Rubagy – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Gadym atalarmyz babalarmyz-da
Hüwdulenipdirler rubagy bilen
(39-njy rubagydan)

Prolog

Ýene moda girýär rubagy ýazmak,
Onun her setiri – bir bagy ýazmak.
Ol sonun üçinem rubagy borly –
Çar setiri ýazmak – çar bagy ýazmak.

Bir bagdan gelmeli akylyn ysy,
Bir bagdan gelmeli çokulyn ysy,
Gün ysam, Ýer ysam
ona gatysyp,
Burnuny gapmaly nakylyn ysy.

Baý, baý, kyn eken-ow bu kärin Omar.
Akyl, Çokul, Gün, Ýer – dört sany damar.
Dört damary tapyp, tutup bilmeli.
(Birisin tutmakdan habar ber, habar!)

Rubagy ýazýanlar sanagly bolar,
Hemmesi-de ilde soragly bolar.
Gyz setirler – menzär Agaýunusa,
Erkejik setirler – Görogly bolar.

Rubagy ýazylmaz kapyýa üçin.
Gazetde bir gezek çapyýa üçin.
Eger-de çyn bolsa rubagylygy –
Ýürekde çap bolar bakyýa üçin.

Käbir kapyýalam agsaklap barýar,
Käbir setirlerim towsaklap barýar.
Zyýany ýok. Süri agsaksyz bolmaz.
(Agsaklar in yzdan syr saklap barýar!)

Dört setir – dört çagam.Hyzmatda bary:
Birinjim Garaja, ikinjim Sary.
Üçünjimin adyn nädip aýtsamkam?
Öýkelejek bolýar dördünji Çary.

Üçünji setire agtaryp bir at,
Dogulanja güni dakypdym Myrat.
Körpejäm Çaryjyk basdaslyk edýär:
«Ol myrat berenok. Men berýän myrat!»

Bagrymy garaldýar Gara kösegim,
Gözümi saraldýar Sary kösegim.
Ýöne bir ugruksa, sonun onarýar
Myratjygym bilen Çary kösegim…

1

Sol beripdi Bas söýginin mähnetin…
Nirelere alyp gitdi kysmatyn!
Aglaýan bolsan-da gülýän bolsan-da,
Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin!

2

Megerem bagtlysyn. Onýansyn mensiz.
Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.
Kyrk mün setir gosgy döreden bolsam –
Her harpyn içinde Sensin, Sensin, Sensin…

3

Ömrün menzillerden menzile ýetsin.
Men senden önürti süýneýin sessiz.
Gara habar güni
gara gözünden
Bir gara ýas damsa, sol mana besdir

4

Rubagym söýgüden baslandy seýdip.
Indi munun-yzy giderkä nädip?
Dünýäde söýgi kän, haýyr kän, ser kän,
Haram kän, halal kän… Gidiber gädip.

5

Önümden çykdy-da, diýdi bir daýhan:
«Wiý, wiý, men-ä size barýardym myhman!»
«Ýör, myhman!» Yzyma hyrra öwrüldim.
Ýol hökmandy. Myhman has beter hökman.

6

Ýanyrak bir ýerde gördüm bir toýy.
Arzuwlar aýdyldy goýudan-goýy.
Söz berildi çynar boýly ýigide –
Gepinden utanyp aglap dur boýy.

7

Dasyndan seretsen – dursuna edep.
Sözi-de, ýüzi-de giden bir mekdep.
Bir minut içine girip bolsady –
Tapmazdyn dünýäde sondan biedep.

8

Ynha rubagylam düsdüler ýola.
Biri saga çekýar, birisi sola.
Aýby ýok! Hemmesi adam hakdadyr.
Ahyry ählisi üýser bir dula.

9

– Gonsy, ugur nirä? – Rektoryn ýanna,
– Hä, okuwa girjek bolýarmy Anna?
– Anna ýatdan çykdy!» Üç sany ýegen
Üç aýlap gos basyp ýatyr eýwanda!

10

Aý geçýär, ýyl geçýär, Üýtgeýär moda!
On masyn modady. Indi – pyýada!
Köçä çykdym. Masynlylar ank boldy:
– Hanha pyýada bar! Hanha pyýada!

11

Bir dostum täzelik buslady su gün,
Begenip, gözlerin ýaslady su gün.
Diýdi: «Altmys ýasa ýeten ýolbasçym
Çeper kitap okap baslady su gün!»

12

Jaý aýdylan sözün minneti bolmaz.
Gijä galan sözün gymmaty bolmaz.
Rubagym su güne hyzmat etmese.
Ertirki güne-de hyzmaty bolmaz.

13

– Gonsy, bu ses näme! Bu kimin sesi?
– Su jaýa täzeräk gelenin sesi.
– Kim ol täze gelen? Gonsym ýylgyrdy:
– Aý, nemeläý… täze gelinin sesi.

14

Söýýäni gyzlardy, gözlegi gosgy.
Asygy aýdymdy, myhmany bagsy.
Indi öz gyzlary ýetisdi weli,
Arza ýazýar ysky aýdyma garsy.

15

Zähmet zehin berýär, zehin hem – häsiýet,
Häsiýet pähim berýär, pähim hem – hormat.
Sol bäsisi senin doly ömründir,
Birisi ýetmese – gädikdir kysmat.

16

Beýik Pyragy dek dyzyna çöküp
Ýazmaklyk hökman däl. Ýaz daga çykyp!
Ýöne Aýa çykaý – sahyr bolmarsyn
Beýik Pyragynyn üstunden böküp.

17

Sadagan bolaýyn, pähimli dusman!
Eý, owunjak dusman, men senden gorkýan.
Owunjaklar bilen hut özi ýaly
Ownuklasman
nädip düsünsip borkan?

18

Ynanypdym dilindäki syrrylda,
Son düsündim gözündäki pyrrylda.
Edil görejimin içine bakyp,
Aldap dur ol. Toba-essagpyralla!

19

Dünýänin ýüzünde uly zat – ygrar.
Ygraryn ýuwdana donuzam gargar.
Donuza gargadyp ýasap ýörenden,
Ony ýuwdan günüm, ölmäge taýýar.

20

Ömrüm – hapalyga hüjümdir menin.
Ömrüm – tämizlige hajymdyr menin.
Il günäsin aýtmak zerurdyr weli,
Öz günämem aýtmak borjumdyr menin.

21

Syrkaw soramaga gitjekdim su gün.
Bir bahana tapyp, ýaltandy göwün.
Ynha indem nan symyslap otyryn,
Nädip ýuwdup bilýän? Düwün, eý, düwün!

22

Gahar – zalym. Ogla bir sarpyk çaldym.
Horkuldap aglady. Duýmadyk boldum.
Sonda ýüregimi dinlän bolsadyn –
Men senden beterräk aglapdym, oglum.

23

Bir zadyn üstünde yrsarap kä gün,
Biderek agyrtsan keýwanyn göwnün,
Ol – gahardan ýana uklap bilenok,
Sen – gynanyp, uklap bilenok so gün.

24

Bu bir durmus. Munda kän zat bolup dur.
Ýandak gülläp otyr, bägül solup dur.
Sana akyl berýär in samsyk adam,
In akylly adam akyl alyp dur.

25

Poema baslamda onatdy keýpim.
Bas Söýgim bir ýerde basýardy seýkin.
Ýany
gök gürlän dek bir habar geldi:
«Onun ötenine eýýäm iki gün…»

26

Sobada özümi goýberdim asak:
«Ona nädip dözdün, eý Ajal-pessap?»
Ol diýdi: «Gelinmi, sahyrmy, gyzmy –
Men üçin çigit dek tapawudy ýok!»

27

So ýerden ylgadym mazara garsy.
Sabyrdap ýagýardy gök maýyn ýagsy.
«Taýsan-da ylgaber! – diýdim özüme –
Taýsan ýagsy, ölsen ondanam ýagsy…»

28

Alnym bilen öpdüm mazaryn üstün.
Gum saralyp ýatyr misli bir possun.
Ýerden owaz çykdy: «Eý, yskyn ogly,
Indi ýanma, önki ýananyn besdir!…»

29

Rubagylam, sizi batyrdym gama.
Söýgüden baslapdym, çümdürdim Guma.
DURMUS DOWAM EDÝÄR, gözýasyn süpür,
Häzir ýer üstünden gideli öne.

30

Enen bilen bir kesigi dartyp git,
Atan bilen bir ädigi ýyrtyp git.
Olar düýsünde-de buýursa ýumus,
Zöwwe turup, so tarapa ýortup git.

31

Bir ýoldasym üçin aýaman wagt,
Gözlerimi satyp äberdim bagt.
Emma gözüm satyp kömek edenim
Ertir bir sag boly bermedi mugt.

32

Birowaç isini etmäge rowaç,
Biri boýun satyp gözlese alaç,
Is bitirse – bir «sag bola» mätäçdir,
Bitirmese – on bäs «sag bola» mätäç.

33

Bir rubagy ýazdym. Onat gordüler.
Bahasyn bir gyzdan gymmat gördüler.
Gazetlen birine getirdim weli,
Her setirne ýarym manat berdiler.

34

Sen näme nebsine topulýan eýýäm?
Bäs rubagy ýazyp, hopugýan eýýäm?
Gaýtmysym diý! Gara nebsini unut!
Bir köpük almanam ýazypdyr Haýýam.

35

Rubagy diýen zat köp dürli basdyr –
Bahardyr, Tomusdyr, Güýzdür hem Gysdyr.
Yssysy, salkyny, sowgy bolmasa,
Owadan bolsa-da sol setir bosdur.

36

Bir rubagy okap bir Hökmürowan,
Berenmis diýýärler seýle bir perman:
«Sahyr sallah bolsa – gyzym sonunky,
Ýogsa-da bar malym basyna gurban!»

37

Bir rubagy okap ýene bir Häkim,
Berenmis diýýärler basga bir höküm:
«Ýazan merhum bolsa – gabryny otlan,
Gezip ýören bolsa – gözüni çekin!»

38

Diýsek-de: «Her kimin öz bagy bolar»
Beýik rubagyçy – Pyragy bolar.
Üçünji setirin dördünji etsen –
Köp gosgusy ajap rubagy bolar:
«Magtymguly, könle gaýgy getirme,
Bu bir is wagtydyr, özün ýitirme.
Jahan gindir, çendan bilen-de bardyr,
Sözüm dinlän ýok diýp, ümsüm oturma…»

39

Däldir rubagy bir ýerden gelen.
Ol menin ilimin ganyna sinen.
Gadym atalarmyz, babalarmyz-da
Hüwdülenipdirler rubagy bilen:

«Allan, allan edeýin.
Baga sallan edeýin,
Bagyn gyzyl gülüni
Sana gurban edeýin…»

Rubagy diýmeklik – ýer çörek diýmek.
Dört ýylda bisirdim kyrk sany çörek.
Ony bisirmek hem hyllalla weli,
Çeýnäp iýmegi-de basarmak gerek.

Sonlama

Komsomol salamyn ýollap «Ýaskoma»,
Sorapdym bir mahal: «Poema näme?»
Bir edebi isgär ýazypdy jogap:
«Kyrk kuplete ýetse, sodur poema!»

Ynha kyrk kupledim tamama geldi.
Al «Ýaskomum»: täze poema geldi.
Hos, Garajam, Sarym,
Myradym, Çarym!..
Beýleki çagalam salama geldi.

Ýürek poemasy – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *