Ýazgül hakynda oçerk – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Garabekewülli gyz Ýazgül Ýagmyrowa her
günde çärýek tonna pagta ýygýar.
Gazetlerden

I

Ynanmadym bir bada, «syry» bardyr öýütdim,
Seň ýanyňa ýörite
Aşgabatdan gaýytdym.
Gujak açan badyna Seýdiniň doglan ýeri,
Çogup çykdy mekdepden obanyň oglanlary.
Durup-durup synladym guwandym boýlaryna,
Rozyjyk hezil berdi ýetýänçä öýlerine.

«Ýazgülüň uçastogy nirede?» diýsem oňa,
«Nowruzlaň ýanda!» diýip, jogap gaýtarýar maňa.
«Nowruzlaryň oýüni nädip tapaýyn» diýsem,
«Ýasliň ýanynda» diýip, içimi ýakýar eýsem.

«Ýaslini tapýan adam sorarmydy Ýazgüli,
Nowruzlaram, ýaslinem bilemok!» dýýýän weli,
«Şonam bileňok» diýip, jykyrdap gülýär gaýta,
Ahyry eýdip-beýdip, çintgeläp gaýta-gaýta,
Tapdym seniň ýanyňa gidilýän uly ýoly,
Ýol boýy-da öz-özüm ýylgyrdym çaga ýaly…

Ýasliniň gapdalynda düşürip günortany,
Ahyry tapdym seniň gunduz ýaly kartaňy.
Müňläp ýerden ýylgyryp, garşylanda baglygyň,
Gök tutlugyň içinden çagyrdy al ýaglygyň.

Birden büküdip barýan fartukly pyýadany
Gördüm-de, sakga durdum. Çiglik gitdi göwnüme.
Diýdim: «Belki, şu adam ýygyşýandyr pagtany!»
Ýene bir çigin düşdi müňkürligmiň düwnüne.

Ýöredim ýuwaş-ýuwaş, sen tarapa ýöredim,
Ýaňky adamy tanap, ýene mum dek eredim.
Görsem, bu-la özüm dek habarçy-müňkür eken.
Muny hem idip şol «gara» pikir eken.

Diýdi: «Güýmemäweri, kyn işe goşdum başym,
Ümüş-tamyşdan bäri şol ýük daşap ýorüşim,
«Ýazgülden başga adam girmesin pele diýip,
Fartuklaryn daşaýyn gerdenim bile» – diýip,
Prawlenýaň öňünde ýaka ýyrtyp söz berdim…
Hawa… Ilki, başlamda, maşyn ýaly ezberdim.
Ynha öýleden bäri, eger ynansaň gepe,
Daşap ýetişip bilmän, masgara bolýan, şepe!
Müňkürlik gurap galsyn! Seret edýän işime!

Ynha hallanlap ýörün şol daňdanky gelşime».
Gulagna çen sümrüpdir sypal panamasyny,
Tutuş pamyk bolup dur depesiniň gasyny.
Dodaklary kepäp dur gany sorulan ýaly.
Irden syran sakgalam öňňun syrylan ýaly.

Kärdeşimiň naýynjar burlup durşun göremde.
Degirmenden çykan dek kümüş gerşin göremde,
Golaý-golaý ýanyna süýşen bolup has içgin,
Ganyn gyzdyrjak bolup, bälçiredim bilgeşlin.
Diýdim: «Berýän peýdaňdan köp ýaly-la zyýanyň,
Tutuşlygna pagta-la, gardaş jan, endam-janyň.
Ilki bilen üst-başyň pamygny bir çöpläli,
Näçe zyýan etdiňkäň şony bir hasaplaly!»

…Salam berip baramda, eý gyz, seniň ýanyňa,
Gabak-da galdyrmadyň habarçy myhmanyňa.
Ýerden syzyp çykýan dek jogap berdiň assaja,
Habarçylaň halyna ýylgyrsaň-da myssaja,
Ýylgyrşyňy ne-hä men, ne-de dostum aňşyrdy,
Diňe goňur gozalar jogap berip ýyrşardy.

Işläp ýören meýdanyň äpet bir howuz ýaly,
Pagtaň giden çöllüge dökülen owuz ýaly.
Sen ony çemçe bilen ýygsaň-da damjalap,
Biz ynha iki kişi sakgal murtumyz sallap,
Daşap ýetişip bilmän taýýar eden «aşyňy»,
Gaýta hondan bärsiräp, agyrdýarys başyňy.

II

Uzyn günlük zähmetiň miwesi synalanda,
Gapan «bilgijiň» ýanda «jüýjeler» sanalanda
Obaňyz çal ýorganyň gerşine bürenipdi,
Seniň pagtaňa meňzäp, ýyldyzlar görünipdi

Birek-birinden beter gürsülleşýär ýürekler…
Täzeguller, Almalar, Ogulbegler, Gerekler
Gyrçuw sakgal çekimçiň töweregin alyp dur,
Ýaňy dogan aý ýaly ýarym halka bolup dur.

Ýaňky iki goşguçam bloknotly, syýaly,
(Hawa, ýazmaly diýseň olar iki paý ýaly!)
Sypaldan telpeklerin jam ýaly tegeleşip,
Uçuklan dodaklaryn ýetişdigne ýalaşyp,
Içlerini gepledip, çekimçiniň daşynda,
Doňup durlar Ýazgülüň ganarlarnyň başynda,
«Näçe borka?» soragyn her kim berýär özüne.
Ganarlar-da gapana münýär yzly-yzyna.

Almanyň güli ýaly Almagül Anna gelýär,
Ganarlaryn süýşürip, gapanyň ýanna gelýär.
«Bir ýüz segsen» diýlende has ýagtylyp jemaly,
Akja dişi görünýär gozaň açylşy ýaly.

Oguldurdy gapana pagtasyny goýanda,
Çekimçi murtun towlap, «Bir-ýüz ýetmiş» diýende,
Ýazsoltan-da pagtasyn bärik-bärik süýşürýär,
Aksoltan-da ganaryň üst-üstüne üýşürýär
On bäş jora ýylgyryp, on bäş ýerden bakyp dur,
On bäş ýürek gürsüldäp, on bäş ýerden böküp dur.
Bu ýürekleň hemmesi seniň ýaryşdaşlaryň,
Bu ýürekleň hemmesi düýnki klasdaşlaryň.
Klasyňda sypdyrman her gün alýarkaň bäşlik,
(Okuwda-da, işde-de mydam bar-da bäsdeşlik!)
Olaň-da seň yzyňdaň ýetjek boluşy ýaly,
Häzir-de seň yzyňdan ýetmek olaň hyýaly.

«Ozallar bäşlik üçin göreşseler klasda,
Bu gün on bäşlik üçiň göreş gyzgynly has-da.
Garasaý, bir ýanynda hemişe bardyr bäşi!»
Diýip, loh-loh gülende goja çekimçi wäşi,

«Bu-da bäş!» diýýän ýaly, süýşürdiň bäş ganary.
(Bir günki ýygan pagtaň maýyrjak bir ineri!)

Çekimçimiz görende ganarlaryň bäşini,
Gözläberdi gapannyň has ketderäk daşyny.

«Iki ýüz kyrk» diýdi-de, ýylgyrdy Nazar aga –
Ýöne ygtyýar beriň onjasyn artdyrmaga!»
Diýip, synymdan çekip, ýagyrnymdan gujaklap,
Asyl yzyny üzmän gülüberdi jak-jaklap.
– Haw, adamlar, serediň munuň üsti-başyna,
«Saýawannyň» etegne, jübülerniň daşyna.
Şu pamyklaň hemmesin çöpleseň ýeke-ýeke,
Ana, size on kilo!
Joşup duran märeke
Agyzlaryn tutuşyp, assyryn pyňkyrşanda,
Ýaz güli dek açylyp, sen-de ýylgyrdyň şonda.

III

Hanha, ýene ilerden brigadir gelýär weli,
Ýanyndaky äýnekli şahyr bora çemeli.
Belki, ol-da gelýändir dogry seniň ýanyňa,
Hoş Ýazgül, rugsat ber, irizen myhmanyňa,
Ol hem müňkürlik edip, pagtaňy daşajakdyr,
Günorta ýetip-ýetmän ýeňsesin gaşajakdyr.
«Gardaş, kömekleş!» diýip, hökman ýakamdan tutar.
Mürehede ýakyndyr, ýükün arkama atar.
Indi men-ä düşündim çärýek tonnaň syryna,
Ynanç bilen ýüklenip müňkürligmiň ýerine.
Hoş, Ýazgül, rugsat ber, men yzyma gaýtmaly,
Gören zatlarym hakda görmedige aýtmaly.

Ýene täze ýeňişe äkitsin kolhoz ýoly,
Maňlaýyň-da ak bolsun öz ýygýan pagtaň ýaly.

 

Ýaýlaklary bar – Kerim Gurbannepesow (goshgusy) goşgusy.

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *