Rubagylar – Omar Haýýam

Rubagylar – Omar Haýýam

Rubagylar

Aň-bilim ugrunda söý akyl-huşy,
Söýme bet kişini, ger tapsaň ýagşy.
Il-halka özüňi söýdürjek bolsaň,
Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.

At-abraý gazanmagy oslasaň,
Söýülmegi ýüregiňde besleseň.
Jöhit, tersa, müminleriň yzyndan,
Gybat etme, bir ýagşy at isleseň.

Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni!
Görküň utandyrdy aý şöhlesini.
Gözeüer baýram diýip ýüzün bezese,
Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony.

Gaýgy-gamy hergiz başa getirme,
Hasrat çekip, laýa batyp oturma. Kitapdan,
gözelden, gülzardan geçme,
Şat geçir ömrüňi, gapyl ötürme.

Dost tutun sen aňly hem dogry kesden,
Müň agaç daşda dur gylygy pesden.
Iç, eger bilimli zäher berse-de,
Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.

Jahanda hakyky mahluk adamzat,
Her kimiň pähmine girmez bu aňsat.
Aňlaýyş meýinden bir ýuwdum içseň,
Saýgarsyň mahlugyň haýsy kem, zyýat.

Çyn adamdyr diýme, köp diýip hünäri,
Seret ykraryna barmydyr ary.
Sözüniň üstünde tapylýan adam,
Mertleriň merdidir, ärleriň äri.

Başarsaň ynjytma hiç bir kimsäni,
Gazap odun ýakyp, berme nogsany.
Eger sen hemişe dynçlyk isleseň,
Ynjasaň-da, ynjytmagyn ynsany.

Ajal okun atsa, galkanlar hiçdir,
Ähli baýlyklara bakmaýan güýçdür.
Hemäçe syn etsem dünýäň işine,
Yagşylyk ýagşydyr, özgesi puçdur.

Çyn aşyklar bakmaz gömüşe, ýüze,
Dowzahy-behişdi hiç ilmez göze.
Ýassansa per ýassykýa gara daşy,
Ýüň, ýüpek geýse hem parhsyz diýr bize.

Jahanda saýlantgy, eý zülpi tarym,
Göz guwanjym, tende janym, sen barym.
Eý söýgülim, jandan eziz bir zat ýok,
Jandan-da ýüz esse ezizsiň, ýarym.

Saz bolsa, meý bolsa, gözel ýar bolsa,
Akar suw kenary hem gülzar bolsa.
Ölçerme ojagyn sönen dowzahyň,
Şudur jennet, eger jennet bar bolsa.

Bilýärmiň, söýgülim, haçandan bäri,
Bir güzer etmediň sen biziň sary.
Ne habar gönderdiň, ne özüň geldiň,
Biler ýaly sensiz çekilen zary.

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика