Şahyryň gözi – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Şahyryň gözi – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Illerin gözünden üýtgesik däldir
Sahyryn gözi.
Edil senki ýaly Ak, Gara köldür
Sahyryn gözi.

Emma sol Gara, Ak sereden çagy,
Has ýagsy saýgarar garany, agy.
Gözün anrysyndan ansyrar çygy
Sahyryn gözi.

Gözünin içinden bagry sereder,
Bagrynyn içinden sygry sereder.

Hiç haçan sapajak-supajak etmez –
Görejin içine dogry sereder
Sahyryn gözi.

Görejin içinden ýüregni görer,
Halal, haram iýen çöregni görer.
Garaz, özi üçin geregni görer
Sahyryn gözi.

Seýle seretmegi basarmadymy –
Däldir ol
Sahyryn gözi.

Özüme – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика