Seýit Nesimi – (1370-1417)

Seýit Nesimi – (1370-1417)

Seýit Nesimi

(1370-1417)

Nesiminiň ömri-durmuşy

Gadymy Gündogaryň edebiýat älemindäki baky şöhle saçyp duran ýyldyzlaryň iň nuranalarynyň biri Seýit Nesimidir. Ol özüniň türkmen, pars hem arap dillerinde çuňňur pelsepä ýugrup ýazan özboluşly şygyrlarynda ýöreden dürdäne pikirleri bilen däl, şol ajaýyp eserlerinde öňe süren ynsanperwerlik, hakykatçylyk, deňlik baradaky pikirleri, sopuçylygyň beýleki ugurlaryna garanda yslama has batyrgaý garşy duran hurufylygy ündänligi üçin din wekilleri tarapyndan iň elhenç jezadiriligine dabanyndan depesine çenli hamyny sypyrmaklyga höküm edilenligi bilende, öz pikirleriňe wepadarlygyň, dumuklylygyň hem çydamlylygyň nusgasy hökmünde-de Gündogar halklarynyň arasynda giňden meşhurdyr. Onuň ady özün-den öňki hem döwürdeş şahyrlaryndan Rudaky, Ferdöwsi, Omar Haýýam, Enweri, Nyzamy, Sagdy, Hapyz, Jamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik söz ussatlary bilen bir hatarda goýulmaga doly mynasypdyr.

Nesimi, takmynan, 1370-nji ýylda Yragyň paýtagty Bagdat şäheriniň go-laýyndaky Nesim diýen obada hünärmendiň maşgalasynda dünýä inýär. Şahyryň doly ady Seýit Ymadeddin Abulfazyl Nesimi bolup, soň öz eserlerini Nesimi we Seýit ady bilen ýazypdyr.

Seýit eýýäm çagalygyndan başlap özüniň üýtgeşik zehinliligi bilen döwür-deşleriniň ünsüni özüne çekipdir. Şeýle ýiti zehinliligini, ylma-bilime yhlasyny gören hossarlary onuň şol zamanyň iň sowatly adamlarynyň biri bolup ýetişmegine ýardam edipdirler. Ol öz ene dili bolan türkmen dili bilen bir hatarda arap, pars dillerini-de diňe bir gepläp, ýazyp biler ýaly derejede däl, eýsem şol dillerde aja-ýyp şygyrlar hem döredip biler ýaly derejede kämil bilipdir. Seýit Gündogaryň iň esasy ylym ojaklarynyň biri bolan Bagdatda okap, mantyk, tebigat, astronomiýa, matematika, dini hem gumanitar ylymlary, pelsepe, edebiýat, taryh ýaly ylmyň dür-li pudaklaryny düýpli öwrenipdir. Arap, pars hem türki şygryň ajaýyp nusgalaryny özleşdiripdir, olardaky dürdäne pikirler bilen aňyny-düşünjesini baýlaşdyrypdyr. Yaşlykda şäher hünärmenleriniň dürli senetkärleriniň arasynda bolmagy-da geljek-ki şahyr hem pelsepeçi akyldar Seýidiň dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde, ös-meginde ep-esli rol oýnapdyr.

Seýidiň dürli röwüşdäki edebi-syýasy ugurlar, akymlar, olaryň gömükli we-killeriniň durmuşlary, döredijilikleri bilen giňden hem çuňňur tanyşmagy bolsa şul nukdaýnazardan kesgitleýji rol oýnapdyr.

Döredijilik işine ýaşlykdan başlan şahyr ilkinji şygyrlaryny Seýit, Seýidi lakamy bilen ýazypdyr. Özünden bäş asyr öň ýaşap geçen sopuçylyk akymynyň ilkinji hem iň gömükli wekillerinden biri şahyr Hüseýin ibn Mansur al-Hallajyň (858-922) Bagdatda asylyp öldürilmegi, onuň sebäpleri ýaş şahyry diýseň gyzyklandyrypdyr.

Mansur Eýranyň Fars welaýatynyň Baýda diýen ýerinde doglupdyr, köp ýer-lerde sergezdanlyk edipdir, ýagny Ahwazdan Horasana, Orta Aziýanyň üsti bilen Hindistana, ondan hem Mekgäniň üsti bilen aýlanyp, 908-nji ýylda Bagdada gelýär. 01 özüniň sopuçylyk ýörelgelerini ündäp, töwereginde ep-esli meslekdeş toplapdyr. 5-6 ýyl geçip-geçmänkä, ony dine garşy gitmekde aýyplap, ýedi ýyllap zyndanda saklap, ýedi aýa çeken sud seljermesinden soň, mollalaryň pitiwasy bilen ilki dar-dan asyp, dürre bilen biçak köp urýarlar, soňra bolsa kellesini kesip, jesedini hem ýakýarlar. Seýit bu jepakeş adamyň ömrüne hem ündän ýörelgelerine-pikirlerine degişli maglumatlar, onuň şygyrlary bilen içgin tanyşýar. Onuň öňe süren pikirleri, şol pikirlere wepadarlygy, dumuklylygy hem mertligi ýaş şahyra uly täsir edýär. Onuň kalbynda Mansura belent söýgi döreýär.

Nesiminiň Mansurdan alyp göteren panteizm taglymaty Hudaýy inkär etme-ýän-de bolsa, oňa bolan garaýyşda yslam bilen bütinleý ters. Yslam dini boýunça Hudaý tebigatdan daşarda durýan, görüp hem duýup bolmaýan ýeke-täk ebedilik ruhdur. Panteistler bolsa Hudaýa bütin tebigat, onuň dürli gömüşleri bilen bite-wülikde düşünýärler. Mansuryň din wekilleriniň talap etmekleri bilen gynalyp öldürilmegi-de hut şonuň üçindir.

Soňra bolsa Seýit sopuçylygyň yslama düýbünden garşy akymy-hurufizm pelsepesiniň esasyny goýan Fazlylla Naýymy Astrabady al-Hurufy bilen tanşypdyr. Naýymynyň pelsepesi oňa has hem ýarapdyr. Ol Fazlyllany öz mugallymy, haly-pasy hasaplapdyr. Şondan soň ol öz eserlerini hurufylyk äheňinde ýazyp, özüne-de halypasynyň Naýymy lakamy bilen ugurdaş hem doglan ýeri bilen baglanyşykly Nesimi lakamyny alýar.

Naýymy biçak öndümli işlän şahyr bolupdyr. Özüniň eserlerinde we daşyna toplan şägirtleri bilen edýän gürrüňlerinde diňe şol zamanyň zalymlyklaryna garşy çykýandygy üçin, Naýymy gaty ýanalypdyr, yzarlanypdyr. 01 dilden hem hat üsti bilen öz şägiritleriniň jezalandyrylmakdan gutulmakdan ötri ýurt salmaklaryny maslahat berýär. Onuň iň tanymal şägirtleri Seýit Nesimi, türk şahyry Rafygy, Ka-sym al-Enwer lakamyny alan pars şahyry Seýit Kasym, Seýit Ishak, türk şahyrlary Perişde ogly, Aly al-Ala we başgalardyr. Yzarlama uzaga çekmeýär. 1394-nji ýylda 54 ýaşynda Naýymy din wekilleriniň pitiwasy bilen «dinsizlikde», «kapyrlykda» aýyplanyp, Teýmirleniň ogly Miranşa tarapyndan öldürilipdir.

Güýçli jezalandyrmalar zerarly hurufylar Eýranyň çäklerinden çykmaly bol-ýarlar we Türkiýede düýpli omaşypdyrlar. Olaryň Naýymydan soňky iň gömükli wekili Nesimi hem Türkiýä-Anadola gitmeli bolupdyr. Indi ol humfylaiyň esasy baştutanyna öwrülýär.

Onuň daşyna şol ýeriň gömükli şahyrdyr alymlaryndan köpsanly şägirtler ýyg-nanýar.

Şahyr din wekilleriniň güýçli yzarlamalary zerarly dogduk mekany Bagdady terk etmeli bolanda, onuň maşgalasy, bütin hossarlary şol ýerde galypdyr. Muny ýat ülkelerde sergezdanlyk edýärkä, olaiy ýatlap şygyrlar ýazmagy, Bagdada ýörite salamnamalar ýollamagy («Bagdada bar, eý kasyt! elt şol habary kim») hem görkezýär.

Şol sergezdan bolup ýörşüne Nesiminiň atasy duýdansyz aradan çykýan bol-maga çemeli. Bu ýakymsyz habary ýat ülkede eşidip, «yrak ýoldan gelmeli» bolany üçin, atasynyň üstüne ýetişip bilmedik şahyr gözýaş bilen şu setirleri aýdýar:

Wah, meni derdi-belalarga duçar etgen ölüm!

Ygtyýarymny alyp, biygtyýar etgen ölüm!

Bu garyplyk şähride awaza-sergezdan bolup,

Bala aldyrgan keýik dek intizar etgen ölüm!

Men yrak ýoldan gelip men, kaýda sen, janym atam?!

Görgöli Seýdiňni zaru-intizar etgen ölüm!

Şeýle häsiýetdäki şygyrlar başga-da bar.

Hurufylary, ylaýta-da, Naýymydan soň olaryň baştutany hasaplanýan Nesi-mini Türkiýede-de yzarlap başlapdyrlar. Şonuň üçin hem Nesimi ol ýeri hem terk etmäge mejbur bolup, özüni Siriýanyň Halap şäherine atypdyr. Şahyr bu ýerde-de özüne köp-köp şägirtlerdir ýaranlar toplap bilipdir. Ol şol şäheriň walysy Ýaşbuka bilen-de gowy gatnaşykda bolupdyr. Muňa bolsa din wekilleri görübilmezçilik edipdirler. Nesimini ýazgarmak, masgaralamak, Halap walysy bilen arasyna çöp atmak üçin her hili töhmetlere ýüz urupdyrlar. Olar Nesiminiň köwşüniň astyna Kuranyň «Ýasyn» süreli sahypasyny ýelmemeklige çenli baryp ýetipdirler. Käbir rowaýatlara görä, onuň pajygaly ölümine sebäp bolan zatlaryň biri-de şol bolara çemeli.

Bir gezek, rowaýata görä, Nesimä gara sürtmek isleýän şol dindarlar bildirmän, şahyryň aýakgabynyň astyna Kuranyň birki kagyzyny ýapyşdyrýarlar. Soňra Nesiminiň özüniň-de gatnaşmagyna şäher walysynyňkyda otyrkalar, dindarlar wa-lydan: «Eger siziň eliňizde köwşüniň astyna «Ýasyn» süresini ýelmäp bir adam düşäýse näderdiňiz?» diýip sorapdyrlar. Waly olara: «Derisini soýardym» diýip jogap beripdir. Şol wagt dindarlar oňa Nesiminiň köwşüni getirip berýärler.

Bimäçe çeşmelerde gaýtalanýan bir maglumata görä bolsa, Nesiminiň öldü-rilmegine sebäp bolan zat başgaçarak. Bir gezek Nesiminiň Halapdaky şägirtlerinden biri onuň:

“Hakbin nazary baýed, ta ruýe-mera bined,

Çeşmi ki,biwed hudbin, keý ruýe-huda bined.

Ýagny:

Görmek üçin meniň ýüzüm, gerek hak ýüzün görýän göz,

Hudaý ýüzün neneň görsün diňe öz-özün görýän gözi“

diýen setirler bilen başlanýan bäş beýt parsy gazalyny aýdyp ýörkä, dindarlar tarapyndan tutulýar. Ondan: «Bu kimiň gazaly?» diýip soranlarynda, ol halypasyny halas etmek üçin: «Meniňki» diýip jogap berýär. Netijede, dindarlaryň pitiwa ber-mekleri bilen, öldürmek üçin ony dar agajynyň astyna eltýärler. Ahwalaty eşiden Nesimi bada-bat şol ýere ýetişýär-de: “Ony goýberiň, näme jezaňyz bolsa, maňa beriň, şygyr meniňki” diýip, bigünä şägirdini ölümden halas edýär. Ozaldan hem Nesiminiň ganyna suwsap ýören Halap mollalary dardan asmaklygy-da aňsat ölüm hasaplaýar, onuň görlüp-eşidilmedik wagşyçylyk bilen öldürilmegine-diriligine dabanyndan depesine çenli hamynyň soýulmagyna pitiwa berýärler. Emma Nesimi munuň üçin müzzermän, gaýta mert durup, şu aşakdaky gazalyny aýdýar:

Ähli iman işlerin şol demde inkär etdiler:

Çün Nesimini Halap şährinde berdar etdiler.

Kazylar pitiwa beriwan, hakny batyl kyldylar,

Küfr edip imana gelmez, gelmäge ar etdiler.

Hak maňa söz sözledi, emr etdi, menem sözledim,

Sözledim dessan edip, älemde derkar etdiler.

Soýdular, çykardylar şol dem Nesiminiň terin,

Ýyglaşyp gökde melaýyk…jümlesi zaretdiler.

Eý Nesim, wasyl olduň halyky-rahmana sen,

Jennetil-mawany gör kim, ýemi gülzar etdiler.

Sebäbi şondan öň ol beýle şygyr aýtmazdy. Diňe bu hem däl. Biziň pikirimiz-çe, ol özüniň «Jellatlar», «Seyid-ä» atly gazallaryny-da şol wagt aýdypdyr. Gazal-lary şahyryň bu pajygasyna gynanan hem gazap bilen syn edip duran şägirtleri ýat bekläp, soňra kagyza geçiren bolmaklary ähtimal, çünki, beýle pursatda Nesiminiň özüniň eline kagyz-galam alyp, şygyr ýazyp oturmaga mümkinçiligi bolan däl bolsa gerek, sebäbi ol «Jellatlar» gazalyny eýýäm soýlup ugrandan soň aýdana meňzeýär. Onda şeýle setirler bar:

Dabanymdan bardylar, topugma dogry soýdular,

Anda kyldy tende janym datlar-perýatlar.

Un pyçak synamga ýetdi, ýüregim müň datlar,

Anda hem kim dadymyzny bermedi jellatlar.

Soňky deminde diýen ýaly aýdan «Seýidä» gazalyny bolsa ol, biziň pikiri-mizçe, Bagdatda özi bilen ösüp ulalan, soňra şol ýeriň emiri bolan, emma şeýle pur-satda delalaty degmedik bir: dostsumagyna bagyşlan bolara çemeli. Muny ondaky:

Hakda wasyldyr Nesimi, gel, gör indi, Seýid-ä!

Sen ki Bagdadyň emiri, gel, gör indi, Seýid-ä!

Syrry-halymny saňa men aýmyş erdim owwal-a,

Kowluňda gerçek degilsen, gel, gör indi, Seýid-ä.

 

Garaz, din hadymlarynyň pitiwasy bilen edilen elhenç höküm ýerine ýetirilip başlanýar. Çeşmelerdäki maglumatlara görä, soýulýarka, köp gan gidip, Nesiminiň reňki agyp, saralyp ugraýar. Şonda ruhanylaryň: «Ýeri, Nesimi, reňkiň ne beýle saralýar-la?» diýen teýeneli sowallaryna: «Men ebediýet äleminde doglan yşk güneşidirin. Güneş hem ýaşýan mahalynda saralýar ahyryn» diýip jogap gaýtarýar. Bu onuň ruhanylara: «Siz meni fiziki taýdan ýok etmegi başarsaňyz-da, baky Güneş mysaly hakyky ynsanlary ýyladýan meslegimi (ideýamy) ömürlik ýaşyryp bilmersiňiz, gyzar ikindin ilerde öçügsilenip, sallanyp duran Günüň ertesi gaýradan gözüňi gamaşdyryjy şöhle saçyp dogşy ýaly, onuň geljekde özümden-de nurana, güýçli hem bagtyýar ynsanlaryň keşbinde ýalpyldajakdygyna ynanýaryn!» diýdi-gidi. Soňra şahyryň şeýle wagşyiyk bilen öldürilmegine pitiwa beren ruhany: «Bu tüýs bir melgundyr. Kimiň bir ýerine onuň ganyndan ýeke katra damsa, süpürip ýa ýuwup däl-de, hökman kesip aýyrmalydyr» diýýär. Şol wagt bir damja gan onuň öz barmagyna syçraýar. Öňden hem näderini bilmän, gahar-gazaba dolup duran jemagat ondan Öz barmagyny kesdirmegi talap edýär. Zähresi ýarylan Ruhany: «Men ol sözi mysaly aýtdym, onuň ýazylan ýeri ýok» diýip, nadaralyk edýär. Şol wagt aglaba ýeriniň hamy eýýäm sypyrylan beýik şahyr iň soňky güýjüni jemläp, şeýle bir bent aýdýar:

Zahydyň bir barmagyn kesseň, dönüp hakdan gaçar,

Gör, bu misgin aşygy, serpa soýarlar, aglamaz.

Heniz görlüp-eşidilmedik bu aýylganç pajygaly waka Siriýanyň Halap şäherinde 820-nji hijride, ýagny 1417-nji ýylda bolup geçýär.

Nesiminiň mazary Halabyň köne galasynyň çep tarapyndan gidýän köçäniň başlanýan ýeriniň sag ýüzündäki ilkinji binada ýerleşýär. Ol ýer köp asyrlar bäri adamlaryň gelim-gidimli, hormat goýýan ýerine öwrülipdir.

Nesiminiň döredijiligi

Orta asyrlardaky Gündogar pelsepesinde şol zamanyň pelsepeli şygryýeti-de uly orun tutýar. Şol şygryýete bolsa Mansur Halaç, Rudaky, Ferdöwsi, Abu Sagyt Mähneýi, Omar Haýýam, Nasur Hysrow Merwezi, Enweri, Nyzamy, Sagdy, Emir Hysrow Dehlewi, Mahmyt Pälwan, Jelaleddin Rumy, Senaýy, Attar, Fazlylla Naýymy, Jamy, Nowaýy ýaly söz ussatlary bilen birlikde Seýit Ne-simi hem özüniň uly goşandyny goşan şahyrdyr.

Sopuçylygyň beýleki wekillerinde bolşy ýaly, Nesiminiň döredijiliginde-de «ýar», «mahbup», «gözel», «nigär» ýaly sözler käte Hudaýyň bir ady gömüşinde gelýär. Onuň eserleriniň içinde gabat gelýän: «Her ýana kim bakar ýüzüm, ýary görer anda gözüm» ýaly setirler bolsa şahyryň barypýatan panteistliginiň subutnamasy-dyr. Panteistler Hudaýy inkär etmeseler-de, olaryň oňa garaýyşlary yslamyňkynyň bütinleý tersinedir. Olar Hudaýy niredendir, ynsanlaryň görüp, duýup bilmejek ýer-lerinden däl-de, adamlaryň arasyndan-görüp, duýup ýören zatlaiyndan, adamlaryň hut özlerinden, gepiň gysgasy, göze gömüp duran dünýäden, tebigatdan gözläpdir-ler. Hurufistler, aýratyn-da, NaýymydyrNesimi panteizmi ösdürip, adamy Hudaýyň derejesine ýetiripdirler. Mysal üçin, hurufizmi esaslandyryjy Naýymy diňe bir har-plary (hurufy), ýagny arap elipbiýini düzýän harplary keramatlaşdyrmak bilen, ynsanlaşdyrmak, hudaýlaşdyrmak bilen çäklenmändir. Onuňça, her bir zat-Hudaý, her bir zat-harp (huruf), her bir zat ynsan we her bir zat dört maddy elementdir. Na-ýymy, umuman, harplara adam bilen Hudaýyň arasyndaky köpri hökmünde garap-dyr. Doly elipbiýi bolsa hem Hudaýyň, hem adamyň keşbini özünde şekillendirýän zat hökmünde häsiýetlendirýär. Şonuň üçin ruhanylar ony «kapyr» hasaplapdyrlar, şol zamanyň diniň güýçli täsirindäki hökümdarlaryň «eli» bilen ýok edipdirler.

Naýymynyň iň ýakyn dosty hem zehinli şägirdi Nesimi öz eserlerinde hurufylygy ündän hem bolsa, şahyr şol pikirleri Naýymyda bolşy ýaly gaýtalaman, özboluşly bir pähimdar hökmünde döredijilikli çemeleşip, olary ösdüripdir, kämilleşdiripdir. 0l kä goşgularynda:

“Eger ki janda sen, janda nahan sen,

Ki jandan aýry ýok sen, belki jan sen?!”

diýip, birbada özüni Hudaýyň nämediginden, nähilidiginden bihabar adam hök-münde görkezse-de, soňabaka:

“Niçe gözledim senden meni çün,

Yene kim bakaram, anda aýan Sen”

diýip, ol hakdaky pikirini çugdamlap başlaýar, Hudaýyň düýp manysyna düşün-meklige golaýlaşýar. Şahyr kem-kemden özüni Hudaýa, Hudaýy hem özüne golaý-laşdyryp ugraýar:

Görünen sen, gören sen gözümden,

Söýlemezsen weli, külli lisan sen!

Mundan: «Meniň gözüme görünýänem sen, ony görýänem sen. Şonuň üçin özüň sözlemeýän-de bolsaň, sözleýänleriň, ýagny ynsanlaryň ählisiniň sözi seniňkidir» diýen pikir aňlanylýar. OL bu pikirini: «Hak maňa söz sözledi, emr etdi, menem sözledim» diýmek bilen, has hem aýdyňlaşdyrýar. Ol şeýle diýmek bilen özüni ýazgarýan, «hiç bir zat Hudaýdan bidin bolup bilmez» diýen pikire uýýan zahytlara ýüzlenip: «Bu zatlary Hudaý meniň kalbyma salýar, şonuň emri bilen-de aýdýaryn. Ýeri, munda meniň nähili günäm barmyş?» diýýär. Bu ýerde ol özüni sözlemeýän, külli lisan bolan Hudaýyň dili hökmünde häsiýetlendirýär. Käte bolsa ol özüni onuň gulagy, gözi hasaplaýar. Şonuň üçin ol: «Kazylar pitiwa beribän, hakny batyl kyldylar» diýmek bilen, özüni ölüme höküm eden dindarlaryň Hudaýy kör goýandyklaryny aýdýar.

Görşümiz ýaly, “Hudaý” diýen düşünje onuň eserlerinde bardygyça aýdyňlaşyp gidip otyr. Şu jähetden onuň şeýle bir rubagysy örän ähmiýetli:

Hak-tagala adam ogly özüdir!

Otuz iki Hak kelamy-sözüdir!

Jümle älem, bil ki, Alla özüdir,

Adam-ol jandar ki, Güneş ýüzüdir!

Şahyryň başga bir rubagysynda aýdylyşy ýaly, “jümle eşýadan” ybaratdyr:

Suraty-hakdan yşaratdyr ýüzüň,

Ähli töwhide beşaratdyr ýüzüň,

Haj-u, ehram-u, zyýaratdyr ýüzüň,

Jümle eşýadan ybaratdyr ýüzüň.

Ýöne, bu pikir käbir pelsepeçileriň aýdyşlary ýaly, onuň Hudaýy düýbünden inkär etdigi däldir. Ýok, ol näçe belende galan-da bolsa, şindi muňa ýetip bilmändir. Gysgasy, ol Hudaýa däl-de, şol galp düşünjä garşy.

Hak maňa söz sözledi, emr etdi, menem sözledim,

Sözledim dessan edip, älemde derkar etdiler”.

diýen ýaly setirlerinde bolsa şahyr özüni Hudaý bilen bendeleriniň arasyndaky bir zat hökmünde görýär.

«Adamy hem Hak, hem ynsan eýleýän», ol ikisini bitewülikde göz öňüne ge-tirýän beýik şahyr bu zatdan baş çykaryp bilmeýänlere: «Eý haka muştak olan, ol seniň özüňde ahyryn» diýýär:

Bolmuşam haky, «Enel-hak» söýlerem,

Hak-menem, hak mendedir, hak söýlerem…

Şular ýaly pikirlerden soň ol aç-açan: «Hak aýan oldy, geliň, haky görüň!» diýip, onuň özenine göz ýetirendigini yglan edýär».

Ynsanperwer şahyr adamyň mertebesini beýgeltmek üçin, dindarlar ýaly ony asmana – «Hudaýyň ýanyna» ýollaman, tersine, Hudaýyň dindarlaryň ony otur-dan ýerinden aşak, adamlaryň arasyna düşürýär. Şeýlelikde, ony her bir adamyň keşbinde görýär.

Beýik şahyiyň bu pikirlerinden iň uly keramat hem, ony şol ululygynda döredýän hem Adam diýen netije gelip çykýar. Şu getirilen mysallardan dogry neti-je çykaryp, mantygyň dili bilen aýdanyňda bolsa, Hudaý bütin tebigatdyr. Diýmek, tebigat Hudaýdyr. Ynsanlar-da tebigatdaky barlygyň iň ösen gömüşidir. Diýmek, ynsanlar-da Hudaýdyr. Menem ynsandyryn. Diýmek, men hem Hudaýdyryn. Nesiminiň pelsepesi şeýledir. Bu şeýle halka emele getirýär: Hudaý-tebigat-ynsan-men-Hudaý. Ine, ruhanylaryň Nesimini Hudaýy iňkär etmekde aýyplamak üçin «Nesimi» hiç hili Hudaý ýokdur, Hudaý mendirin «diýýär» diýip, ýazgarmaklary hem şunuň bilen baglanyşyklydyr.

Seýit Nesiminiň şygryýetiniň uly bölegi söýgi meselesine bagyşlanypdyr. Şahyr söýgüden söz açanda, kämilligiň iň belent basgançagyna çykýar. Söýgüliň hakda, oňa guwanjyňy, begenjiňi, buýsanjyňy Nesimiden gowy beýan etmek müm-kin däl ýaly bolup görünýär:

Merheba, hoş geldiň, eý janu-jahanym, merheba!

Eý, şeker leb, ýary şirin ruzugärim, merheba!

Gün lebiň jamy jem oldy, nefhaýy ruhul-kuds,

Eý jemilim, eý jemalym, bähri-känim, merheba!

Köňlümä, hiç senden özge nesneýi men görmedim,

Suratym, aklym, akylýetim, jismu-janym, merheba!

 

Eý melek suratly dilber, jan pidadyr ýoluňa,

«Lahmiike lahmi» diýdi, janym-jahanym, merheba!

Geldi ýarym, hulk ile sordy: “Nesimi, nije sen?”

Merheba, hoş geldiň, eý, ruhy-rowanym, merheba!

Nesiminiň gahrymany söýgi duýgusyny howaýy sözlerde däl-de, bu beýik söze mynasyp, onuň içine siňip, bu ruhy ahwalaty iň näzik duýgularyň beýanynda açyp görkezýär. Duýgyny ýöne beýan etmeýär-de, açyp görkezýär. Duýgyny aýdyp däl-de, görkezip bolýandygyny subut edýär.

Şahyr Hudaýy «ynsanlaşdyran» we ynsany hem onuň deňine ýetirensoň, on-dan (Hudaýdan), onuň «keramat» we «gudratlaryndan çekinip duranok. özüniň taryplaýan gözeline – söýgülisine «sen ezeli jan hem janan» diýýär. Diýmek, ol gözel adam döremezdenem öň, Hudaý bilen bile dörän janan. Onuň yşky-ruhy-edebi jan. Onuň ýüzi Hudaýyň öýi-Käbe, Allanyň fazly (mähri, merhemeti). Zülpi-kybla, iman. Onuň keşbi-Hudaýyň arşdaky mekany, mukaddes kitap hasaplanýan Kuran. Ol Hudaý, pygammer ýaly keramat:

Eý ezeli jan ile jananymyz,

Yşky-ruhuňdyr ebedi janymyz.

Käbe ýüzüňdir bize, eý fazly-hak,

Zülpi-ruhuň kyblaýy-imanymyz.

Perde ýüzüňden göter, eý, suratyň,

Arşy-ylahy ile Kuranymyz.

Jan nije terk eýlesin, eý jan, seni,

Çiinki janym jany sen, eý janymyz.

Sureki allahy-aly müşgüle Uşta nebisiň sözi burhanymyz.

Owwalu-ahyrda ýiizüňdir ýüzüň,

Suraty-Alla ile rahmanymyz.

Ynsanperwer şahyryň eserlerinde öwüt-nesihat häsiýetli setirler hem köp. Olarda Nesimi şu hakyky dünýäde wagtyňy hoş geçirmegi ündeýär:

Bir-iki-üç gün jahandyr jaýy keşt,

Peýda kylmaz ki geçdi-der güzeşt.

Dert ile sen özüňi kylma melul,

Şadyman ol kiinçeçe hefti-ýu keşt.

Nesiminiň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynda öňe süren asylly pikirleriniň biri-de dogry sözlülikdir. Şahyr dogry sözlülige, pähim-paýhaslylyga uly sarpa goýýar:

Hak sözi, gör kim, nije dürdänedir,

Hak sözi bilmeýänler haýwandyr.

Jahylu- nadan ne bilsin danaýy,

Danaýy dana bilur kim danaýy.

Şahyr: «Kim ýalan sözlese, ol jeza sezewar bolar. Dogry adamlara dogry söz ajy däldir» diýen pikiri köp gaýtalaýar. Özi-de bolgusyz zatlara gümra bolman, dünýänift, durmuşyň syrlaryny öwrenip, özgerdiji, işjeň göreşiji, dörediji bolmaga çagyrýar.

Beýik akyldar hem uly söz ussady Seýit Nesiminiň ady özüniň gulluk eden ynsanperwer mesligine çäksiz wepalylygy, birsözlüligi üçin agyr jeza döz gelip, mertlerçe wepat bolan adamyft nusgasy-nyşany hökmünde asyrlarboýy ýaşap gelýär. Nesiminift pajygaly ölümi, ol barada aýdylýan halk rowaýatlary hiç wagt hiç kimift ýadyndan çykanok.

Nesiminift beýik ynsanperwerlige ýugrulan şahyrana şygryýeti onuft özünden soňky ýaşan köp şahyrlaryft döredijiligine güýçli täsir edipdir. Nowaýy, Baýram han, Garajaoglan, Andalyp, Magtymguly, Şeýdaýy, Magrupy, Gaýyby, Zelili, Mollanepes, Misgingylyç we başga-da ençeme türkmen şahyrlary Nesiminiň goşgularyna nezire ýazypdyrlar.

Türkmen klassyk şahyry Nurmuhammet Andalyp Seýit Nesiminm pajygaly ykbalyny hertaraplaýyn öwrenip, «Nesimi» diýen taryhy poemasyny ýazypdyr. Nazar Gullaýew rubagylar toplumyny hem-de «Nesimi» dramasyny ýazdylar.

Türkmen klassyk şahyrlarynyft köpüsiniň eserlerinde, «Nejep oglan» des-sanynda, köpsanly türkmen halk rowaýatlarynda Nesimi, onuň pajygaly ölümi gy-nanç bilen ýatlanýar.

Seýit Nesimi barada häzirki zaman türkmen ýazyjy-şahyrlary hem dürli žanrlarda eserler döredýärler. Zehinli şahyrlar Italmaz Nuryýew «Rowaýat», Ata Atajanow «Nesimi» goşgularyny, Annaberdi Agabaýew «Sorag alamaty» poe-masyny ýazýar.

Nesiminift edebi mirasy häzirki wagtda hertaraplaýyn öwrenilýär. Nesimi ba-rada ençeme ylmy makalalar, ylmy işler ýazylýar Zehinli alym, belli edebiýatşynas Nazar Gullaýew Nesimini türkmen edebiýatyna gaýtaryp berdi. Ol Nesiminiň döredijiligini ylmy taýdan ymykly Öwrenip, onuft ilkinji «Şygyrlar» ýygyndysyny 1972-nji ýylda çap etdirip, halk köpçüligine ýetirdi. Şahyryň eserleriniň üç tom-lugy Rahman Rejebow we Şamuhammet Gandymow tarapyndan taýýarlanyp, 1994-nji ýylda çap edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzda hormat-ly Prezidentimizifi ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy sütünlerinift, köne däp-des-surlarynyň günsaýyn ösdürilýän döwründe gadymy hem orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyrlarynyft ýadygärlikleri hem ebedileşdirilýär. Halkymyz Seýit Nesi-mä, onuft ölmez-ýitmez eserlerine ýüreklerinde orun berip, ýurdumyzyft paýtagty Aşgabadyn iň gözel ýerleriniň .birinde şahyryň heýkelini goýdy, bag hem köçelere onuň adyny dakýar

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика