Ýürek poemasy – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

Ýürek poemasy – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

«Pylanynyn ýerinde bolan bolsam, köp
zatlary düzederdim…» «Ýok, her
haýsymyzyn öz ornumyzda näme is edip
biljekdigimiz hakynda
oýlanmalydyrys.Men näme üçin
doguldym? Adamyn bütin ömri su
soragyn jogabydyr.
(Okyja hatdan)

Bir basyn bar, mün isin bar dünýäde,
Mün sükür! Ýykylyp galmaýsyn besdir.
Baryna ýetmeli paýy-pyýada,
Tigirçek hökman däl –
Su köwsün besdir.

Bir köwsün tozdumy – ýene bir köwüs,
Ikinji tozdumy – üçünjä çalys,

Ýekeje hünäre ýöretsen höküm –
Iline bergidar bolmaýsyn besdir.

Sowal berdi student gyz Roza:
«Puskin ýaly haçan ýazjak proza?»
Jogap berdim: «Ili goýman azara,
Gosgymy onarsam,
Sol isim besdir!»

Ýene biri diýdi: «Misli, Pyragy,
Sözlen merjeninden döret bir dagy!»
Men diýdim: «O zatlar möçberne bagly,
Dag däl,
Menin üçin bir dasam besdir!»

Nanyny
gosgudan berse-de ykbal,
Gosgudan ön
adam bolmagyn hökman
Sygyr bilen uly ynsap birikmän –

Sahyr-da, ynsan-da bolmaýsyn besdir.
Ak bilen garadyr garagyn renki,
Solan haýsy senin ýüregin renki?
Birisini saýlap, diýme, «Su menki!»
Iller aýdar –

Birje ýylgyrsyn besdir.
Ömründe etdinmi kisä bahyllyk?
(Ili bahyllykdan gorar sahyrlyk!)
Dünýäde bir müýnün – asyk Tahyrlyk.
Täk däl,
Gosa söýgä ýugrulsyn besdir.

Nirelerde ýörsün ilkinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyn gyzlaryn tugy?

Gumdan owaz geldi «Eý, yskyn ogly,
Men bar.

Ýöne mana… guwansyn besdir!»
Nirelerde ýörsün, ikinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyn bagtymyn bagy?
Öýmüzden ses çykdy: «Eý adam ogly,
«Söýýän! Söýýän!» diýip,

Ýanrasyn besdir!»
Birisi Säherin, biri Guslugyn,
Biri Oglanlygyn, biri Ýaslygyn.
Birinjisi – dine salamlasdygyn,
Ikinjä

Ömürlik baglansyn besdir.
Seýdip pähim ýygnap söýgüden söýgä,
Ýetdin on üç sany gülälek çaga.
Solardan bäsisin gömüp ak çägä,
Bäs gezek

Gizlenip aglaýsyn besdir.
Gülüber, isläber, saýraber, sahyr.
Hyjuwyn hiç haçan bolmasyn ahyr!
Bäsinji müçede diýdirip jahyl,
Dünýänin mährinden

Doýmasyn besdir.
Kalp däldir mähirsiz, söýgüsiz kalp
(Beýle kalp ýa bosdur, ýogsa-da galp!)
Bir uly ýygnakda ör boýna galyp,
diýdi biri

«Sahyr, saýrasyn besdir!»
Söýgüsiz onmandyr, onmazam ýürek.
Ýöne gapdalynda ýigrenjem gerek.

Ogra-jümrä, egrä gelende gezek,–
Diýdi ol ýöwselläp,
Ýygrylsyn besdir!»

«Örän dogry! – diýdi yzdan bir gelin
Näm üçin henizem ýatanok galyn?
Agam on ýyl ozal karz alan pulun
Henizem üzüp ýör…
Duýmasyn besdir!»

Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror.
Ýöne igenmäge gelnin haky bar.
Senin söz diýilýän ötgür okun bar,
Atjak-atjak bolup,
Giç galsyn besdir.

Sygyr atylmaly! Ýenmeli sygyr!
Sona arkalanýar her köýen bagyr.
Döwrün arkasyna düsen her ýagyr
Sondan em almaly!
Ýalnysyn besdir.

Söýga çürsen bolsa oýkenin ýary,
Indi il derdinden çürsmeli bary.
Ykbalyndan nalap çekmegin zary,
Seýleräk täleý
Saýlasyn besdir.

Sygryny dokuz aý bagrynda sakla,
Sondan son stolun üstüne okla.
Gygyryp dogur-da,
gygyrman oka,
Doglanda
Gygyryp dogulsyn besdir.

Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görip!
Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp,
Tüýs baryp ýatany –
Su bolsun besdir.

Ýalanaç, aç-suwsuz galmasan gatap,
Soranlara diýsen: «Aý, bardyr bir tap…»
Bir stol, üç keçe; iki mün kitap –
Basga zat gerek däl,
So gosun besdir.

Islände islesen öz basyn bilen,
Gyslanda gyslasan öz gysyn bilen,
Disläni dislesen öz disin bilen –
Gädijegem bolsa,
Öz disin besdir.

Dis hakda, ýas hakda irräk-le heniz!
Seret, bagyn içi säher dek tämiz,
Han-ha iki gelin, ýene-de üç gyz
Sana lak atýarlar.
Su ýasyn besdir.

Joralan bäsisem misli gül-çeçek.
Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek:
«Sahyr, büküljiräp ýöreme entek,
Sen garrama,
Dünýän garraýsam besdir!

Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan,
«Dinden çyk – diýlipdir – çykmagyn
ilden!»
Oturdym, gülüsdim… Perisde däl men,
Adamdan doglupdym.
So dogsum besdir.

Diýdiler: «Okap ber ýekeje gosgy!»
Okadym. Göterdi päkligin ysgy.
Dinlenilýän wagty okanyn ýagsy,
Näzini artdyryp,
Gomalsyn besdir.

Goý, ýaslyk mährinden güýç alsyn ýürek,
Ikisin okap ber
bir gosga derek.
Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek:
«Hos, gyzlar,

Biderek güýmesim besdir!»
Öýmüze ugradym. Säher lälezar.
Mün bagtly ýigit bar, nowça läle bar,
Olar ne geýme zar, ne-de bala zar,
Guwanyp,

Gin köçä sygmasym besdir.
Ak säher gök baga basyrnyp otyr,
Ilerde Köpetdag keserlip otyr.
(Asgabat tegelek asyrlyk otyr,
Ýene mün asyra

Gol bersim besdir!)
Gündizler abadan, gijeler tämiz.
Kempirler owadan, gojalar eziz.
…Gök gapyn agzynda gulpaklyja gyz
«Waý!» diýip gygyrdy.

Ylgasym besdir.
Bir görsem murtluja dodagyn gemrip,
Ogly
atasyna çenäp dur ýumruk.

Ýigidin ýumrugyn yzyna ganryp,
Görejine bakdym:
Donmasym besdir.

Göreji buz ýaly, gaslary gara.
Boýy iki metr, saçy üç sere.
Masynyn dyrmalap seretdi ýere.
Ene hünürdedi:
«Dogmasyn besdir!»

Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy.
(Erkekde beýle zat görmändim sindi!)
Su nokatdan eýläk geçmäýin indi,
Siz gyýylman,
Menin, gyýylsym besdir.

Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza,
Ýogsa ýüregimde galar bir yza.
Ata el gatana
gözlense jeza,
Jezalan
Ulusyn saýlasym besdir.

Ýene ýola düsdim. Ýagtyldy köçe –
Göründi uzakdan aksakgal goja –
Miweli agaç dek eglip çalaja,
Gelýär ol,
Nurundan ganmasym besdir.

Tanaýarmyn ýa-da tananokmy sen –
Bisalam geçmäge dälsin hakly sen.
Saçyn çalarsa-da,
düýnki tokly sen.
Gudraty
Ýüzüne sylmasyn besdir.

Ugradym.
Göründi ýene bir günes –
Ak saç ene gelýär ak bagta menzes.
Ýuwas! Ýuwas! Akja «Žuguli», ýuwas!
Ene geçsin! Ýolun baglasyn besdir.

Akja torbasynda käsirmi, sogan,
Ene gelýär! Önün kesmek gadagan!
Nirä sürnüp barýan, taksiçi dogan?
Dogranyn kimdigin
Bilmeýsin besdir.

Çyralaryn ýakdy ýüz ýasly säher.
Gyzlaryn deminden döränmis säher.
Ýöne säher
näçe bolsa-da ýeser,
Agsamy-da
Pesde goýmasym besdir.

Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna –
Gabaklary ýüpek, ýanagy hurma.
In eziz, in tanys
ys urdy burna,
Bas Söýgimi ýatlap,
Köresim besdir.

Gözleri-de tanys, gasy-da tanys,
Gin alny-da tanys, disi-de tanys.
On sekiz – on dokuz ýasy-da tanys,
Kesbin görüp,
Sagga derlesim besdir.

Ädiminde galp ýok, sözünde ýalan,
(Asylly enänin sapagyn alan!)
Megerem, bir ýerden okuwa gelen –
Galam-depderinden
Çenlesim besdir.

Bir golundan tutup ýandaky joran,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soran, eý, agaçlar,
so gyzdan soran!
Kesbi tanys!
Tanap bilmesim besdir.

Agaçlan birinden çykdy bir owaz:
«Sahyr, basky Söýgin balasy sol gyz!»
So bada ýüregme girip bir nyýaz,
Esli wagt
Özüme gelmesim besdir.

Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip.
Söýjek ýigit,
sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Menin jowransym besdir!

Barýar topar-topar gyzlar-gelinler.
(Säherliler hem-de myhman gelenler).
Söýgüden aglanlar ýa-da gülenler –
Haýsynyz köp?
Size ýüzlensim besdir.

Dymyp geçip barýar gözellik sili,
Her gözel – bir bagtyn sütüni ýaly

(Sütünler saklaýarWatany, ili!)
Solarsyz
Ýetim dek müzzersin besdir.

Josup Gözelligin tolkunna görä,
Ýöräber ýaslygyn akymna görä!
Çokul diýen zat hem akylna görä
Ykjar eken.
Ozal anmaýsym besdir.

Ön ýanymdan barýar bir harman çokul.
Ýenseden kükäp dur gözdäki akyl.
Ýanyndaky goç hem – duran bir nakyl!
Torannymy ýatlap,
Ýuwdunsym besdir.

Zyýany ýok! Söýüp gyzlan naýbasyn,
Öwrenipdin dünýän dürsün, ýalnysyn.
(Söýmedige düsnüksizdir durmusyn,
Söýen üçin –
Birje dem alsyn besdir).

Dünýäde
sol Aýal sag gezip ýörkän,
Ýüregim dasdandyr, dagdandyr arkam.
Sonun aýak yzy toprakda barkan –
Ýeri agyrtmaga,
Dözmeýsim besdir.

Mydam gözellige dikip nazarym,
Gödekligi nysanama alaryn.
Myssarman, agsaman, kapyýalarym,
Dim-dik ýörän,
Size söýensim besdir.

Bolsa-da myssyklyk, agsaklyk sende,
Eý, gosgym, bolmasyn biparhlyk sende!
Asmanyn astynda, ýerin üstünde
Dine
Biparhlardan eýmensim besdir.

Manlaýy bulutdyr. Nazary demir.
Gülküsi azapdyr. Ýylgyrsy jebir.
Ne-hä roman okar, ne-de bir sygyr,
Gözlerin görende
Demigsin besdir.

Bir maýyp ýykylyp, köçede ýatyr.
Biparhlyk seredip, içerde ýatyr.
Ýürekde rehim ýok, gözde howatyr.
Ýüzüne bakanda
Düwünsin besdir.

Ili ýagy çapsyn – däldir parhyna,
Bir ýurdy ýer hopsun – däldir parhyna.
Gynanmak, guwanmak ýatdyr ruhuna,
Ony düwnük bilen denesim besdir.

Gosgym
çaga däl sen, sakgallysyn sen,
Murtun towlap, orta çykmalysyn sen,
Kimi öpüp, kimi çakmalysyn sen.
Dine sonda sahyr ykballysyn sen,
Ýogsa
Gara saýa degmesin besdir.

Ýamanyn bagrynda döredip azap,
Ýagsynyn ýüregin nur bilen bezäp,
Hol barýan çokullak gyzlara menzäp,
Dikgirdän!
Köwsüniz nallasym besdir.

Ökjelerden gidip çüý dek formalar,
Döräpdir sagyrlak platformalar.
Seýdin-de arkaýyn ýörän, durnalar,
Ýagsy zada
Sizçe begensim besdir.

Den ýarysy asyk, den ýary dogan,
WUZ-dan çogup çykdy ýüz gyz, ýüz oglan.
Gülgün köýnekli gyz, azajyk eglen,
Söz aýtjak!
Arzuwma menzesin besdir.

Sagrysynda owlak gezibermeli,
Gözlerinde balyk ýüzübermeli,
Ýanagyna gosgy ýazybermeli
Sen gyzy
Gelinlik belleýsim besdir.

Jaýyn içindenmi ýa-da astyndan,
Enän sesi geldi ýerin pestinden:
«Iki horjun puly okla üstümden!
Ýogsa gyz ýok! Pulsuz molasyn besdir!»

Gorarys, ene jan, gyzlaryn erkin.
Galyn diýen zadyn bereris merkin.
Belläp onun
üçin,
ýedisin,
kyrkyn,

Son bolsa,
Asyndan doýmasym besdir…
Geçdi gapdalymdan, ýüz oglan, ýüz gyz,
Ädimler edepli, gürrünler eziz.

Ýöne näçe-näçe hile bar heniz,
Içine gir,
Dasdan synlasyn besdir!

Salam berip geçdi tanys bir gelin.
Bagry pide-pide, ýüregi dilim.
Eý, gelin,
asmana ýetýärkä elin,
Söýgi bilen
Gurjak oýnasyn besdir.

Ol ýigide seni çatmandy hiç kim,
Sepbik dek ýelmesdin.
Tirkesdin üç gün.
Dördünji gün derrew sypadyn saçyn,
Bäsinji gün
Eýýäm aldansyn besdir.

Peseltdin mukaddes mertebäni sen,
Aýlap ýere çaldyn gyz jygany sen.
Indem
basa düsen pajygany sen
Içine sygdyrman,
Aglasyn besdir.

Erkin-ygtyýaryn, elbetde, senki,
Ýöne weli dälsin özün özünki!
Özün –Watanynky, Watan – bizinki.
SeniWatan kimin
Gabansym besdir…

Gepledi Asgabat. Ýanlandy konsert.
Özgert, aýdym, gödek zatlary özgert!
Her gezek tenime girende bir dert,
Dine seni dinläp
Sagalsym besdir.

Tutus bagrym bilen guwanyp ýagsa,
Öýe ýetip barýan din salyp bagsa.
Hiý, su wagtam
signal bolar ogusýa!
Eý, masyn,
Bimahal gugursyn besdir.

Göter, Sahy bagsy, ýene-de göter,
Göter, Çuwal bagsy, ondanam beter.
Göterdiler. Serpaý haýsyna ýeter?
Bir serpaýy
Des-den paýlasym besdir.

Ikisi-de biri-birinden beýik.
(Beýiklen boýuny ölçemek aýyp!)
«Her haýsy bir dagyn örküji» diýip,
Gosa daga
Des-den buýsansym besdir.

Aýdymyn yzyndan ýanlandy bir saz.
Bu niçik gudratka, bu niçik owaz?
(Mylly atam,
gowsat taryny biraz.
Ogluny jadylap
Gynaýsyn besdir).

Onýança ýanlandy ne bir mukam.
Çalýanlan ýüregi hazynamykan?
…Eý açgöz,
sun ýaly baýlygmyz barkan,
Ýene baýlyk gözläp,
Aýnasyn besdir.

Besdir mukam ýerne çislik sygnasyn,
Besdir alkys ýerne gyzyl ýygnasyn,
Besdir ili ütüp, gapa sygmasyn,
Ynsabyny satyp,
Ýognasyn besdir.

Özünki hasaplap il-günün jübsün,
Sokjap, ýara edip döwletin göwsün,
Dost-ýaran tutunyp adamlan pisin,
Halallary
Adam sanmasyn besdir.

Rüstemin önünde – billerin orak,
Asgynyn önünde – kamatyn derek.
Dine agzyn gülýär, gülenok ýürek –
Çannalak dek
Sort-sort ýylgyrsyn besdir.

Jaýyna seretsen – ank edýär nagsy.
(Dasyn görýär, için bilenok gonsy!)
Ýasaýys jaýymy, Sasenem kösgi! –
Nämedigin
Zordan saýgarsyn besdir.

Derwezänin öni – giden çarbaglyk.
Sapyrdap ses edýär howzunda balyk,
Gol çekip alýanyn näçeräk aýlyk?
Ortaça isçinkä
Denlesim besdir.

Emma jamyn gyzyl, çäýnegin gyzyl
Portsigaryn gyzyl, äýnegin gyzyl.
«Näme üçin dälkä köýnegim gyzyl?»
Mün sükür,
Bir sony diýmesin besdir.

Ne ýasda görünýän, ne-de bir toýda.
(Bilemok çal beýnin niçiksi küýde!)
Gonsyn ýas baglaýar, sen bolsa öýde,
Äpisgeden jyklap,
Gözlesin besdir.

Dasyndan seretsen – duran medeniýet
Boýnunda galstuk, egninde žilet.
Eýlände žurnal dur, elinde gazet,
Dine tiražlaryn
Barlasyn besdir.

Öýünde henläp dur
Bäs skaf kitap –
Puskin, Baýron ýatyr das ýaly gatap,
Kerbabaýew dik dur iç-bagry tütäp…
Kitaplaryn dine arkasyn sypap,
Saraýyn goýny dek
Synlasyn besdir.

Okaýan kitabyn dine bir Haýýam,
Sonam öz haýryna ulanýan, haýwan!
«Käte köpräk içsem, käýäýse aýal,
Diýýän – su sahyra
Daýansym besdir!»

Ähli hereketin hasaba görä,
Ýeke gymyldyn ýok ynsaba görä.
Dine içen wagtyn,
kitaba görä
«Içip»,
Haýýamy-da aldasyn besdir.

Güjügni-de öz heninde jöwledýän,
Pisigin-de öz häsiýetin öwredýän.

(Gosgymy-da özün ýaly ownadýan!)
Eý gosgym, belent dur!
Ownasyn besdir.

Seýle pikirleri kalbyma gaplap,
Barýaryn mukama tenimi taplap.
Eý, mukam, dünýäni hapadan saplap
Bolmazmyka?
Jogap sorasym besdir.

Mukam jogap berdi: «Saplarys hökman!
Ýöne çabga ýagmaz ýyldyrym çakman!
Tutus il-gün çaksa hiç zada bakman,
Hapa ýuwlar.
Kän-kän synasym, besdir.

Hapalyk azlykdyr. Tämizlik köplük.
Ýagyberse – durmaz önünde süplük.
Ýagmaýan adamyn nyrhy bir köpük.
Çak, ýag, göres!
Guk-pank oýnasyn besdir!»

Onýança baslandy ýyldyrym ursy.
Birden saglap geldi tomusyn ýagsy.
Dinse ýagsy,
guýsa ondanam ýagsy –
Ak ýagsy
Ak bagta denesim besdir.

Ýaplara gapgarlyp çöp-çalam, hapa,
Çagbanyn güýjünden döredi depe.
Ýene münder-münder ugrady çepe!
Gidiber!
Kenardan çogmasyn besdir!

Çöpler bir-birinin basyndan idip,
Kirler bir-birinin üstünden ädip,
Gitdiler…
Dünýänem ýuwarys seýdip!
Il güýjüne
Umyt baglasym besdir.

Ýagys ýagmasyny etdirýär dowam.
(Çabga, sende güýç bar, akylym haýran!)
Süllümbaý boldum-la! Hany saýawan?
Ýok gerek däl.
Kirden ýuwulsym besdir.

Megerem, gygyrsam:
«Ös, saçym, ös, ös!»
Manlaýma saç biter. Seç, ýagmyrym, seç!
Saçym gögermedi. (Gögermänler geç,
Bir mahal
Telpegme sygmasyn besdir!)

Ýagys dindi. Dünýä gül açdy niçik.
Äpisgeler açyk, isikler açyk.
Bütin säher mawy ekrany açyp,
«Wagty» dinläp otyr.
Säginsim besdir.

Öýmüze çaltrak ýetmeli hökman.
Ýene-de nämeler tapdyka Ak tam?
Pentagon. Neýtron… Ertire çykman
Bir gosgy ýazmaly.
Äwmesim besdir.

Ýetdim köçämize. Garaldy inrik.
Çagalar çapyp ýör gök hyýar gemrip.

Olaryn satlygna bolup den särik.
Gapa ýetenimi
Duýmasym besdir.

Öýe girdim. Derrew towladym «Wagty».
Mawy ekran saçdy öýmüze ýagty.
Diýdi: «Eý, adamzat, geçirme wagty,
Erte giç bor.
Bidert ýaýnasyn besdir! –

Asyryn aýagy – ullakan synag.
Dikeldi dünýäde in elhenç sorag:
«Ýere miras goýjak nähili sylag –
Adammy, kerpiçmi? –
Saýlasyn besdir!»

Sonra howa hakda sözledi diktor.
Tebigatyn erbet howasy ýokdur!
Gökden ajal ýagsa – sol hatarrakdyr.
Eý, Koen,
Ajala çagyrsyn besdir!

Wagsy neýtronyn wagsy atasy,
Belli dälmi sana dünýän kartasy?
Öýün üçin däl-de,
Ýerin ortasy
Üçin
wagsy ogul dogursyn besdir.

Berline çen ölçäp garysma-garys
Ýigrimi milliony edipdik bagys.
Sonça pida bilen öldürlen Urus,
Ýene-de täzeden
Janlansyn besdir!

Birdenkä ýene-de ýyldyrym çakdy.
Göýä bir okean topraga çökdi.
Ýeri aklyk tutdy. Garalyk akdy.
Gudrata
Demsalym analsym besdir.

Çabga kiparlady. Geplesik tamam.
Gapynyn önünde esdildi salam.
Kim bolsan-da derrew girewer myhman,
Bu dünýäde
Sensiz onmasym besdir.

Täze baslan gosgym gutarman ýatyr.
Bu gün ýazylmasa, ýazylar ertir!
Häzirlikçe eziz myhmanym otyr,
Gözlerinden
Gözüm sowmasym besdir.

Ol gitdi. Ýene-de kakyldy gapy.
Ugradanym birdi, gelenler iki.
Birmi, onmy – dendir myhmanyn ýüki,
Çydapdym, çydaryn,
Sag basym besdir.

Ätledi gapydan ýegendir ata.
Derrew gözüm düsdi attestat-hata.
Diýdi: «Hany su ýyl gal-da gaýrata,
Ýegenini okat!
Ýaýdansyn besdir!»

«Okuwlan haýsyna girmekçi ýegen?»
«Köplük nirä bolsa, so ýere-de men…»
Garalawjy boljak! «Onardyn-ow sen,
Bu dünýänin
Önki sögüsem besdir.»

«Näm üçin sol ugra dyzaýar hemme?»
Ata gönüledi: «Gözlüje emme!
Sen o zatlar hakda pikire çümme,
Diýenime «Hos» diý,
Bir «Hosun» besdir».

Diýdim: «Eltäýeli edebiýat, dile?»
Atasy ör turdy çemçesi bile,
«Bälçireme!» diýip, ýylgyrdy çala –
Ol ugurdan
Senin çygylsyn besdir! –

Tapaly ýegene «süýtlüje» zähmet;
Senin bu hünärin duran bir mähnet.
Sonda-da jübin bos, iýýänin don et,
Biz ýasaly,
Senin bogulsyn besdir!»

Atan sözlerine bersem-de jogap,
Özi-de, ogly-da etmedi togap.
(Olar gitdi, ýene baslandy azap,
Ýazyber, üýtgeme,
Öz bolsun besdir!)

Özün üýtgeme-de, üýtgäni üýtget!
Sudur manlaýyna çyzylan kysmat.
Sony basarmasan – gopgunny bes et,
Kyrk ýyllap,
Bihuda samrasyn besdir!

Bas waspyn bolsa-da Gözellik, Gowluk,
Serin gapdalyndan geçmegin sowlup.
Ona öz sözüni aýtmaga howluk,
Aýtmasan ol aýdar,
Giç galsyn besdir.

Watan, baýdak, söýgi, kommunist, il-gün –
Bu bäs sözi parhsyz heçjiklemegin,
Dil-de däl,
kalbynda göterip bilgin,
Olardan
Howa dek dem alsyn besdir.

Sygryn bilen edip olara kömek,
Kömek soramagyn kömegne derek.
Dine mahal-mahal
sanjanda ýürek,
Il-gününden
Kuwwat sorasyn besdir.

Ýagsymy, ýamanmy, sudur ýarasyn,
Göwrän söýgüdendir, bolmaz gargysyn,
In uly gargysyn: «Pälin – ýoldasyn!»
Özüne-de
Pälin – ýoldasyn besdir.

Arzuwyn –
Ýüz ýasa bolmakdyr saýat.
Ýöne uzak ýasdan taparmyn myrat?
Dertlä em bermesen, ejize kuwwat –
Ägirt betbagtlykdyr ýüz ýas diýen zat.

…Il näçe ýasatsa –
So ýasyn besdir.

Gyrgyz ýüregi – Kerim Gurbannepesow goşgusy (goshgusy)

У этой записи 2 комментариев

    1. salam niresinde ýalňyşlyk barka takyk aýdyp bilmersiňizmi? sag boluň aýdanyňyz üçin

Добавить комментарий

Закрыть меню
Яндекс.Метрика