ile çykgyn!

Sahyrlyk bir janly kerwen.
(Ýolda dinlen, öýde dinlen!)
Dinlenmesen
ýene derrew
Çep gulakly pile çykgyn…

Hanhajykka – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика