Täze ýyl arzuwlary – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Täze ýyl arzuwlary – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

1

Ýagysyn ýagmagy basarsy ýaly,
Aý, Günün dogmagy basarsy ýaly,
Derýalan akmagy basarsy ýaly,
Ýyldyrymyn çakmagy basarsy ýaly,
Bizin hem (bolsak-da haýsy hünärde!)
Ýagmagmyz,
Akmagmyz,
Çakmagmyz gerek.

…Köçe suwlaýanlar ýuwsun köçäni
Her gün iki gezek.
Belki, üç gezek.

2

Jaý gurýan adamlar
döwletin beren
Ähli çüýün, renkin, hekin, sementin
Sol jaýa sindirsin. Birje gramyn
Ne-hä artyk goýsun, ne-de kemeltsin.

3

Zat satýan adamlar
döwletin beren
Matasyn, esigin, çäýnek, çemçesin
Magazinde satsyn, ýasigi bilen
Jygyllygyn, howlusyna göçmesin.
Nebis diýilýän zat çenden geçmesin,
Geçse –
ýuwutjak ol bogaz düýäni.
Men bir magazinin müdirin bilýän,
Bogaz düýäni däl, bogaz dünýäni
Ýuwutmaga taýyn. Elleri ýetse –
Aýy hem goparyp, bazarda satjak.
Halal zähmet bilen gabarsyn gapjyk,
Halal nygmat bilen bugarsyn saçak.

4

«Žiguli»
jüýje dek kopelip barýar –
Kelpezin ölümi, akyllyn bagty.
Sowulyn, ýene-de bir kelpez gelýär.
Isi gyssag borly saklaman ýigdi.

Onýança manlaýy betona degdi.
Üç çagaly maral ýas tutdy ertir…
Masyn artdygyça – paýhas köpelsin.
Masyn artdygyça –
Artmasyn ýetim

5

Täze ýyl
dogulsyn münläp ogullar,
Dogulsyn, dogulsyn,
Has köp dogulsyn.
Ýöne kiçi-girim ogullar däl-de,
Hemmesi-de goçak ogullar bolsun.
Munça goçak ogul sygarmy dünýä?
(Meger, bu arzuwym juda çökderdir)
Goç ogullar üçin ýer darlyk etmez,
Dünýä sygmaýanlar owunjaklardyr.

6

Bir zalym kesel bar.
Adyn tutmaýyn.
Ýok bolsun dünýäden sol zalym Kesel!
Ol hakda etmäýin artykmaç gürrün –
Gürrün etsem, münläp ýaralar erser.
Onun garsysyna ne tankyt gerek,
Ne-de gosgy gerek, ne-de bir gürrün.
Dine derman gerek. Olam tapylar –
Edil sitromon dek satylar bir gün.

7

Täze ýyl
seýle bir lukman ýyl bolsun –
Nesilsiz ojaklar bolsun nesilli.
Önelgesiz enän, perzentsiz atan
Çökgün göwünlerne insin teselli.

Namut sallançaklar,
Namut gujaklar,
Tukat öýler bolsun «jagyl-da-jugul».
Enän her dyzynda bir gyz otursyn
Atan dyzynda-da sonçarak ogul.

8

Aýlar, ýyllar seýdip geçisip barýar.
Ynha ýene bir ýyl gerdene mündi.
Gutardy ýene bir kalendarymyz –
Hiç mahal, hiç mahal dolanmaz indi.
Dünýäde satlyk-da, hasrat-da ýetik.
Bir adam dogulýar, bir adam ölýär.
Ömür hem, Ölüm hem çalsykly çemçe.
Gije gelinýär-de,
Gündiz gidilýär.
Dünýä aglap inýäs.
Gidemizde-de
Ýene agy bilen ugratsyn il-gün.
(Täze ýylyn gözel bosagasynda
Neçün ölüm hakda oýlandyn, göwün!)

9

Bu gün satlyk gerek, bu gün saz gerek.
Sowhun, gülki gerek. Ýasasyn gülki!
Äleme inende adam diýen zat
Bir uly gülküden döränmis ilki.
Mydam ganymyzda at çapsyn gülki.
Gülkä düsünýänlen artsyn hasaby.
Gülkä gülüp,
aga aglap bilmese –
Geýim dek kirlärmis adam ynsaby.

10

Ullakan stolmy,
Kiçijik stol,
Uly stanokmy,
Kiçi stanok –
Haýsynyn, basynda zähmet çeksek-de,
Dünýäde bir postdan ýokary post ýok –
Adamkärçilikden ýokary post ýok.
Sol –
su günün, ertän in uly posty.
Kimde-kim sol posta mynasyp bolsa –
Hem özünin
hem-de ilinin dosty.
Miras bolup geçsin nesilden nesle
Adamkärçiligmiz, ýagsy gylygmyz.
(Su günki ýaslygmyz bisüwit geçse –
Biweç bor ertirki ýasulylygmyz).

11

Göründi Hil atly bäsýyllygymyz.
Gülletsin ol, has-da gülletsin ili.
In ýokary sorta mynasyp bolsun
Hem Harydyn
hemem Ynsabyn hili.
Ol ikisi – biri-birine bagly.
Ynsap mürrük bolsa, Harydam mürrük
Täze ýyl arzuwym: zähmet adamsy
Mürrük ynsap bilen bolmasyn särik.

Bir mahalky uly batyrçylyga
Bu gün talançylyk diýip-de bolar.
Bir mahalky uly dogruçyllyga
Bu gün ýalançylyk diýip-de bolar.

Batyrçylyk bilen dogruçyllyga
Döwür berýär käte täze bir many.
Bu gün in ullakan gahrymançylyk
Gorap saklamaly ynsan ynsany.

Ogul – poema Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика