Zähmet – Kerim Gurbannepesow

Zähmet hakda kän setirler ýazypdym,
Zähmet meniň durmuşdaky şygarym.
Zähmet hakda ýene bir söz aýtmasam
Hiç ýetmedi kararym.

Babamyň babasyn öldüren zähmet,
Babamyň özünem öldüren zähmet.
Müň gezek agladyp atam pahyry,
Ömründe bir gezek güldüren zähmet.

Ajal töweregne guranda duzak,
Ýatypdyr geplemän, ýatypdyr uzak.
Iň soňky deminde: «Gidýän hoş galyň!»
Diýip, ýylgyranmyş ýekeje gezek.

Belki-de ol
                 ýatlap altmyş ýaşyny,
Ýatlap çeken gumun, ören daşyny,
Iň bolmanda, ölmezden öň bir gezek
Ýylgyrdandyr ýylgyrmadyk dişini.

Belki-de ol
                şol ýylgyryp bakanda,
Seredendir ýyldyrymyň çakanna.
Öýüň tüýnüginden ýagtyny görüp,
Oýlanandyr ýagty günler hakynda.

Soralmandyr ýylgyrannyň sebäbin,
Özi bilen äkidipdir jogabyn.
Ýene şol jogabyň gapdaly bilen
Äkidipdir altmyş ýylyň azabyn…

Ondan bäri döwür-döwran üýtgeşip,
Toprak, dünýa, ynsan,
                            zaman uýtgeşip,
Şol toprakda çekýän zähmetimiz-de
Boldy ähli zähmetlerden üýtgeşik.

Indi güýjümize güýç goşýan-da şol
Islese ýer ýaryp, dag deşýände şol.
Umyt, ynanç, mähir, muhabbet bilen
Ýag bilen süýt ýaly goşluşýan-da şol.

Indi zähmetimiň hili başgadyr,
Indi zähmetimiň ýoly başgadyr…
Ynsany haýwana dönderen zahmet
Indi bizden ýarym asyr daşdadyr.

Dünýä ýeter ol miweleň lezzeti
Ol miweler – zähmetimiň hezzeti
Şonda-da öz adyn üýtgetmän çykar
Watanymyň «Zähmet» diýen gazeti.

Babalaň zähmeti – zähmete – mähnet,
Biziň zähmetimiz – zähmete – rehnet.
Iki dürli zähmet gördük dünýäde,
Ös, Watan, üçünji zähmete-de ýet.

Isläniňçe işle, isläniňçe geý,
Öz çeken zähmetiň miwesinden doý
Babalaryň çeken zähmetine-de
Nesilleň adyndan ýadygärlik goý!

Üstümizden milýon ýyllar geçse-de,
Zähmet bolar durmuşdaky şygarym.
Zähmet bolar ýaşlygymda mydarym,
Zähmet bolar
                     gojalykda kararym.

 

Goşgy gysgaldylyp alyndy.

Kerim aganyň – Ýatlama goşgysy

Kerim aganyň – Goşgularyma goşgysy

 

“Oýlanma baýry” goşgylar ýygyndysy

Ýürek poýemasy

Enäniň ýaşy

Günämizi bagyşlaýar eneler. Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär. Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy…
Ene balasyna buýurdy ýumuş, Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!» Ýandy ene. Emma ötdi günäsin. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..» Ogly bolsa enä çenedi daşy. «Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul. Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi. «Indi ata bolduň, adam bol, oglum!» Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otuzki gezek, Her gezek gysanda gaçdy bir dişi. Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp, Gaçdy bir ýaşy…

Читайте также:

Добавить комментарий

Ваш e-mail не будет опубликован. Обязательные поля помечены *